Baş Sahypa / BİLİM

BİLİM

Türkmenistanyň Prezidenti Bilim Ulgamynda Işgärleriň Hünär Derejesi Baradaky Meseläni Ilkinji Derejeli Hatara Çykardy

Türkmenistanyň Prezidenti Bilim Ulgamynda Işgärleriň Hünär Derejesi Baradaky Meseläni Ilkinji Derejeli Hatara Çykardy

Her ýyl täze edaralar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň üsti ýetirilýär. Diňe 2016-njy ýylda Türkmenistanda bilim edaralarynyň 35-si ulanmaga berildi. Olar umumy 9540 orunlyk 17 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 2970 orunlyk 16 sany çagalar baglarydyr. Geçen ýyl Aşgabatda täze ýokary okuw mekdebi – 3000 talyba niýetlenilen Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar …

Dowamy »

Ylym we Bilim Ulgamy

Ylym we Bilim Ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp hem-de şeýlelikde, özümiziň ykdysady, syýasy, …

Dowamy »

Magtymguly Adyndaky TDU-nyň Talyplary Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplarynyň Arasynda Geçirilen Olimpiýadanyň Ýeňijileri

Magtymguly Adyndaky TDU-nyň Talyplary Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplarynyň Arasynda Geçirilen Olimpiýadanyň Ýeňijileri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen aň-bilim bäsleşigine talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olaryň iki ýüzden gowragy baýrakly orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylymly-bilimli talyplaryndan iň güýçlilerini kesgitlän olimpiýadada 14 ugurdan bäsleşik geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri baýrakly 24 ornuň altysyny eýeläp öňe saýlandylar. Olar türkmen dili we edebiýaty, …

Dowamy »

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetini döretmek we onuň täze binasyny gurmak bilen baglanyşykly geçirilýän wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylara. Hormatly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar! Sizi rysgal-bereket, ýagşy umyt-arzuwlar bilen gelýän Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze fakultetini döretmek we onuň täze binasyny gurmak bilen …

Dowamy »

Sport Institutynda Täze Fakultet Açylar

Sport Institutynda Täze Fakultet Açylar

Türkmen Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda mejlis geçirildi. Onuň esasy meselesi ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak hem-de onda täze fakulteti açmak hakynda gol çeken kararynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Mejlise syýasy işgärler, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Demokratik …

Dowamy »

Ýaş Alymlar Merkezi Ýaşlaryň Ylmy Gözleg Işlerini Höweslendirer

Ýaş Alymlar Merkezi Ýaşlaryň Ylmy Gözleg Işlerini Höweslendirer

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezi dörediler. Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilýän merkeziň maksady ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, olaryň täze açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly derejede durmuşa geçirmegi, gözýetimlerini …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan duýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2017-nji ýylda …

Dowamy »

Selbi Myradowa Rus Dili Boýunça II Bütinrussiýa Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandy

Selbi Myradowa Rus Dili Boýunça II Bütinrussiýa Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ikinji ýyl talyby Selbi Myradowa rus dili boýunça II Bütinrussiýa olimpiýadasynda ýeňiş gazandy. Halkara gatnaşyklary boýunça geljekki hünärmen iň ýokary netije üçin berilýän 1-nji derejeli diploma mynasyp boldy. Internet-bäsleşigi Russiýanyň „Olimpiadalar dünýäsi“ portaly gurnady. Iternet arkaly gurnalan nobatdaky bilim estafetasy şu ýylyň 6-njy …

Dowamy »

Türkmenabatly Ýaşajyk Zehinler Halkara Internet Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandylar

Türkmenabatly Ýaşajyk Zehinler Halkara Internet Olimpiýadasynda Ýeňiş Gazandylar

6-11-nji synp okuwçylary Sankt –Peterburgyň diplomdan soňky bilim akademiýasynyň fizika-matematika kafedrasynyň, „Nord Education” (Finlandiýanyň Espoo şäheri) we „MetaMekdep. Maglumatlar tehnologiýalary“ ( Sankt-Peterburg şäheri) kompaniýalarynyň guran internet-olimpiýadalarynda ýörite diplomlaryň 38-ne mynasyp boldular. Lebaply okuwçylar „Info-sapak“ taslama olimpiadasynda geografiýa, informatika, fizika we biologiýa boýunça iň gowy netijeleriň birini görkezip, ýörite diplomlaryň bäşisini …

Dowamy »

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Dünýäniň Esasy Ylym Bilim Merkezleri Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Halkara Nebit we gaz Uniwersiteti Dünýäniň Esasy Ylym Bilim Merkezleri Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Golaýda Malaýziýanyň „PETRONAS“ Tehnologiýa uniwersiteti we Germaniýanyň Swikkau şäherinde ýerleşýän Günbatar-Saksoniýa amaly ylymlar Uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Malaýziýa bolan resmi saparynyň çäklerinde „PETRONAS“ uniwersiteti bilen gol çekilen ylalaşyk HNweGU bilen milli ýangyç-energetika toplymy üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlaýan „PETRONAS“ Tehnologiýa uniwersitetiniň …

Dowamy »