Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy Badalga Alýar

Aşgabatda Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy Badalga Alýar

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 3×3 görnüşindäki basketbol boýunça halkara ýaryşy açylýar. Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Aşgabada ýygnandylar. Türkmenistan ýer eýesiniň hukuklarynda erkekler we zenanlar gatnaşyjylarynyň arasynda birnäçe toparlary çykardy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Guramaçylyk toparynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de birnäçe beýleki döwlet edaralarynyň howandarlygynda geçiriljek halkara derejesindäki basketbol ýaryşlaryny ýurdumyz ilkinji gezek kabul edýär. Şoňa görä-de, bu ýaryş diňe bir netije gazanmaga däl, eýsem, türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk ukyplaryna baha bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol Aziada-2017-niň çäklerinde sportuň bu görnüşi boýunça indiki ýyl ýaryşlaryň geçiriljek ýerine öwrüljek täze sport binýadynyň hil aýratynlyklaryny synag eder.
Başdaky gürrüňimize dolanyp gelip, erkekleriň we zenanlaryň bäsleşiklerine deslapky tapgyrda iki toparça bölünen sekiz toparyň gatnaşjakdygyny belläp geçeliň. Toparçalarda diňe birinji we ikinji orny eýelän toparlar oýunlaryň jemleýji tapgyrynda medallar ugrunda göreşlerini dowam eder. Şol tapgyr 6-njy noýabrda günüň ikinji ýarymynda ýeňijileri we baýrak eýelerini kesgitlär.
Şu gün bolsa 16.00-da açylyş dabarasy geçiriler. Şonda estrada ussatlarynyň çykyşlary hem-de Aşgabatdaky gimnastika, söweş sungaty we beýleki ugurlar boýunça öňdebaryjy türgenleriň çykyşlary görkeziler. Görnüşi ýaly, ýaryşlary guraýjylar sporty söýüjileriň ählisini ajaýyp we özüne çekiji duşuşyklaryň şaýatlary bolmaga çagyrýarlar.
Stritbol diýlip atlandyrylýan 3×3 görnüşindäki basketbol geçen ýüzýyllygyň 50-nji ýyllarynda döredi. Ol nusgawy görnüşinden topardaky türgenleriň sany bilen tapawutlanýar, ýagny, meýdançanyň ýarty böleginde bir basketbol toruna pökgi geçirmek ugrunda her topardan üç oýunçynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Stritboluň meşhurlygy onuň elýeterliliginde jemlenýär. Aslynda, oýunçylardan ýörite beden taýýarlygy hem-de ýokary hünärli başarnyklar talap edilmeýär. 3×3 görnüşindäki basketbol Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek Olimpiada-2020-ä girizilmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar.
Stritbol kenarýaka oýunlaryň maksatnamasyna mäkäm ornaşyp, onuň geçirilmeginiň barşynda sportuň has şowhunly görnüşleriniň biri bolmak bilen köpsanly tomaşaçylary ýygnaýar. Başlanmagyna çenli 10 aý töweregi wagt galan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem bu ýaryşyň örän özüne çekiji boljakdygyna garaşylýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir