Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY

GÜNÜŇ WAKALARY

12-nji Fewralda Geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Saýlawlara Dalaşgärleri Bellige Almak Tamamlandy

12-nji Fewralda Geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Saýlawlara Dalaşgärleri Bellige Almak Tamamlandy

17-nji ýanwarda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň nobatdaky möhüm tapgyry—Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. 12-nji fewralda döwlet Baştutany wezipesine geçiriljek saýlawlara dalaşgärleriň 9-sy resmi taýdan bellige alyndy. Olaryň hatarynda Demokratik partiýadan—Türkmenistanyň häzirki Prezidenti G.M.Berdimuhamedow; Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan—“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew; Agrar partiýadan—Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan Welaýatyna Iş Sapary

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz örän iri hem-de milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki ähmiýetli desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag …

Dowamy »

Halkabat Meýdançasynda Barlag Guýusynyň Buraw Işleri Tamamlandy

Halkabat Meýdançasynda Barlag Guýusynyň Buraw Işleri Tamamlandy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary Türkmenistanyň gündogarynda Galkynyş etrabynda Köseşor gaz känindäki Halkabat meýdançasynyň birinji barlag guýusynda 4000 metr taslama çuňlugyna ýetdiler. 3070-3064 metr çuňlukdaky orta-ýura çägesöw-alewrit çökündilerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça 20 mm ştuserde günde 181,6 müň kub metr möçberinde kükürtsiz gazyň we 32,4 müň kub metr kondensatyň …

Dowamy »

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy

TOPH Taslamasyny Durmuşa Geçirmegiň Meseleleri Maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Abdul Malik iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi sebit we global derejede ykdysady ösüşe ýardam etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Mälim bolşy ýaly, TOPH …

Dowamy »

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan yglan edilen satuwda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki desgalaryň jemi 34-sini hususy eýeçilige satmak meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň dolanyşygynda bolan kärhanalaryň paýnamalarynyň döwlet bukjalary, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň garamagyndaky hem-de birnäçe …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşyk Meýdançasyna Bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky Gazhimiýa Toplumynyň Gurluşyk Meýdançasyna Bardy

Hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işleýji we polietilen we polipropilen öndüriji gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Toplumyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýän kärhananyň tehnologik häsiýetnamalary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz toplumyň birnäçe onümçilik desgalaryny we …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Şäheriniň Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşyny Gözden Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Şäheriniň Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşyny Gözden Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamanyň amala aşyrylmagy 2500-den gowrak iş orunlarynyň …

Dowamy »

Dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Ahal welaýatynda bolan saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew bilen bolan duşuşygy saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäräni dowam etdi. Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen duşuşyga sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri …

Dowamy »

Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Türkmenbaşyda Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet baştutany wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni- sport merkezinde boldy. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ynanylan wekil J.Annaýewi oňat guramaçylyk ukyplary bolan, ak …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Garabogazda karbamid öndürjek zawodyň, Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşykçylary bilen duşuşdy. Bu desgalaryň gurluşyk meýdançalaryndaky duşuşyga gatnaşyjylar12-nji fewralda geçiriljek saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgäre sowal bermäge mümkinçilik aldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy …

Dowamy »