Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / GDA-dan Synçylar Toparynyň Ştabynyň Ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda Prezident Saýlawrynyň Guramaçylygyna Ýokary Baha Berýär
GDA-dan Synçylar Toparynyň Ştabynyň Ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda Prezident Saýlawrynyň Guramaçylygyna Ýokary Baha Berýär
GDA-dan Synçylar Toparynyň Ştabynyň Ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda Prezident Saýlawrynyň Guramaçylygyna Ýokary Baha Berýär

GDA-dan Synçylar Toparynyň Ştabynyň Ýolbaşçysy Ýewgeniý Sloboda Prezident Saýlawrynyň Guramaçylygyna Ýokary Baha Berýär

Ýewgeniý Sloboda synçylar toparynyň häzirki saýlawlara taýýarlygyň gidişi we toparyň işiniň ilkinji netijeleri barada interwýu berdi.

– Ýewgeniý Aleksandrowiç, GDA-dan synçylat toparynyň nähili ygtyýarlyklary bar?

– Biz Türkmenistana Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň çakylygy bilen geldik. Biz muňa ýurduň ýolbaşçylarynyň jemgyýeti mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmak, saýlawlaryň aýanlygyny, saýlawlaryň halkara synçylar üçin açyklygyny üpjün etmäge we biziň Toparymyzyň abraýyny ykrar etmäge islegi hökmünde baha berýäis. Şunuň bilen birlikde, GDA-dan synçylar toparynyň gelmegi Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda özara ynamy berkitmäge ýardam edýär.

Şu güne çenli Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Özbegistandan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, GDA agzalary döwletleriň Parlamentara Assambleýasyndan we Belarusyň we Russiýanyň Parlament ýygnagy Bileleşiginden synçylaryň 50-den gowragy bu saýlawlara gatnaşmak üçin resminama iberdiler.

Topar we onuň Ştaby öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we Saýlaw kodeksinden, halkara saýlaw hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryndan, şeýle hem GDA-nyň synçylarynyň prezident, parlament saýlawlaryna we sala salşyklaryna gatnaşýan topary hakyndaky Düzgünnamadan ugur alýarlar.Topar öz işinde garaşsyzlyk, dogruçyllyk we syýasy bitaraplyk, döwletiň işine we saýlawlara gatyşmazlyk ýörelgelerine eýerýär. Biziň wezipämiz –erkin we demokratik saýlawlary üpjün etmekdir.

Biz şunda GDA-dan synçylar Toparynyň barlagçylar däldigine düşünýäris. Saýlawlar döwleti mundan beýlägem ösdürmek we jemgyýeti jebisleşdirmek maksady bilen geçirilýär. GDA-dan synçylar Toparyna saýlawlaryň milli kanunlara we ýurduň halkara borçlaryna laýyk gelmegine ýardam edýän hünärmen synçylar topary hökmünde garamaly. Biz işimizde açyklyk we aýanlyk syýasatyndan ugur alýarys.

– Synçylar Topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary kampaniýasyna monitoringe girişdi. Eýýäm nirede, nähili duşuşyklar geçiridiňiz?

– Topar we onuň Ştaby 25-nji ýanwarda işe başlady. Häzire çenli biz Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň saýlaw uçastoklaryna baryp gördük, Aşgabat şäher saýlaw iş toparynyň işi bilen tanyşdyk, Prezident wezipesine dalaşgärleriň käbiriniň ynanylan wekilleri bilen duşuşdyk. GD-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary—GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Wiktor Guminskiý Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň başlygy we daşary syýasat edarasynyň ministriniň orunbasary bilen duşuşyklarynda saýlawdan deslapky çäräniň ugurlary kesgitlenildi.

Häzirki wagtda synçylarymyz Saýlaw kodeksi bilen tanyşýarlar. Şol bir wagtyň özünde saýlawlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişine, saýlawçylara döwlet baştutanynyň wezipesine daşalgärler, olaryň saýlaw maksatnamalary hakynda maglumatlaryň dolulygyna berilmegine gözegçilik edýäris.

Türkmen tarapyna Topara guramaçylyk meselelerini çözmekde we işimiz üçin zerur şertleri döretmekde ýardam edendikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.

– Saýlawyň guralşy barada pikiriňizi aýdaýsaňyz?

– Maňa ozalam GDA-dan synçylar Toparynyň düzüminde Türkmenistanda geçirilen Prezident saýklawlarynda işlemek miýesser etdi, men saýlaw kampaniýasynyň guramaçylyk derejesiniň has ösenligine göz ýetirdim. Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň işiniň sazlaşykly we netijeli guralandygyny belläsim gelýär. Saýlaw uçastoklarynya baryp görenimizde olaryň saýlawlara tehniki taýdan doly taýýarlygyna göz ýetirdik. Ähli derejedäki iş toparlarynyň işlemegi üçin amatly şertler döredilipdir.

Saýlaw iş toparynyň agzalary saýlawçylaryň sanawy bilen işlemek, ses bermegi guramak we geçirmek boýunça gerekli taýýarlyk geçipdirler. Iş toparlary zerur bolan hukuk we usulýet edebiýatlary bilen üpjün edilipdir, Merkezi iş topary ondan gowrak, şol sanda dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň teklipçiler topary uçin hem kitapçalary çykardy, olarda saýlawlara taýýarlyk işleri beýan edilen, saýlaw resminamalarynyň nusgalary görkezilipdir. Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň saýty saýlaw çäresini maglumatlar bilen giňişleýin üpjün edýär. Türkmenistanda ilkinji gezek saýlaw býulletenlerinde Braýlyň şrifti ulanyldy, onuň batyllar we göreji gowşaklar üçin ähmiýeti ulydyr.

Saýlaw iş toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolanymyzda olaryň hünärine ussatdygyna göz ýetirdik. Biziň Toparymyz saýlaw iş toparynyň ählisinden gerekli maglumatlary alýar. Hemmeler döwlet baştutanynyň saýlawlary Türkmenistanyň mundan beýläkki ösüşiniň strategiýasyny kesgitleýän we jemgyýeti jebisleşdirýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadyr.

Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek we hasaba almak, biziň pikirimize görä, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda açyk, aýanlykda, giňişleýin alternatiwa esasynda geçirildi. Saýlawlara ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň, raýatlaryň teklipçiler toparlarynyň öz dalaşgärlerini hödürlemek üçin saýlawçylaryň zerur sanyndan gol ýygnandygyny bellemek isleýärin.

Häzirki wagtda wagyz işleri ýaýbaňlandyryldy, Toparymyz dalaşgärlere deň şertleriň döredilmegine oňyn baha berýär. Saýlawçylar bilen duşuşyklar üçin gowy jaýlar, telewideniýede, radioda we neşirlerde çykyş etmekleri üçin ýetirlik wagt berlipdir.Saýlawçylar bilen duşuşyklar adamlar işjeň gatnaşýarlar, dalaşgärler öz maksatnamasyny erkin beýan edýärler, saýlawçylar olaryň ýurduň ösüşiniň geljegine garaýşy bilen içgin gyzyklanýarlar.

– Toparyň işi mundan beýläk nähili dowam eder?

– Biz wagyz işleriniň geçirilişine gözegçilik etmek üçin döwlet baştutanlygyna dalaşgärler we olaryň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary dowam etmegi göz öňünde tutýarys. Welaýatlaryň saýlaw iş toparlarynyň işi bilen tanşarys. Olaryň netijesi boýunça aralyk hasabat taýýarlanylar. Häzirden Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlary kampaniýasynyň ýokary derejede guralandygyny, onuň saýlaw kanunlarynyň çäklerinde, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirilende geçýändigini, iş toparlarynyň netijeli işleýänligini, dalaşgärleriň ählisine deň şertleriň döredilendigini aýdyp biljek.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir