Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / 2016-njy Ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar Kabul Etdi
2016-njy Ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar Kabul Etdi
2016-njy Ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar Kabul Etdi

2016-njy Ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar Kabul Etdi

2016-njy ýylda milli parlamnet – Türkmenistanyň Mejlisi alty maslahat geçirip, olarda Kanunlaryň 85-sini we Kararlaryň 86-syny kabul etdi, halkara şertnamalarynyň birnäçesini tassyklady. 2017-nji ýylda ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hukuk üpjünçiligine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň demokratik ýörelgeleriniň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada işler alnyp baryldy hem-de Aşgabat şäheri we welaýatlar boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararlary kabul edildi. Häzirki wagtda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawy hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanylýar.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň barşynda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, arçynlaryň, şeýle hem welaýat, etrap we şäher saýlaw okruglarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça okuw maslahatlary geçirilýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir