Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri
Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri
Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri

Aziada-2017-niň Sport Paýtagtynyň Olimpiýa Belentlikleri

Türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Bu oýunlara taýýarlyk görmek jemleýji tapgyra gadam basdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, güýzde geçiriljek Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda, onuň sport ulgamynda gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmakda, halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelemelidir.

Oýunlaryň golaýlaşyp gelýändiginiň alamatlary häzir Türkmenistanyň ähli ýerlerinde duýulýar. Aşgabadyň köçelerine aýlanyp, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň tumaryny we şekilini mahabat diwarlyklarynyň ählisinde, jaýlaryň öň tarapynda görmek bolýar. Jemgyýetimizde ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi we ildeşlerimiz uly sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Soňky ýarym ýylyň dowamynda Aziada taýýarlyk görmek işleri giň halkara seslenmesine eýe boldy.

Ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, türkmen hünärmenleri dünýäde iň iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan meşhur daşary ýurt kompaniýalary, degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistany Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen berk baglanyşdyrýar, dürli döwletleriň milli olimpiýa komitetleri, sport federasiýalary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şu maslahat hem bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikde kabul edilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Umuman, duşuşyk Aziada-2017-ni guraýjylara we gatnaşyjylara ylalaşykly çemeleşmäni hem-de meýilleşdirmäni talap edýän ulgamlarda tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik berdi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew forumda çykyş edip, Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylaryny duşuşygyň gün tertibinde bellenen ugurlar boýunça Türkmenistanda geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Şol ugurlaryň biri-de meýletinçileri taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Olar Aziada-2017-niň birleşdiriji güýji, onuň “ýüzi” we “kalby” bolmalydyr, çünki, türgenlerde, janköýerlerde we Oýunlaryň beýleki gatnaşyjylarynda biziň ýurdumyz barada nähili täsirleriň galjakdygy şolara baglydyr.

9-njy fewralda “Ilkinji ýyldyzlar” maksatnamasyna badalga berildi. Ol Türkmenistanda iri meýletinçilik hereketiniň kemala gelmeginiň esasyna öwrüldi. Bu maksatnama köpugurly we ýörite maksatly meýletinçi kömekçileriň on müňe çenlisini taýýarlamaga niýetlenendir. Meýletinçiler topary Oýunlaryň üstünlikli geçirilemgini üpjün etmekde möhüm orun eýelemelidir hem-de türgenlere we dünýäniň ähli künjeklerinden janköýerlere türkmen halkynyň dostlugyny hem-de mähirli myhmansöýerligini görkezmelidir.

“Trivandi Chanzo Limited” britan kompaniýasynyň baş direktory Mik Raýt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziadany taýýarlamak işine gatnaşmaga döredilen mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Ol şeýle hem “Aşgabat-2017” taslamasynda Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde kompaniýanyň wezipesi barada gürrüň berdi. Şol wezipe bolsa bu iri sport wakasynyň kömegi bilen bütin dünýä türkmen paýtagtynyň gözelligini, türkmenistanlylaryň hoşniýetliligini hem-de açyklygyny görkezmekden ybaratdyr. 62 ýurtdan bäş müň türgeniň gelmegine garaşylýar. Olardan başga-da, bu iri sport çäresine wekiliýetleriň we toparlaryň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly janköýerler geler. Sport ýaryşlaryna petekleriň 600 müňüsini satmak meýilleşdirilýär.

Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem akkreditasiýa, ulag we lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek, dopinge garşy göreş gullugynyň işi, logistikany hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, myhmanlary ýerleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýaryşlary geçirmegiň tertibine we türgenleşik meýdançalaryny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Türgenleşikleri geçirmek babatda Olimpiýa şäherjiginden başga-da, paýtagtymyzyň beýleki sport desgalary, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň desgalary hem ulanylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde halkara synag ýaryşlarynyň birnäçesini geçirmekde toplanan guramaçylyk we tehniki tejribäni seljerdiler, şol wakalar baradaky wideoşekillere syn etdiler.

Şu gün Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler we onuň desgalary, bu ýerde türgenler, tälimçiler, eminler, tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar, welotregiň ýodajyklarynda welosiped sürüp gördüler. Daşary ýurtly myhmanlar gören zatlarynyň ählisine haýran galýandyklaryny aýtdylar.

Olaryň köpüsi entek dünýäniň hiç bir ýurdunda-da şeýle ýokary derejeli ängirt uly sport toplumlaryny görmändiklerini aýtdylar, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigini meşhur Olimpiýa toplumlary bilen deňeşdirdiler hem-de biziň şäherjigimiziň enjamlaşdyrylyşynyň derejesi we hili boýunça olardan birjik-de pes durmaýandygy we hatda käbir görkezijiler babatda olardan hem ýokarda durýandygy baradaky netijä geldiler. Myhmanlar şäherjigiň oýlanyşykly ýerleşişine, desgalaryň mümkinçiliklerine, mundan başga-da, binalaryň gözelligine, olaryň özboluşly bezegine ýokary baha berdiler.

Diňe sport binýady ähli babatda döwrebap ülňülere laýyk gelýän ýurtlara iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hukugy berilýär. Şoňa görä-de, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabada Aziada-2017-niň paýtagty derejesini bermek baradaky çözgüdi Türkmenistanyň ýokary derejede ösen sport düzümli ýurt hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen türgenleriniň dürli halkara ýaryşlarynda gazanan köpsanly ýeňişleri bilen birlikde, ýurdumyzda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanan nobatdaky ýeňşi diýip ynamly aýtmak bolar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, türkmenistanlylaryň millionlarçasyny sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Hut döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde milli sport hereketi öň görlüp-eşidilmedik ýokary derejä eýe boldy.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi. Bu maýa goýumlary Türkmenistanyň sport geljegine uly goşantdyr. Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, Aziadanyň şeýle ajaýyp mirasy bilen Aşgabat özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge isleg bildirmäge haklydyr.

Ýöne, eýýämden paýtagtymyzdaky Olimpiýa toplumy synag ýagdaýynda işleýär: bu ýerde halkara ýaryşlary, dünýäniň we Aziýanyň çempionatlary geçirilýär.

Aprel aýynyň soňky ongünlüginde türgenleriň we janköýerleriň ýene-de ýüzlerçesi agyr atletika we kikboksing, suwda ýüzmek boýunça toplumda geçiriljek ýaryşlara jemlener. Synag ýaryşlary Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň möhüm bölegidir. Bu ýaryşlar ýurdumyza, ýokary netijeler sportuny wagyz etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin geçirilýän giň möçberli işlere gyzyklanmany döretmäge ýardam etmelidir.

Milli Olimpiýa komitetleriniň maslahatyna gatnaşyjylar üçin Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili boýunça tanyşlyk gezelenji hem guraldy. Bu ägirt uly howa menzili 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Hut howa menzili ilkinji bolup Aziada gatnaşyjylaryň garşylar hem-de türkmen paýtagty barada ilkinji täsirleri galdyrar. Elbetde, biziň ýurdumyzda ajaýyp künjekler, täsin ýerler az däldir. Ýurdumyzyň baş howa menzili hem olaryň arasynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýar.

Hakykatdan hem, ägirt uly howa menzili özüniň ajaýyp keşbi hem-de möçberi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde ýolagçylar üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Aşgabadyň Halkara howa menzili diňe bir bezeg babatda däl, eýsem, özüniň ulanylyşy we hyzmat edişi babatda hem tapawutlanýar. Ilkinji nobatda, ol özüniň innowasion ulgamy bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ýolagçylara hyzmat etmek babatda Aşgabadyň howa menzili bu görkezijiler babatda bütin dünýäde ykrar edilen şeýle desgalar bilen bäsleşmegi göz öňünde tutýar.

Paýtagtymyzyň täze howa menzilini dünýäniň şeýle desgalarynyň ählisinden esasy tapawudy onuň täsin, adaty bolmadyk çeperçilik bezeginden hem-de çözgüdinden ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar hem muny aýratyn bellediler. Olar howa menzili bilen tanyşlyk soň, Türkmenbaşy şäherine ugradylar. Ertir şol ýerde halkara sport kongresi geçiriler.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir