Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy – 2016-njy Ýyl
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy - 2016-njy Ýyl
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy - 2016-njy Ýyl

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy – 2016-njy Ýyl

2016-njy ýyl Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” şygary astynda geçdi. Munuň özi köp babatda medeniýet ulgamynda geçirilen çäreleriň mowzugyny hem-de many-mazmunyny kesgitledi.

2016-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň” yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi. Milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, bütin dünýäde türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny wagyz etmek, milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklarynyň her bir raýat üçin elýeterliligini üpjün etmek geljek ýyl üçin möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda bolan giňişleýin mejlisinde hem-de 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşlarynda medeni-ynsanperwer ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2016-njy ýyl toý ýylydyr, Türkmenistanyň Garşsyzlygyna 25 ýyl dolýar. Halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasyna daýanyp, eziz Watanymyzy özgertmekde mundan beýläk-de uly üstünlikler gazanmak zerurdyr. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin täze taslamalar, täze garaýyşlar, täze dolandyryş çözgütleri, täze kanunlar zerur bolup durýar. Medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, onuň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygy milli medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Bu meseleler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşykda hem gozgaldy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda deputatlaryň öňünde medeniýet ulgamynyň işini kadalaşdyrýan kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etmek wezipesi goýuldy. Hususan-da, milli taryhy—medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda hem-de Kinematografiýa hakynda Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyklygy bellenildi. 2016-njy ýylda döwlet Baştutanymyzyň bu tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirildi.

Ýanwar aýynda taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak meselesi türkmen paýtagtynyň golaýynda ýerleşen gadymy ýadygärlikleriň biri bolan Paryzdepe babatda anyklaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy siwilizasiýanyň bolandygyna şaýatlyk edýän Paryzdepäni gözden geçirip, bu ýadygärligiň entek üsti açylmadyk syrlaryny ýüze çykarmak, onuň medeni gatlaklaryny öwrenmek, gadymy gymmatlyklary gözlemek üçin düzüminde taryhçylar, arheologlar we beýleki alymlar bolan ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Medeniýet ministrligine taryhy ýadygärlikleriň aýawly saklanylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň fewral aýynda gol çeken, medeni mirasyň desgalaryny, ýurdumyzyň taryhynyň gozgalmaýan ýadygärliklerini aýawly saklamaga gönükdirilen hem-de Türkmenistanyň çäginde ýerleşen medeni mirasyň desgalaryny goramak ulgamynda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän Karary bu ugurdaky işiň ilkinji netijesidir.

Alymlar 19-njy martda bu gadymy taryhy ýadygärligiň golaýynda geçirilen ählihalk ýowarynyň barşynda Paryzdepede geçirilen işler barada hasabat berdiler. Bu ýerde alnyp barylýan arheologiki barlaglaryň barşynda ylmy nukdaýnazardan gyzykly gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Şol gymmatlyklar bolsa türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerine degişlidir.

Türkmen paýtagtynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň nyşany astynda ajaýyp türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň döredijilik mirasyna bagyşlanan konsertler, şeýle hem halk aýdym-saz sungatynyň halypalary Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Girman bagşynyň (Orazsähet Ýagşysähedow), Öwezdurdy Welmämmedowyň, Hojamämmet Täçmämmedowyň, Türkmenistanyň halk artistleri Oraz Saryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Çary Gurbanowyň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nabat Nurmuhammedowanyň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabaralary geçirdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan daşary ýurtly kärdeşler bilen bilelikde ýylyň birinji çärýeginde geçirilen dürli döredijilik çäreleri—amerikan filmleriniň görkezilişi hem-de amerikan sazandalarynyň we tansçylarynyň çykyşlary, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, «Paul Moderzon-Beker we Worpsweddli suratkeşler» atly surat sergisi we beýlekiler medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürmegiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine Tähran we Töwriz şäherleriniň, Demirgazyk Horasan welaýatynyň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary, meşhur sazandarlar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary goşuldy.
Çäräniň çäklerinde Aşgabatda meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary guraldy. Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, eýran režissýorlarynyň täze filmleriniň görkezilişi, Türkmenistanyň we Eýranyň çagalar döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Demirgazyk-Günbatar Hytaýda ýerleşýän Gansu welaýatynyň Lançžou şäheriniň Ulag uniwersitetinde ýaz paslynyň birinji aýynda açylan “Türkmenistan” merkezi daşary ýurtlarda türkmen medeniýetini hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir. Merkezde ýerleşdirilen zatlaryň arasynda owadan bezelen döwürleýin neşirler we çeper eserler, Türkmenistan, türkmen halkynyň gadymy taryhy we özboluşly medeniýeti hakyndaky publististiki we ylmy-köpçülikleýin kitaplar bar.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda medeniýet ulgamynyň orny barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, hökümetiň 4-nji martda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bir ulgamda işlejekdigi barada kabul edilen çözgüt aýratyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu iki edaranyň bilelikde işlemegi türkmen halkynyň medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz edilmegini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bilen baglylykda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň täze sergi merkezinde geçirilen pudaklaýyn gözden geçirilişler köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Hususan-da, Halkara zenanlar gününe gabatlanylyp geçirilen Halkara gülçülik we bagçylyk sergisi uly gyzyklanma döretdi. Söwda-senagat edarasy we Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan gülçülik sergisine dünýäniň köp ýurtlaryndan wekiller, şol sanda Fransiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan iri assosiasiýalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Dürli ýurtlarda Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli guralan dabaralar ýurdumyzda milli mirasa uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ajaýyp däbe görä, esasy baýramçylyk dabarasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirildi. Şol ýyl Bahar baýramynyň geçirilýän ýeri resmi taýdan “Nowruz ýaýlasy” diýlip atlandyryldy. Dabaranyň çäklerinde onuň baýramçylyk meýdançasynda köp asyrlaryň dowamynda halklary birleşdirip we ýakynlaşdyryp gelen, ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerini alamatlandyrýan Milli bahar baýramynyň—Halkara Nowruz gününiň hormatyna bina edilen “Dostluk” binasy açyldy.

Mälim bolşy ýaly, medeniýetiň dowamatlylygy gadymy däpleriň dikeldilmeginde möhum orun eýeleýär. Munuň şeýledigini Ahal jülgesinde geçirilen ajaýyp baýramçylyk aýdyňlyk bilen görkezdi. Açyk asmanyň astynda türkmenleriň däp bolan oba durmuşyny görkezýän ägirt uly ekspozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Köpöwüşginli folklor-etnografiki çykyşlar, at üstündäki oýunlar, gadymy däp-dessurlaryň äheňinde döredilen sahnalar, owadan halk lybaslary, aýdym-sazlar we tanslar bu gadymy bahar baýramçylygynyň çuňňur many-mazmuna eýedigini açyp görkezdi. Baharyň gelmegi mynasybetli guralan türkmen toýuna çagyrylan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda tele žurnalistler we habarçylar, şeýle hem Türkmenistan boýunça uly tanyşlyk gezelenjini amala aşyrýan syýahatçylyk kompaniýalarynyň 160-dan gowrak wekili gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşoguz şäherine 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň halkara bileleşiginde ynsanperwerlik ýörelgesiniň mizemezliginiň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu waka bagyşlanan çärelere 30-njy martda Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgünde badalga berildi. Forumyň çäklerinde GDA ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de surat sergisi geçirildi.

Giň möçberli çärä Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň, Arkalaşygyň döwletleriniň birnäçesiniň medeniýet ministrlikleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, žurnalistler gatnaşdylar. Myhmanlar üçin Daşoguz welaýatyndaky “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görmek çäresi guraldy. Şol goraghananyň täsin ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Geçen ýylyň birinji çärýeginde neşir edilen täze kitaplarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” atly kitaby bar. Oňa türkmen nakyllary girizildi. Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasy 30-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Şol ýerde 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý-melhem hem ylham” atly täze kitaby giň köpçülige tanyşdyryldy. Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap Gündogarda meşhur bolan melhemlik içgä-çaýa bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri döwrüň we nesilleriň, türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň taryhynyň hem-de häzirki döwrüniň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrdy. Çaý içişlik däbi bolsa türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär.

Geçen ýylyň bahar pasly ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen hem-de täze taryhy eýýamda milli mirasy aýawly saklamaga, wagyz etmäge bagyşlanan döredijilik forumlaryna baý boldy.

Diňe aprel aýynyň birinji ýarymynyň dowamynda türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň köpöwüşginliligini şöhlelendiren iri forumlaryň birbada üçüsi geçirildi. Olaryň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen türkmen halk küştdepdi tansynyň we gazallarynyň festiwaly bar. Bu çäre türkmen deňiz ýakasynda ýurdumyzyň şäherlerinden we obalaryndan döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijilerini beleşdirdi. Halk däp-dessurlarynyň hem-de häzirki zaman milli medeniýetiň özboluşly baýramçylygyna döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň özboluşly gymmatlygyna, uly dabaralaryň ählisiniň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy tansy ýerine ýetirdiler. Festiwalyň maksady milli baýlyk hökmünde küştdepdi tansyny aýawly saklamakdan we wagyz etmekden ybaratlyr. Onuň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” goşulmagy babatda uly geljegi bardyr.

Bagşy-sazandalaryň “Halypaçylyk mekdebi—halkymyzyň ruhy mirasy” atly aýdym-saz festiwaly hem halk döredijiliginiň ýene-de bir ugruny aýdyňlyk bilen açyp görkezdi. Ahal welaýatynyň Yzgant obasynda geçirilen bu festiwal milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we çuňňur öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, halypaçylyk däplerini pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmalydyr.

Festiwala ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden meşhur halypa bagşylar, olaryň ýaş zehinli şägirtleri hem-de dessançylar we halk aýdymyny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.

27-nji aprelde Nýu-Ýorkda, Amerikanyň iri sungat merkezleriniň biri bolan Metropoliten muzeýinde dabaraly ýagdaýda açylan “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi milli taryhy-medeni mirasy wagyz etmekde möhüm ädim boldy. Onuň işi 24-nji iýula çenli dowam edip, köpsanly daşary ýurtly sungat muşdaklaryna Seljuk imperiýasynyň gülläp ösen döwri barada gürrüň berýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň döwlet muzeýlerinde goralyp saklanýan muzeý gymmatlyklarynyň birnäçesi daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezildi. Şu waka gabatlanylyp, alymlar hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, suratlar bilen bezelen katalog çykaryldy.

Baýramçylyklara hem-de milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan köpsanly döredijilik çäreleri hem taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we wagyz etmek maksadyna eýerdi. Mysal üçin, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyga gabatlanylyp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlap ozal döreden we häzirki döwürde dünýäniň köp dillerine terjime edilen eserleriniň özboluşly dowamy bolan täze neşir giň köpçülige 21-nji aprelde hödürlenildi. Kitabyň esasy maksady ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy däpleri nukdaýnazaryndan görkezmekden ybaratdyr. Onda köpýyllyk ylmy barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar jemlenendir, awtoryň atçylygyň milli däpleri baradaky çuňňur bilimleri, şeýle hem nakyllarda, pähimlerde we parasatly sözlerde öz beýanyny tapan halk pähimleriniň uly toplumy şöhlelendirilendir.

Medeniýet ulgamynda işjeň ösdürilýän halkara gatnaşyklaryny beýan edýän wakalaryň hatarynda aprel aýynyň ahyrynda geçirilen Halkara türkmen-türk çagalar festiwaly bar. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdym-saz sungatynyň döredijilik gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çäreleriň barşynda nesilleriň dowamatlylygy bilen bagly mowzuk aýdyň beýan edildi. Bu baýramçylygyň adamlary beýik şygryýetiň ruhy bilen birleşdirmek baradaky maksadyna ýetendigini ynamly aýtmak bolar. Beýik şahyryň Türkmenistanyň günbatarynda, Balkan welaýatynda ýerleşen dogduk obasynda bu baýramçylyk has şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Däp bolşy ýaly, şol ýerde akyldar şahyryň hormatyna giň möçberli dabaralar guraldy. Ýaş zergärler, şahyrlar we ýazyjylar, bagşylar özleriniň döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Bu dabara baýramçylygyň öňüsyrasynda Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň Eýrandaky aramgähine zyýarat eden ildeşlerimiz hem gatnaşdylar.
Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň “Arşyň nepisligi” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu eser türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň, milli halyçylyk sungatynyň baý mirasyna bagyşlanýar. “Arşyň nepisligi” atly kitapda arheologiki we etnografiki barlaglaryň, geçen asyrlaryň taryhy ýyl ýazgylarynyň hem ýazuw çeşmeleriniň gyzykly maglumatlary hem getirilýär, türkmen halyçylygynyň dünýä sungatyna ýetiren täsiri aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Maý aýynda ýurdumyzda we daşary döwletleriň birnäçesinde geçirilen bilelikdäki döredijilik çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli baýlyklaryny we gazananlaryny has-da giňden ýaýmaga gönükdirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky, şeýle hem Rumyniýadaky Medeniýet günleri bar. Bu forumlaryň maksatnamalary sergileri, konsertleri, kino görkezişleri we beýleki çäreleri öz içine alyp, daşary ýurt köpçüligini ýurdumyzyň taryhy we şu günki ösüşi bilen tanyşdyrdy hem-de dostlukly döwletleriň arasyndaky berkeýän köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňat alamatyna öwrüldi.

Tomus paslynyň ilkinji aýy döredijilik çäreleri babatda işjeň boldy, munuň özi iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň baýram edilmegi bilen şertlendirilendir. Her ýyl geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi – ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda nobatma-nobat geçirilýän Medeniýet hepdeligi şol baýramçylyga bagyşlanýar.

Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 16-17-nji iýunynda Daşoguz şäherinde «Türkmenistan – medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi. Foruma taryhçylar hem-de medeniýetşynaslar, sungaty öwrenijiler we beýleki hünärmenler gatnaşdylar, olaryň ylmy taýdan gyzyklanmalarynyň üns merkezinde Merkezi Aziýa sebitiniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek meselesi durdy.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy sanawyna girizilen “Görogly” dessanyny çeper okamak hem-de onuň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak boýunça talyplaryň arasynda Daşoguzda bäsleşik geçirildi.

Gyrgys Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň iýun aýynda Aşgabatda geçirilmeginiň barşynda medeniýetleriň özara baýlaşmagy, bu ugurda tejribe alyşmak meselesi öz beýanyny tapdy. Gyrgyz medeniýet işgärleriniň, görnükli döredijilik toparlarynyň esasy artistleriniň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäreleriniň maksatnamasyny konsert çykyşlary, amaly-haşam eserleriniň we şekillendiriş sungatynyň sergisi, iň gowy gyrgyz kinolarynyň görkezilişi düzdi.

Ozal bellenilişi ýaly, medeni çäreleriň birnäçesi 27-nji iýunda bellenilýän döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna taýýarlanyldy. Her ýyl bu waka bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi 2016-njy ýylda Maryda guraldy. Ol özüne köpöwüşginli çäreleriň birnäçesini birleşdirdi. Bu çäreler ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, bu ulgamyň işgärleriniň hünär taýdan ösmegine täze we kuwwatly itergi berdi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň sergileri, şygryýet agşamlarynyň we bagşylaryň konserti, “Saýathan” operasynyň we “Ata pendi” sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilmegi, çagalar döredijilik baýramçylygy, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak çykyşlar görkezildi. “Medeni miras – halkyň ruhy dünýäsi” atly ylmy maslahat taryhy-medeni mirasy aýawly saklamk, öwrenmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem degişli ugurda häzirki gazanylanlary şöhlelendirmek meselelerine bagyşlandy. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler, türkmen halkynyň milli baýlygy bilen tanyşdylar.

Binagärlik keşbi we dizaýny boýunça özboluşly “Türkmeniň ak öýünde” geçirilen dabara sungat baýramçylygynyň jemleýji pursadyna öwrülip, ol esasy türkmen bagşylarynyň, ýaş estrada aýdymçylarynyň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bolan belli tans toparlarynyň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan gala konsert bilen dowam etdi. Medeniýet hepdeligini geçirmek nobatynyň simwoliki dabarasy esasy pursatlaryň biri boldy, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Taryhy hakyda, milli özboluşlylyk we döredijilik işiniň üznüksizligi – Medeniýet hepdeliginiň hem-de halkymyzyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine geçirilýän giň gerimli işleriň baş maksady bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyny görkezmek bolar. Ol milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, kitaphana işini hem-de bu ugurda ilata edilýän kitaphana hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň tanyşdyryş dabarasy 29-njy iýulda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi.

Maglumalaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welýatlarynyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birleşdirdi. Bu ulgam okyjylaryň birbada 600 müňden gowgaryna hyzmat etmäge, serwerler toplumynyň tehniki mümkinçilikleri bolsa ýazgylaryň saklanýan nusgalarynyň 11 milliona çenlisini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, täze tehnologik serişdeleriň özleşdirilmegi netijesinde çap edilen tekstleriň sanly görnüşe geçirilen nusgalaryndan peýdalanyp, maglumatlary gözlemek, kitaplaryň elektron görnüşlerini okap bilmek mümkinçiligini alyp bolýar.

Awgust aýynyň başynda Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilen “Dowamlylygyň ýaňy” döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry ruhy mirasy aýawly saklamagy we ýaýmagy ugur edinen ýylyň çärelerini dowam etdi. Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras boýunça müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guralan bäsleşigiň ýeňijileri türkmen halk aýdym-saz döredijiliginiň sungatynyň köpdürlüligini açyp görkezdiler.

Şeýle hem bu aýda “Dünýä dolan dessanym” atly festiwal badalga aldy. Dessan aýtmak sungatyna bagyşlanan bäsleşigiň jemleri noýabr aýynyň barşynda Daşoguz welaýatynda jemlendi. Sentýabr aýynyň festiwallar öwüşgini “Tüýdükçiniň owazy – göwünleriň ýazy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertini öz içine aldy, ol milli saz guraly bolan tüýdügi çalmak sungatyny ýaýmaga gönükdirildi. Onuň jemleri Mary welaýatynda jemlenip, bu ýerde bu sungat has uly meşhurlyga eýe bolup durýar. Şeýle hem sentýabr aýynda dilden aýdylýan halk döredijiliginiň bilermenleriniň bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, şol sanda ýaş türkmenistanlylar nakyllary, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary we matallary aýtmak ussatlygyny görkezdler.

3-nji awgustda Aşgabatda “Erteki gürrüň berijilik sungaty” boýunça Aziýa komitetiniň maslahatynyň geçirilmegi halkymyzyň ruhy genji-hasynasyna dünýä ýüzünde gyzyklanma bildirilýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu komitete Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň bäşisi we Koreýa Respublikasy girýär. Onuň işi Aziýa ýurtlarynyň milli baýlygyny dünýä ýaýmaga, olaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bilelikdäki işler, şeýle hem her ýurduň gadymy rowaýatlaryny we ertekilerini ýygnamak, olary sanly arhiwleşdirmek medeni mirasy aýawly saklamaga we ýaýmaga ýardam edip, olary hünärmenler hem-de okyjylaryň giň topary üçin elýeterli edýär. Türkmen erteki aýtmak sungatynyň nusgalary eýýäm ençeme gezek komitet tarapyndan çykarylýan suratly ýygyndylara girizilýär.

Geçmişiň belli bahasy bolmadyk ýadygärliklerini öwrenmek, barlamak we dikeltmek boýunça işler Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu babatda abraýly halkara guramalary we gaznalary, şol sanda “ABŞ-nyň medeni mirasy goramak saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy” atly maksatnamasynyň çäklerinde dowam edýän hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. 2016-njy ýylda onuň goldamagynda Lebap welaýatyndaky orta asyryň Daýahatyn kerwen saraýynda hem-de Daşoguz welaýatyndaky Ysmamytata binagärlik toplumynda dikeldiş işleri tamamlandy.

2016-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ABŞ-nyň «Medeni mirasyny gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2013-nji ýyl üçin geçirilen bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bu muzeýiň «XV asyrda Ahal welaýatynyň Anew şäherinde bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň epigrafiki peştagynyň we syrçaly (terme) nagyş paneliniň dikeldiş işleri» atly grant taslamasynyň ýapylyş dabarasy boldy. Üç ýyl mundan öň badalga berlen bu taslama Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasyyň hünärmenleri tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy. Şeýle hem 2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda şu muzeýde Gadymy Dehistan taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän Juma metjidiniň peştagyny rejelemek işini alyp barmak üçin, bäsleşigiň ýeňijisini gutlamak dabarasy guraldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysaly – Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri bolup durýar. Bu döredijilik çäresi Moskwa we Wladimir şäherlerinde awgust aýynyň soňky ongünlüginde geçirilip, deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge mynasyp goşandyny goşdy. Türkmen opera we estrada aýdymçylarynyň, döredijilik – tans toparynyň gatnaşmagynda Moskwa şäherindäki «Altyn halka» halk aýdym-sazynyň milli teatrynda guralan konsert, şeýle hem iki ýurduň artistleriniň Wladimir şäherinde guralan bilelikdäki çykyşlary Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň esasyny düzdi. Russiýanyň paýtagtynda türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyrynyň sergisi guraldy.

Döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäreler köp dürli öwüşgüne eýe boldy. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen her ýyl edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş çeper höwesjeňleriň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Ýola goýlan däbe görä, Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Hemişe bolşy ýaly, ýeňijileriň arasynda daşary döwletleriň wekileri hem boldy.

9-njy sentýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabarada çykyş etmek bilen “Biz milli medeniýetimizi has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça geçirýän işlerimizi geljekde hem giň gerim bilen dowam ederis. Halkymyzyň medeni mirasyny düýpli öwrenmek, ýaş nesillerimize ýetirmek, medeniýet we sungat ussatlarynyň täze neslini ýetişdirmek üçin yzygiderli tagalla ederis” diýip belledi. Türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň ylalaşdyryjylyk maksady deňizýakasynda geçirilen döredijilik baýramçylygynyň uly konsert maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2016-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada III Wena baly geçirildi. Bu özüne çekiji çäre Aşgabatda eýýäm üçünji gezek geçirilip, türkmen we awstriýaly sazandalary, aýdymçylary, tans sungatynyň wekillerini birleşdirdi. Milli we dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyndan belli nusgawy eserler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçiilen balyň maksatnamasyny düzdi. Türkmen sazandalarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň döredijilik agşamy 25-nji sentýabrda Türkmen-Awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti bilen utgaşyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam etdi.

Medeniýet ulgamynda döwletara gatnaşyklary sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Türkmenistanyň Saud Arabystanyynda Medeniýet günleriniň çäklerinde öz dowamyna eýe boldy. Bu çäräniň açylyş dabarasy hem-de türkmen sungat ussatlarynyň konserti Er-Riýadda Patyşa Fahd adyndaky medeni merkezde guraldy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we neşir önümleriniň sergisi guraldy.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýokary ussatlygy halkara derejesinde ýygy-ýygydan bellenilýär. 2016-njy ýylda özüniň 90 ýyllygyny belläp geçen A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň Belarus Respublikasynyň Brest şäherinde geçirilen «Ak diň» atly ХХI halkara teatr festiwalyna gatnaşmagy munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde iň gowy sahnalaryny dünýäniň 16 ýurdunyň teatr toparlary görkezdiler. Puşkin teatry “Biz hökman duşuşarys” atly spektaklyny görkezdi, ol bu festiwalyň diplomyna mynasyp boldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylda halkara derejesinde ykrar edilen ýurdumyzyň ýaş zehinleriniň gazanan üstünlikleri barada hem durup geçmeli. Olaryň biri meşhur “Mukam” skripkaçylar toparynyň agzasy Elina Gurbanowa bolup, ol maý aýynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, Uly Kreml Köşgüniň Georgiýewskiý zalynda geçirilen “Nesilleriň owazy” atly IV Halkara çagalar festiwalynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik etdi. Iýul aýynda türkmen gimnastikaçysy Selbi Şyhyýewa “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň IX halkara festiwalynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.

Tamamlanan ýyl Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän Moskwanyň halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Kitap sungaty” atly bäsleşiginiň ýokary sylagyna Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çykaran kitap önümleri nobatdaky gezek mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Türkmenistan” atly kitaby bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly işinde birleşdirilen we ulgamlaşdyrylan halk nakyllary we atalar sözleriniň ýygyndysy “Arkalaşyk” ugry boýunça ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy.

“Bitarap Watanym meniň” atly neşir “Çagalar we ýetginjekleri üçin kitap” atly ugur boýunça ýeňijileriň hataryna girdi. “Medeniýetleriň gatnaşygy” atly ugur boýunça ýeňijileriň hatarynda “Merwiň orta asyr kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” atly ylmy-köpçülikleýin işi bar. “Ylym we innowasiýalar” ugry boýunça bolsa bäsleşigiň ýeňijisiniň diplomyna Marynyň çeperçilik mekdebiniň aýratyn zehinine bagyşlanan “Gadymy Merwiň rowaýatlary” atly kitap mynasyp boldy.

Türkmen paýtagtynda her ýyl geçirilýän “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty ýurdumyzyň kitap neşirýatynyň we poligrafiýa senagatynyň gazananlary babatda aýratyn ünse mynasyp bolýar. 21-23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen IX Halkara kitap sergi-ýarmarkasyny gurmakda medeni mirasyň aýawly saklanmagyna, onuň dünýä giňden ýaýylmagyna üns berildi. Serginiň işine dünýäniň 19 ýurdundan sergä gatnaşyjylar geldi. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň neşirýat pudagynyň gazananlary, kitap we beýleki neşir önümleriniň önümçiligine täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, elektron hyzmatlar ulgamyny döretmegiň, maglumat bermegiň hem-de elektron görnüşdäki kitaplary ýaýratmagyň tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde kitabyň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň alymlary we kitaphana işiniň hünärmenleri, olaryň Arkalaşygyň ýurtlaryndan gelen kärdeşleri gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda daşary ýurtly suratkeşler bilen professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýazyjylaryň, žurnalistleriň, talyplaryň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başynda geçirilen beýleki bir duşuşygyň barşynda milli gymmatlygymyzy, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplary wagyz etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýäniň durli ýurtlaryndan bolan çagalar hakda ýazýan ýazyjylar we şahyrlar “Ertekiler ýurduna syýahat” atly duşuşykda çagalar üçin döredijiligi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garadylar. Forumyň çäklerinde ýene-de bir döredijilik çäresi terjimeçilik sungaty boldy.

Neşirýatlaryň, kitap söwdasyny alyp barýan ulgamlaryň ýolbaşçylary, ýazyjylar, kitaphana we bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri, medeniýet işgärleri täze kitaplar bilen tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby bar. Neşir ady rowaýata öwrülen türkmen sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işi häzirki zamanyň dünýä gurluşynyň ykbaly hakynda awtoryň çuňňur filosofik pikir ýöretmeleri bilen tapawutlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Şükür bagşynyň keşbini açyp görkezip, bu keşbiň özeninde duran pikiriň umumadamzat mazmunyny nygtaýar. Bu pikir sungatyň parahatçylyk döredijilik wezipesidir hem-de aslynda parahatçylyk döredijilik sungatydyr. Kitabyň okyjylarynyň sany onuň rus diline terjime edilen görnüşiniň çapdan çykmagy bilen has-da artdy. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirildi.

Bu ähmiýetli şanly sene ýurdumyzda hem-de dostlukly daşary döwletleriň birnäçesinde oktýabrda geçirilen köpsanly çärelere belent röwüş çaýdy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň günleri 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti hem-de däp bolan tatar çeper senetçiliginiň sergisi bilen açyldy. Biziň dostlukly halklarymyzyň hut ruhy aragatnaşyklary dürli ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär diýip, bu uly möçberli çärä gatnaşmaga Aşgabada gelen Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow nygtady.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Tatarystanyň Milli kitaphanasynyň we Ýazyjylar birleşiginiň ýolbaşçylary, dostlukly ýurduň ýazyjylary we şahyrlary, žurnalistleri bilen geçirilen duşuşygyň barşynda medeniýet, bu ulgamda tejribe alyşmak babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen-tatar işewürlik maslahatynyň giňişleýin maksatnamasynda hem ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Baýramçylyk aýynyň halkara çäreleriniň hatarynda “Parallel Nippon-häzirki zaman ýapon binagärligi” diýen fotosergi boldy. Ol şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilip, şonda Ýaponiýanyň binagärlik pikiriniň esasy akymlaryny we ugurlaryny beýan edýän fotoişleriň ýüzden gowragy görkezildi.

Oktýabryň birinji ongünlüginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açylan Ýapon medeni-bilim merkeziniň işi ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirildi. Arhelogiki tapyndylary we muzeý öwreniş ulgamynda iki döwletiň özara hereketlerine hem ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň öňe ilerledilişiniň nukdaýnazaryndan garamak gerek. Ine, Türkmenistanyň ýadygärliklerini öwrenmek we dikeltmek ulgamynda Ýaponiýanyň Miho muzeýi bilen ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ozal gol çekilen Ähtnamanyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde 2016-njy ýylyň dördünji çärýeginde taraplar Köneürgenjiň ýadygärliklerini dikeltmek boýunça bilelikdäki işlere başlamak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleri ýapon kärdeşleri bilen bilelikde bu işleri orta asyr aramgähleriniň, hususan-da, Köneürgençde gümmezleriň iç ýüzüne örtülen daşjagazlaryň syrçalarynyň gadymky düzümini öwrenmekden hem-de gaýtadan dikeltmekden başlamagy meýilleşdirýärler.

Paýtagtymyzyň Mejlisler merkezinde Garaşsyz Watanymyzyň şanly senesine bagyşlanan sungat ussatlarynyň Döwlet konserti ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şol gün sahnada hormatly Prezidentimiziň sözlerine we sazyna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy bellärliklidir. Şol konsertde ýerine ýetirilen täze aýdymyň sözleri ýazylan golýazma Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeýiniň gaznasynda hemişelik saklamak üçin muzeýe dabaraly gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde däp boýunça baş milli baýramçylygymzyň öň ýanynda geçirilýän ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijileri boldy. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde guralýan bu döredijilik bäsleşiginiň netijeleri 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Döwlet medenýiet merkeziniň Mukamlar köşgünde jemlenildi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öň ýanynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan ” diýen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Täze neşir döwlet özygtyýarlylygynyň 25 ýyllyk taryhynyň senenamasy beýan edilýär. Ol diňe bir taryh babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi babatda hem şöhlelendirilýär.

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde guralan sergi Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine bagyşlanyldy. Onda milli şekillendiriş sungatynyň köpöwüşginliligi görkezildi. Şeýle hem paýtagtymyzyň Sergi merkezinde geçen ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bilen baglylykda milli şekillendiriş sungatyny ösdürmäge hem-de onuň ajaýyp wekillerine bagyşlanylan çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Noýabryň ilkinji ongünliginde Aşgabatda “Dünýä medeniýetinde “Görogly” şadessanynyň tutýan orny” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Foruma daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri – dünýäniň 15 ýurdundan iri medeni merkezleriň ýolbaşçylary, taryhçylar, gündogary öwrenijiler, sungaty öwrenijiler, dilçiler we edebiýaty öwrenijiler, kitaphanalaryň we muzeýleriň hünärmenleri gatnaşdylar. UNESKO-nyň, Belgiýanyň, Ýaponiýanyň ylmy toparlarynyň wekilleriniň we beýlekileriň çykyşlarynda ajaýyp edebi gymmatlygyny köptaraplaýyn öwrenmek işinde halkara maslahatynyň ähmiýeti beýan edildi.

Noýabrda Koreýa Respublikasynyň şäherleriniň ikisinde—Seulda we Kwanjuda geçirilen türki medeniýetiň halkara festiwalynyň çäreleriniň çäklerinde türkmen we türk artistleriniň bilelikdäki konserti, türkmen filmleriniň görkezilişi boldy, 13-nji noýabrda bolsa Türkmenistanyň Güni geçirildi.Onuň maksatnamasyna muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem-de ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti girizildi.

Özbegistan Respublikasynda noýabryň birinji ongünlüginde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki döwletiň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň medeni gymmatlyklarynyň alşylmagyna, netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berdi. Daşkent we Buhara şäherleriniň ýaşaýjylary we myhmanlary türkmen halkynyň döredijilik däpleri hem-de mirasy, ýurdumyzyň häzirki zaman medenrýeti bilen tanşyp bildiler.

Däp boýunça noýabryň birinji ongünlüginde geçirilen “Türkmenistanda Mosfilmiň günleri” medeniýet babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etdi. Türkmen paýtagtynda, şeýle hem Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde geçirilen häzirki zaman hem-de nusgawy kino eserlerine öwrülen kinofilmleriň görkezilmegi çäräniň maksatnamasyna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň yhlasly zähmeti bilen uly goşant goşan uly ýaşly nesillere hormat bilen garamagyň nusgasyny ildeşlerimize ençeme gezek görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda noýabrda geçirilen Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewany hormatlamak dabarasy bellärliklidir. Ol ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz meşhur artiste “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşurdy. Fahriýa Aliýewa 65 ýylyň dowamynda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda yhlasly zähmet çekip, halkymyza wepaly hyzmat etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz gutlag sözünde nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ileri tutulýan ugurlar bolmak bilen, döwlet syýasatynyň bitewi özenini düzýär. Bu ýörelgeler parasatly ata-babalarymyzyň wesýet eden däp-dessurlarynyň esasyny düzýär. Häzirki nesilleriň wezipesi olary saklamk, kämilleşdirmek hem-de döwrüň ruhuna laýykda ösdürmek blup durýar.

2016-njy ýylyň güýzüniň ahyrky aýy arheologlardan oňat habar getirdi. Türkmen-fransuz we türkmen-rus arheologik toparlaryň bilelikdäki işleriniň netijesinde toplumyna Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe, Garadepe şäher siwilizasiýasynyň bütin dünýä meşhur arheologiýa ýadygärlikleri girýän “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda köpsanly arheologik tapyndylaryň üsti açyldy. Şol tapyndylar gadymy ýaşaýyş toplumlaryň taryhyny açýar. Olaryň käbir bölegini, şol sanda gadymy keramikanyň täsin nusgalaryny öwrenenlerinden hem-de dikeldenlerinden soň, goraghananyň işgärleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyna berdiler.

Orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärligi bolan Daýahatyn kerwensaraýynda hem dikeldiş işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu barada Amuldan Horezme barýan kerwen ýolunda müň ýyl töweregi mundan ozal gurlan bu desganyň dikeldiş işleriniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp, 23-nji noýabrda geçirilen dabarada gürrüň edildi. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna goşmak üçin teklip edilen Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmegiň indiki tapgyrlarynyň wezipeleri kesgitlenildi.

Dekabr aýynda Dşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy üstünlikli geçirildi.

Daşoguzyň paýtagt wezipesiniň tamamlanmagynyň hormatyna ähli jemleýji çäreler etnografik öwüşginlere beslendi—milli senetçiligiň ajaýyp nusgalaryny görkezýän sergiler boldy. Welaýatyň folklor toparlary, asyrlaryň dowamynda Türkmenistanyň Demirgazyk sebitini şöhratlandyryp gelýän bagşy-sazandalar myhmanlary ähli ýerlerde aýdymlar we tanslar bilen garşyladylar. Bu çykyşlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan, şol sanda wakalaryň bolup geçýän ýerinden göni alyp görkezýän “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy tarapyndan reportažlary üçin giňden peýdalanyldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň başlygynyň orunbasary jenap Konysbek Žusupbekow jemleýji dabarada eden çykyşynda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi hem-de özüniň wekilçilik edýän guramasynyň adyndan bu ýere ýygnananlary Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde hormatly wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Ol döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatynyň netijeliligini aýratyn nygtap, şol syýasatyň üstünlige beslenýändigine häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlarynyň şaýatlyk edýändigini belledi. Muňa ýurdumyzda bolup gören özi hem-de köpsanly wekiliýetleriň agzalary görüp göz ýetirip bildiler.

Daşoguzdaky dabaralar ýokary ruhubelentligiň we medeniýetiň örän gadymy merkezleriniň biri hökmünde, häzir bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýandygyny ýene-de ýüze çykardy.

Muňa ýurdumyzyň Nowruz baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin köpçülikleýin ýüz tutulmagyna gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ol bu halkara gurama tarapyndan tassyklanyldy. Ýüztutma gije bilen gündiziň ýazky deňleşmesiniň bu baýramçylygy bellenilýän 12 döwlet – Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Hindistan, Eýran, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan berildi.

Dekabrda mejlisi Efiopiýada geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl, medeni mirasy gorap saklamak baradaky Komitetiniň myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýan, bütindünýäde dostluga hem-de ylalaşyga çagyrýan Ýer ýüzünde iň gadymy baýramçylyklaryň biri bolan Nowruzy Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak hakynda çözgüdi yglan edildi.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ahyrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň täzelenen we üsti ýetirilen ekspozisiýasy görkezildi. Ýewropada bu ajaýyp müňýyllygy Gündogaryň täzeden döreýiş döwri diýip,ýöne ýerden atlandyrmaýarlar. Muzeýiň ýene-de bir täzeligi ähli sergi zallarynda türkmen, iňlis we rus dillerinde ekspozisiýanyň bölümlerine düşündiriş-teswirli diwarlyklar peýda boldy, Türkmenistanyň taryhynyň öwrenilmegine uly goşant goşan ajaýyp Gündogary öwreniji alymlaryň hem-de arheologlaryň suratlary goýlupdyr. Munuň özi muzeýiň ekspozisiýalaryny halkara ölçegleriniň derejesine geçirmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň ilkinji tapgyrydyr.

Täze ýyl çäreleriniň kördürli we baý medeni maksatnamasy hem 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň wakalarynyň öwüşginini artdyrdy. Olaryň hatarynda daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň hem-de meşhur türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň çykyşlarynyň tapgyrlary, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň belli amerikan sazandalary bilen bilelikdäki konserti, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda Russiýa Federasiýasynyň sirk sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çykyş bar.

Däp boýunça Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy–2016” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol sekizinji gezek guraldy. Ýurdumyzda bu meşhur bäsleşigiň maksady diňe bir köpçülige meşhur bolan aýdymçylary çekip, olardan iň gowularyny saýlamakdan däl, eýsem, täze özboluşly zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Şeýlelik bilen, 2016-njy ýylyň medeni durmuşynyň wakalary ýeke-täk umumylyga jemlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň üstünlikleriniň hem-de gazananlarynyň, onuň ruhy ösüşiň belentliklerine okgunly hereketiniň giň gözýetimini janlandyrýar.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir