Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy
Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy
Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy

Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.

Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna geldi. Bu wakanyň öňüsyrasynda Gazojak şäheriniň häkimliginde atly ýörişiň geçen ýoly mynasybetli maslahat geçirildi. Ýygnananlar Aşgabatda yklym derejesindäki iri sport ýaryşyny – Aziada-2017-ni geçirmek başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerini alamatlandyrýan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň öňünde lebaplylar bu taryhy ýörişe gatnaşýan 17 çapyksuwary uly şatlyk bilen dabaraly garşylady. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Gazojak şäherinden 25 kilometrlikdäki giň meýdançada arzyly myhmanlar üçin baýramçylyk bezegine beslenen medeni – sport desgalary we hatar gurap oturan türkmen ak öýleri guruldy.

Köp garaşdyran pursat gelip ýetýär. Baýramçylyk wakasyna şatlykly joşgun berýän sazyň, depregiň, çagalaryň şadyýan sesleriniň astynda hormatly il ýaşululary, milli lybasdaky zenanlar atlylary myhmansöýerligi we abadançylygy alamatlandyrýan duz-çörek bilen garşylaýar. Atly ýörişe gatnaşyjylary ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, köpsanly ýaşaýjylar garşylady. Ak öýlerde mele myssyk çörekli saçak, hoşboý ysly çaý hem-de milli tagamlar goýlan desterhan ýazyly.

Estrada artistleriniň, belli döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylaryň dürli görnüşli gyzykly çykyşlary guraldy. Joşgunly halk tanslary, folklor çykyşlary, muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisiniň guralmagy, halk senediniň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri dabara aýratyn öwüşgin çaýly.

Behişdi bedewe atlanan çapyksuwarlar hem-de dabara gatnaşyjylar türgenleriň gyzykly bäsleşiklerine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Pälwanlar, sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanýan ýaşajyk türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynya ýurdumyzyň türgenleri bilen bir hatarda, lebaplylar hem ykjam taýýarlyk görýär. Olar milli ýygyndynyň düzümine ýollanma almak üçin ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri bilen çekeleşikli bäsleşiklerde ussatlyklaryny görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna ýurdumyzyň ähli halkyna iberen Gutlagy baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn täsirli pursady boldy.

Atlylar hem-de ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň gutlagyny ör turup, dowamly el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Soňry çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly iri halkara ýaryşyny özünde kabul etmek hormatyna mynasyp boldy. Sportuň hem-de sagdyn dumuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda medeni – sagaldyş hereketini hem-de ýokary derejeli sporty ösdürmäge örän uly üns berýär. Dabara gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Atlylar 250 günüň dowamynda welaýatlaryň serhetlerinde estafetany geçirip, ýol ugrunda 30-dan gowrak desga baryp gördüler. Şu döwürde ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler Gökdepe etrabynyň Babarap obasyna, gadymy Paryzdepe ýadygärligine, Merkezi Garagumdaky Derweze obasyna, Içoguz demir ýol bekedine we Ahal welaýatynyň başga-da birnnäçe ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.

Atlylar iýun aýynyň ahyrlarynda Balkan welaýatynyň çägine geldi. Serdar etrabynyň merkezinde, Parawbibi taryhy-medeni ýadygärlikden uzak bolmadyk ýerde atlylar Türkmenistanyň döwlet Baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny balkanlylara geçirdiler. Şonda, atlylaryň ýoly gadymy Uzboýyň ýakasy, Mollagara kölüniň, Hazar deňziniň kenarlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça dowam etdi. Atlylar birnäçe şäherlere we obalara bardylar.

Oktýabr aýynda Garagumuň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarynda atly ýörişi Daşoguz welaýatynyň atlylary kabul etdi. Welaýat boýunça ýörişiň ugruna laýyklykda, 17 çapyksuwardan ybarat topar Gaplaňgyr döwlet goraghanasyna, Aşyk Aýdyň piriň aramgähine, “Köneürgenç” taryhy-medeni goraghana, gadymy Akjagala, etraplaryň merkezlerine, şeýle hem täze Bagtyýar zaman obasyna bardylar.

Şeýlelikde, atly ýöriş Lebap welaýatynyň çägine geldi. Bu ýerde atly ýörişi kabul etmek dabarasy boldy.

Soňra atly ýöriş öz ýoluny dowam etdi hem-de iri ýangyç ýatagy bilen giň meşhurlyga eýe bolan Gazojak şäherine geldi. Bu ýerde, welaýatyň demirgazygynda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumda mundan ýarym asyr ozal Türkmenistanyň gaz senagatyna badalga berildi. Mundan 20 ýyla golaý wagt ozal bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ösüşinde strategiki ähmiýete eýe bolan Naýyp senagat toplumy işe girizildi. Birmahallar adamsyz hem-de suwsyz çöllerde ýollary, elektrik ulgamlary, suw geçirijileri arkaly baglanyşýan gaz toplumlary, köp gatly ýaşaýyş jaýlary bolan şäherçeler hem-de durmuş düzüminiň desgalary peýda boldy. Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň gaz çykaryjy kärhanalary soňra ýurdumyzyň beýleki gaz ýataklaryny netijeli ulanmak üçin hünärmenleri ýetişdirýän kärhana öwrüldi.

Atly ýörişe gatnaşyjylary demirgazyk Lebabyň gaz pudagynyň taryhy we şu güni, Gazojak şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyryldy. Ýerli ilat olary dabaraly hem-de uly şatlyk bilen garşylady.

Soňra ajaýyp ahalteke bedewlerinde Watanymyzyň ýaşyl Tuguny, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nuşanyny uly buýsanç bilen alyp barýan 17 atly Gazojak şäheriniň ilaty bilen hoşlaşyp, Birata etrabynyň merkezine tarap ýola düşdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň gündogar welaýaty Aziada-2017 mynasybetli geçirilýän atly ýörişi kabul etdi. 100 günüň dowamynda atlylar Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde hem-de obalarynda bolar, Daýahatyn kerwensaraýyna, Astanababa, Alamberdar aramgählerine, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň bilim alan Idrisbaba medresesine, Amul galasyna hem-de “Repetek”, “Amyderýa” döwlet goraghanalaryna baryp görerler. Olar Köýtendag gerişlerindäki dinozawrlaryň tekizligine hem-de beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp, Amyderýa boýunça gämili gezelenç ederler.

Lebap welaýatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de ilatyň durmuş derejesini we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin ähli ugurlarda giň göwrümli özgerişlikler geçirilýär

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda häzirkizaman desgalarynyň we inženerçilik binalarynyň ençemesi guruldy. Olaryň arasynda Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi we Atamyrat-Kerkiçi hem-de Seýdi-Farap awtomobil köprüleri, Serdarabat etrabyndaky gazturbinaly elektrik bekedi, Beýik Türkmenbaşy etrabyndaky “Lebap” sement zawody, täze pagta egriji fabrikler, Garlyk we Jeýhun we beýlekiler ýaly döwrebap şäherçeler bar. Sebitde ýüzlerçe döwberap mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri we öýleri, hassahanalar, lukmançylyk sagaldyş merkezleri, stadionlar, sport mekdepleri hem-de merkezleri ulanmaga berildi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýokary depgine eýe boldy. Atly ýörişe gatnaşyjylar Lebap welaýatynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolarlar.

Meňzeş Täzelikler

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

Siziň oglyňyz ýa-da gyzyňyz daşary ýurtda okaýarmy? Siz olar barada binjalyk bolýarsyňyzmy? Siz olara pul …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir