Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabat Şäherinde German Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky Güni Geçirildi
Aşgabat Şäherinde German Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky Güni Geçirildi
Aşgabat Şäherinde German Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky Güni Geçirildi

Aşgabat Şäherinde German Ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky Güni Geçirildi

2016-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi. Bu forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Merkezi Aziýada German ykdysadyýetiniň wekilhanasy bilelikde guradylar.

Duşuşyga hökümet düzümleriniň, GFR-iň işewürligini ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň paýtagtamyza gelen toparynyň düzüminde dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen, hususan-da, “Robert Bosch”, “Wilhelm Layher GmbH&CO. KG”, “MC Bauchemie Müller GmbH&CO. KG”, “Trubatec GmbH”, “Germany Trade and Invest”, “Deutsche Sparkassenstiftung” ýaly iri şereketleriň 70-e golaýynyň işewürleri bar. Foruma türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Ýurdumyzda altynjy gezek geçirilýän duşuşygyň gün tertibine deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şeýle hem işewür duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmagyň, işgärleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günorta Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça doly ygtyýarly wekili jenap Andreas Peşke çykyş etdi we soňky ýyllarda ýola goýlan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň milli Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýediginiň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şunda, 2015-nji ýylda özara söwda dolanşygy ABŞ-nyň 306 million dollaryna barabar boldy. Biziň ýurdumyzda Germaniýanyň işewür toparlarynyň 29-synyň şahamçalary we wekilhanalary hereket edýär. German kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň 169-sy amala aşyryldy we ýene-de birnäçe taslama durmuşa geçirilýär.

Germaniýanyň döwlet düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususy düzümleriň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi.

German ykdysadyýetiniň günleriniň jemlerini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu gezekki duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini we döwletara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini nygtadylar.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir