Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / «Bagtly maşgala» Karzy
«Bagtly maşgala» Karzy
«Bagtly maşgala» Karzy

«Bagtly maşgala» Karzy

Ýaş maşgalalar üçin

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Bagtly maşgala” atly ýeňillikli karzyny berýär.

Mundan beýläk ýaş maşgalalar öz öýlerini bezemek, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin örän amatly şertlerde Bagtly maşgala karzyny alyp bilerler.

Bagtly maşgala karzyny almaklygyň düzgünleri

Möhleti 3 ýyl
Göterim Derejesi ýyllyk 1%
Karzyň Möçberi 6 000 manada çenli

i. Karz alyjy bolup, är-aýalynyň ikisi hem 30 ýaşyna ýetmedik ýaş maşgalalar çykyş edýär

i. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili karary güýje gireninden soňra resmi taýdan nikalaşyp, maşgala guran Ýaş maşgalalara degişlidir..

Bagtly maşgala karzyny almak üçin zerur resminamalar *

i. Karz almak üçin arza
i. Pasportyň nusgasy (asyl nusgasy görkezilmeli)
i. Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (asyl nusgasy görkezilmeli)
i. Girdejiňiz barada güwänama (saklamalar aýrylyp görkezilen arassa girdejiňiz). Kärhana eýeçilikleri bolan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
i. Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
i. Güwä geçijiler(resminamalar)
i. Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

* Karz maşgala agzalaryň birisine resmileşdirilýär – adamsyna ýa-da aýalyna

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir