Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Türkmenistan Bilen Hytaýyň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygyna Bagyşlanylan Bilelikdäki Konsert
Aşgabatda Türkmenistan Bilen Hytaýyň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygyna Bagyşlanylan Bilelikdäki Konsert
Aşgabatda Türkmenistan Bilen Hytaýyň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygyna Bagyşlanylan Bilelikdäki Konsert

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Hytaýyň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygyna Bagyşlanylan Bilelikdäki Konsert

Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazla-darama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Bu medeni çäre köpugurly türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Şol gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi köpasyrlyk tejribä we baý däplere eýe bolan medeni- ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Ruhy- ahlak gymmatlyklaryň gadymy asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan sütüni gatnaşyklaryň häzirki zaman tapgyrynda-da halklarymyzy birleşdirýär.

Medeniýet ulgamynda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň hatarynda Türkmenistanda hem-de Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklary bar. 2014-nji ýylda Pekinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň giňden bellenendigini ýtlamak isleýäris. 2015-nji we 2016-njy ýyllarda dostlukly ýurtda türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň, “Ganatly bedewler” we “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplarynyň, “Döwlet guşy” romanynyň hytaý diline terjime edilmegi ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurtlaryň ikisinde-de dürli halkara çäreler – festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, syýahatçylyk sergileri we sport ýaryşlary yzygiderli geçirlýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde Sirk sungatynyň II halkara festiwalyna gatnaşyp, ýeňiji diýlip ykrar edilendigi hem-de festiwalyň iň ýokary baýragy bolan Gran-pri Altyn Kuboga mynasyp bolandygy bellärliklidir.

Soňky wagtda iki ýurduň sebitleriniň arasynda dostluk gatnaşyklary hem ösüşe eýe boldy. Şol gatnaşyklary Türkmenistan we Hytaý mundan beýläk-de yzygiderli giňeltmegi maksat edinýär. Mysal üçin, HHR-nyň Şandun we Şensi welaýatlary bilen Türkmenistanyň Lebap we Ahal welaýatlarynyň arasynda, şeýle hem Sian we Mary şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölekleriniň biridir. Olaryň netijeli özara gatnaşyuklarynyň mysaly hökmünde 2015-nji ýylyň oktýabrynda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçirilen Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligini agzap bolar.

Dostlukly ýurtlarda gezekli-gezegine geçirilýän Medeniýet günleri aýratyn meşhurdyr. 2014-nji ýylda Pekinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň uly üstünlik bilen geçendigini ýatlamak bolar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda hem-de 2015-nji ýylyň awgustynda şeýle çäreleriň çäklerinde Aşgabat iki gezek Hytaýyň medeni wekiliýetini kabul etdi.

Bu wakalaryň ählisi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginini, yzygiderli häsiýetini äşgär edip, iki ýurduň halklarynyň dostlugyň köpasyrlyk däplerini, taryhy we ruhy aragatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge isleglerini görkezýär.

Şöhratly senäniň—Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan häzirki medeni çäre bir sahnada dostlukly ýurtlaryň sungat ussatlaryny ýene-de birleşdirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sun Weýdun baýramçylyk konsertine gatnaşyjylary we tomaşaçylary mübärekläp, biziň halklarymyzyň dostlugynyň çuňňur köklerini belledi. Şol gözbaşlar iki ýurduň hem Beýik Ýüpek ýoly bilen ysnyşykly baglanyşykly bolan mahaly iki müň ýyldan gowrak döwre barabardyr. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri biziň döwletlerimiz dürli ulgamlarda özara hereket etmekde ajaýyp üstünlikleri gazandylar diýip, Doly ygtyýarly wekil aýtdy hem-de öz sözlerini anyk mysallar bilen tassyklady. Sun Weýdunyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman tapgyrda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegi syýasy taýdan ynanyşmagyň ýokary derejesi, iki döwletiň Liderleriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň berk dostlugy, ýurtlarymyzyň ösüş strategiýasynyň gabat gelmegi we halklaryň däp bolan dostlugy goramaga hem-de ony geljekki nesillere ýetirmäge bolan islegleri bilen şertlenendir. “Taraplaryň ikisi-de, parahatçylykly ösüş ýolunyň tarapdary bolup çykyş edýärler, halkarawe sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça umumy we ýakyn ýörelgäni eýeleýärler, halkara guramalarynda ýygjam gatnaşyklary hem-de özara hereketleri goldaýarlar, Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmaýarlar” diýip, ilçi aýtdy hem-de “Häzir strategiki hyzmatdaşlyk ýagdaýynda bolan hytaý-türkmen gatnaşyklaryna mundan beýläkki ösüşiň täze geljeginiň garaşýandygyny” nygtady.

Ilçi çykyşynyň ahyrynda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bedew at bilen dostuň wepadarlygyny wasp edýän şahyrana setirlerini getirdi. Şeýlelik bilen, ol türkmen we hytaý halklarynyň dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini, olaryň “geljek üçin täze ýollary açmaga, ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam bermäge hem-de bu ýolda ýene-de täze üstünlikleri gazanmaga” bolan islegini nygtady.

Dabara gatnaşyjylar türkmen hem-de hytaý halklarynyň gadymy-ruhy aragatnaşyklaryny berkitmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan ýörelgeleri üçin dostlukly Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.

Soňra bolup geçen dostluk konsertiniň maksatnamasyny türkmen we hytaý artistleriniň ajaýyp çykyşlary düzdi. Aýdym-saz, horeografiýa we akrobatika, folklor çykyşlary hem-de häzirki zaman estrada aýdymlary şol maksatnama girdi.

Hytaýyň Sinszýan-Uýgyr awtonom etrabynyň “Suar” tans we aýdymçy toparynyň artistleri “Ser üstünde käseli tans”, “Ýula”, “Elleriň çalasynlygy”, “Belentlige ymtylyş” we beýlekiler ýaly gyzykly we çylşyrymly çykyşlary bilen tomaşaçylary bendi etdiler. Owadan egin-eşikler, milli sazlar we tanslar hytaý tansynyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän akrobatika hereketli täsin horeografiýa çykyşlarynyň ajaýyp sazlaşygy tomaşaçylara gadymy we häzirki zaman Hytaýyň ruhuny duýmaga mümkinçilik berdi.

Bu ýere ýygnananlara “12 mukam ýygyndysyndan” “Öwüşgin” diýen mukamyň ýerine ýetirilmegi uly lezzet paýlady. Mälim bolşy ýaly, Sinszýan öz milli saz we tans sungaty bilen gadymdan bäri şöhratlanyp gelýär. Şol sungatyň taryhynda däp bolan mukam ýaly uýgur halk sazy möhüm orun tutýar. “12 mukam” däp bolan uýgur topary 36 äheň boýunça sazlary we aýdymlary bir umumylyga birleşdirýär, tanslar, aýdyşyklar uýgurlaryň dessurlaryny we ahlak häsiýetlerini görkezýär hem-de 24 sagatlap diýen ýaly yzygiderli dowam edip bilýär.

“Suar” döredijilik topary Hytaýda iň gadymylaryň biri bolup, ol 1949-näy ýylda esaslandyryldy hem-de milletleriň 12-sini, şol sanda uýgurlary, hanlary, gazaklary we beýlekileri birleşdirýär. Topar milli aýdym-saz we horeografiýa sungatynyň baý däplerini saklaýar hem-de wagyz edýär. Şonuň bilen birlikde, 60 ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda topar däp bolan milli aýratynlyklary hem-de sungatyň häzirki zaman alamatlaryny utgaşdyrýan çykyşlaryň örän köpsanlysyny döretdi we ýerine ýetirdi. “Suar” diňe bir Hytaýda däl, eýsem onuň çäklerinden uzaklarda-da meşhurdyr. Topar dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda, şol sanda Fransiýada, Niderlandlarda, Belgiýada, ABŞ-da, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we beýlekilerde bolup çykyş etmek bilen, örän köp janköýerlerini gazandy. Bu gün olaryň üsti Hytaýyň gyzykly çykyşlary bilen özüne çeken artistleriniň ussatlygyna ýokary baha beren türkmen tomaşaçylary bilen ýetirildi.

Görnükli türkmen aýdymçylary hem-de “Aşgabat” tans topary we “Galkynyş” halk döredijilik topary sazlaşykly goşulmak bilen myhmanlaryň çykyşlarynyň üstüni ýetirdi.

Sazyň, aýdymyň, tansyň häsiýetli umumylygynyň üsti bilen artistler
öz halklarynyň medeniýetleriniň özboluşlylygyny tomaşaçylara ýetirdiler.

Sahnada bilelikdäki konserte gatnaşyjylaryň ählisini bir ýere jemlän, “Türkmenistan” atly watançylyk aýdymy türkmen-hytaý dostluk baýramçylygynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Hut döredijilik gatnaşyklary halklara birek-biregi tanamaga we düşünmäge, ýakynlaşmak üçin egsilmez mümkinçilikleri bolan sungatyň täsin dünýäsini açmaga kömek edýär.

Hytaýly myhmanlaryň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde bilelikde işleýän türkmen we hytaý hünärmenleri üçin Sinszýan – Uýgyr awtonom etrabynyň tans we aýdymçy toparynyň çykyşlary göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, hut şu ýerden, Amyderýanyň sag kenaryndan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi öz gözbaşyny alýar. Şol gaz geçirijide Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňlerçe asyrlaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek maksady beýanyny tapýar.

Dostlukly ýurduň artistleri şeýle hem paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanyşdylar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir