Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / 17-nji Fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kasam Kabul Ediş Dabarasy Bolar
17-nji Fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kasam Kabul Ediş Dabarasy Bolar
17-nji Fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kasam Kabul Ediş Dabarasy Bolar

17-nji Fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kasam Kabul Ediş Dabarasy Bolar

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanan hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji fewralda Aşgabatda kasam kabul edip, resmi taýdan wezipä girişmek dabarasy geçiriler.

Ruhyýet köşgünde geçiriljek dabara resmi daşary ýurt wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy. Synçylar hökmünde ýurdumyza gelip, ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem dabara gatnaşar.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-synyň gatnaşmagynda geçen Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlarda saýlawçylaryň 3 million 163 müň 692-si ses berdi. Bu bolsa olaryň umumy sanynyň 97,28 göterimine deňdir.

Ählihalk saýlawlaryň netijeleri boýunça ses bermäge gatnaşanlaryň 97,69 göterimi hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa seslerini berdiler.

Garaşylyşy ýaly, ertir Türkmenistanyň Prezidenti kasam kabul ediş dabarasyndan soň, “Oguzhan” köşkler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýörişi hem kabul eder.

Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti berler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir