Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Bildirişi

BILDIRIŞ

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Bildirişi

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bäsleşik yglan edýär.

Resminamalaryň kabul ediş möhleti 2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-den      20-e çenli, sagat 9-den – 18-e çenli, amala aşyrylýar. 

Goşmaça maglumat almak üçin şu ýere ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 108. Telefon:(+99312) 44-56-24

 Goşmaça Maglumat:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekleri hakynda Maglumat 

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekligiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 26-njy awgustyndaky karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri hakynda DÜZGÜNNAMA  we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2016-njy ýylyň 31-nji awgustyndaky  №43-Ö buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri üçin bäsleşigi geçirmekligiň TERTIBI esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini (mundan beýläk – Merkez) üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin, bäsleşik esasynda seçip almak amala aşyrylýar we bäsleşigi geçirmekligiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Merkeziň okuwyny üstünlikli tamamlan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmeklige bäsleşik esasynda seçilip alnan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlary tälim alşy geçip bilýärler. 

Tälim alşy geçmegiň esasy maksady administratiw-tehniki işi boýunça hünär bilimlerini we zerur tejribe endiklerini öwrenmekden ybarat.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine tälim alşy geçmeklige kabul edilen hünärmenlere aýlyk zähmet haky, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referentiniň aýlyk zähmet hakynyň möçberinde bellenilýär. Tälim alşyň geçirilýän döwri 3 aý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň esasy wezipe sanawyndan daşary, tälim alşy geçýän hünärmenler bilen tälim alşyň geçirilişiniň tutuş döwri üçin möhletli zähmet şertnamasy baglaşylýar.

Tälim alşyň geçirilişiniň möhleti tamamlanandan soňra, tälim alşy geçýän hünärmenleriň işiniň jemlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär synagy topary tarapyndan garalýar.

Hünär synagynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýrugy bilen tälim alşy geçen hünärmenleri Türkmenistanyň Diplomatiki gullugynyň ulgamynda diplomatik gullugyň administratiw-tehniki işgäri wezipesine bellenilýär.

Degişli hödürnamany almadyk we hünär synagyndan geçmedik tälim alşy geçen hünärmenler bilen tälim alşyň möhleti tamamlanandan soň zähmet şertnamasy bes edilýär. 

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi 

 

 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Güni

2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir