Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Açyldy
Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Açyldy
Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Açyldy

Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Meridýen Uluslararasi Fuarsilik” türk kompaniýasynyň bilelikde geçirýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.

Sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň 160-dan gowrak wekilinden, 60 kompaniýanyň hem-de şereketleriň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

Köpugurly sergide türk haryt öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümler- maşyn gurluşygy, senagat pudaklary hem-de oba hojalygy üçin enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş enjamlary we elektronika, ýuwujy serişdeler, dürli kosmetika önümleri, hojalyk harytlary, köke-süýji önümleri görkezilýär.

Sergä elektroenergetika enjamlaryny öndürýän iri kompaniýalar (“Elte Pano”, “Hascelik”), ýangyn söndürýän we ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny hödürleýän (“Duýar Vana”, “BALS”), gurluşyk platformalaryny öndürýän (“Goçmaksan”) kompaniýalar gatnaşýar. Şeýle hem sergide penjireleri hem-de gapylary öndürýän (“Pakpen plastik boru”, “Em-Ka Çelik”), kompozit serişdelerinden diwarlar we üçekler üçin panelleri öndürýän (“Assan Panel”), ykjam mebeller hem-de laminirlenen örtükler üçin häzirki zaman panelleri hödürleýän (“Kastamonu”, “Hilal Alüminium” şereketleri önümlerini hödürleýär. “Cuhadaroglu”, “EMS Plastik Boru” kompaniýalary metal gurnamalary hem-de dürli desgalar, şol sanda sport toplumlary we stadionlar üçin zerur gurnamalaryň önümçilik ulgamynda işleýär.

“A.O.Smit” kompaniýasynyň diwarlygynda suw üpjünçiligi, lagym we suwaryş ulgamynyň, suwlary minerallaşdyrmagyň enjamlary görkezilýär. “Frigoblock Sogutma” kompaniýasynyň azyk önümlerini doňdurmak we saklamak üçin enjamlary Türkmenistanda giňden bellidir.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda süýt önümleriniň, ösümlik ýaglarynyň, şireli we gazly içgileriň dürli görnüşlerini gaplara guýmak üçin ýörite enjamlary öndürýän kärhanalaryň (“Ektan”, “Gemak Gida”) bolmagy aýratyn bellärliklidir. Azyk pudagynyň bu ugry ýurdumyzda okgunly ösdürilýär. Aşgabat sergisinde ilkinji gezek öz önümlerini görkezýän kompaniýalar hem bar, olar karton we möhürli gofrirlenen gaplaryň nusgalaryny (“Geren Ofset”), howpsuz we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden gaplaýjy plýonka ulgamlaryny (“Bak ambalaç”, “Biriz ambalaç”) hödürleýär.

Sergide çagalar we mekdep edaralarynyň, okuw barlaghanalarynyň, sport meýdançalaryň we stadionlaryň enjamlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda däp boýunça “Ekip Sport” we “Feta” kompaniýalary tekliplerini hödürleýär.

Bu kompaniýalaryň sowadyjylarynyň, egin-eşik ýuwýan enjamlarynyň, gaz hem-de elektrik, mikrotolkunly peçleriniň, ýyladyjylarynyň, boýlerleriniň, “Beko”, “Simfer”, “Itimat” we beýleki kompaniýalaryň täze nusgalarydyr. Sergide iri jemgyýetçilik iýmiti edaralary üçin “Pimak” kompaniýasy hem önümlerini hödürleýär.

Bu ulgamda Türkiýäniň “Vestel” iri kompaniýasynyň diwarlygy innowasiýa bezegi hem-de 4K şekillendiriş artykmaçlyklary bilen tapawutlanýan iň häzirki zaman telewizorlary, durmuş tehnikasynyň has kämilleşdirilen nusgalary bilen ünsi çekýär. Sergide durmuş himiýasy önümçiligi, dürli ýuwujy we kosmetika serişdeleri goýlan bölümler gelýänlerde uly täsir galdyrýar.

Dostlukly ýurduň eksport harytlarynyň sergisinde ýöriteleşdirilen kärhanalar we şereketler bilen bir hatarda, iri türk mahabat kompaniýalarynyň hem-de ol ýa-da beýleki ulgamda ýöriteleşmek arkaly baglanyşykly senagatçylaryň we telekeçileriň birleşikleriniň hem tekliplerini hödürleýändigi bellärliklidir. Iri kompaniýalaryň bu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmagy diňe bir türk önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň köp dürlüligini görkezmek bilen birlikde, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine hem ýardam edrýär.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň iri işewürligi we ugurdaş kompaniýalary biziň döwletimizde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalaryň hem-de uly ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmak bilen,türkmen hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý tejribesini toplap, ozaly bilen gurluşyk, energetika, himiýa we dokma pudaklary, oba hojalygy, azyk senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Muňa amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän onlarça bilelikdäki taslamalar, haryt dolanyşygynyň okgunly ösýän möçberleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Sergi 23-nji fewrala çenli dowam eder.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir