Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar
Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar
Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar

Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapar bilen Türkmenistana geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek liderini resmi adamlar garşyladylar.

Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürläp, gül desselerini gowşurdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin bölünip berlen kabulhana tarap ugrady.

Şu gün Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary gepleşikleri geçirerler. Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Iki ýurduň liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde ýüzlenme bilen hem çykyş ederler.

Saparyň birinji gününiň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmegine garaşylýar. Şol ýerde däp boýunça belent mertebeli myhmanlar üçin saýlama bedewleriň görkezilişi hem-de jigitleriň atly çykyşlary guralýar.

Ertir, 7-nji martda iki ýurduň liderleri Lebap welaýatyna baryp, Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir