Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabat 2017-niň Metbugat Maslahaty Wideo

Aşgabat 2017-niň Metbugat Maslahaty Wideo

Açyk metbugat maslahaty Oýunlara taýýarlyk işlerinde ýetilen sepgitleri belläp geçmek üçin V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynda geçirildi.

Esasy çykyş edenler – Aşgabat 2017-niň Operasion işleriniň Baş direktory Mik Raýt, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň Sport bölüminiň başlygy Ata Akmämmedow we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Röwşen Kemjaýew.

Metbugat maslahatynda esasy ýerine ýetirilen we iş meýilnamasyna laýyklykda edilmeli işler barada habar berildi.

Oýunlaryň geçirilýän ýylyna girmegimiz ýurdumyzda tolgundyryjy duýgulary döredýär. Ata Akmämmedow: “ Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary Türkmenistanda geçiriljek iri sport çäreleriň ilkinjisi bolup, bu Türkmenistany sportyň ýurdy hökmünde mahabatlandyrmaga mümkinçilik berer. Oýunlary geçirmek uly jogäpkärçiligi özünde jemleýär.” diýip belläp geçdi.

Ýaňy -ýakynda ulanmaga berlen Aşgabat 2017-niň resmi keşbi barada Mik Raýt şeýle diýdi: “Resmi keşp bizi Türkmenistanyň üstünden geçýän ýüpek ýoluň gadymy taryhy bilen tanyşdyrýar we tumar Türkmenistan üçin özboluşly we täsindir. Biz bu resmi keşp bilen şäheri janlandyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.”

Oýunlar boýunça synag çärelerinden öň, synag we taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň wajyplygy sebäpli, geljekki işleriň meýilnamasy barada Mik Raýt şeýle teswirledi: “ Biz aprel aýynda geçiriljek klaster boýunça synag çärelerini gurnamak üçin degişli karara garaşýarys. Bu çärelerde şol bir wagtyň dowamynda birnäçe ýaryşlar geçiriler. Biz Aşgabat Olimpiýa toplumynda köp ugurly sport çärelerini bir wagtda geçirmek üçin işläp düzen düzgünlerimizi synagdan geçirmegi isleýäris. Häzirki wagtda geçiriljek sport çäreleri we olaryň seneleri tassyklanýar. Olar barada resmi maglumat tiz wagta habar berler.”

“Sözümiň ahyrynda köp ugurly sport ýaryşlaryny geçirmek üçin sport ýaryşlarynyň gün tertibini işläp düzmek wajyp işleriň biridigini aýtmak isleýärin. Häzirki wagtda biz Oýunlar üçin ýaryşlaryň ýokary hilligini gazanmak üçin , sportlaryň geçiriljek desgalary kesgitlenen günleriniň we tapgyrlarynyň meýilleşdirilen gün tertibini işläp düzdük. Gün tertibiniň jikme- jik maglumaty ylalaşylandan soňra, biz bu barada resmi taýdan habar bereris.”

Ýerine ýetiriji komitetiň guramaçylyk işlerini ýola goýmak Aşgabat 2017-ni üstünlikli geçirmek üçin esasy ýagdaýdyr. Ýerli işgärleriň 400-sini işe kabul etmek we tälimçilik okuwyny geçirmek işleri başlandy. “Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Ýerine ýeitiriji komitetiň işgärleriniň ukyp -başarnyklaryny we Oýunlar baradaky bilimlerini artdyrar.”

“Oýunlar Akademiýasyna işe kabul edilen işgärleriň 400-si Ýerine ýetiriji komitetiň esasy wezipelerini amala aşyrar we olar biziň halkara bilermenlerimizden iri çäreleri guramak we meýilleşdirmek işlerinde tejribe alarlar” diýip belledi.

Türkmen sportunyň kämilleşmegi we Oýunlar üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada Röwşen Kemjäýew : “ Oýunlar türkmen sporty üçin uly mümkinçilikdir. Biziň türgenlerimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gowy netijeleri gazanmak üçin arman -ýadaman taýýarlyk görýärler. Synag çäreleri biziň türgenlerimizi Oýunlara taýýarlamak we desgalar bilen tanyşdyrmak üçin uly ähmiýetli ýagdaýdyr.”

Geljek aýlarda bildirişleriň köpüsi yglan ediler, sebäbi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa Oýunlarynyň iň gowusyny geçirmek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir