Baş Sahypa / Iň Täze Habarlar

Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Iň Täze Habarlary Türkmen Habar Gullugynda

Duşak Dagy Boýunça Belentlikdäki Ýaryş Skaýranning Möwsümini Açdy

Duşak Dagy Boýunça Belentlikdäki Ýaryş Skaýranning Möwsümini Açdy

Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi …

Dowamy »

Türkmenistanlylar Garyşyk Başa-Baş Göreş Boýunça Dünýä Çempionatynda Ýedi Altyn Medala Eýe Boldular

Türkmenistanlylar Garyşyk Başa-Baş Göreş Boýunça Dünýä Çempionatynda Ýedi Altyn Medala Eýe Boldular

Garyşyk başa-baş göreş boýunça Antaliýa (Türkiýe) şäherinde geçen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde sport ussady Şöhrat Allaýew örän gowy netije görkezdi. Dünýäniň 40 ýurdundan 1000-den gowrak türgeni özünde jemlän bu ýaryşda Söweş sungatlary milli federasiýasynyň (hanmudo) tälimçisi Ş.Allaýew dört gezek hormat münberine çykdy. Ildeşimiz MMA-laýt görnüşi (ýeňilleşdirilen söweş görnüşi, …

Dowamy »

Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy

Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy

25-nji martda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Koreýanyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk minisrtliginiň guran konserti boldy. Koreý medeniýetiniň wekilleriniň 60-dan gowragy:esasan Gugaka milli merkezine wekilçilik edýän halk saz gurallarynyň sazandarlary, tansçylar, sahna ussatlary aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny öz ýurdunyň baý aýdym-saz sungaty bilen …

Dowamy »

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz ýaryşyň final bölegine çykdy. Indi ildeşlerimiz bu abraýly ýaryşyň altyn medaly ugrunda göreşerler. Türkmen woleýbolçylary eýýäm Nepalyň (3:0) we Maldiw adalarynyň (3:0) ýygyndylaryny ynamly ýeňdiler. Soňra bolsa ildeşlerimiz ýaryşyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Gyrgyzystanyň …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, …

Dowamy »

Brent Kysymly Nebitiň Bahalarynyň Aşaklamagy Haýallady

Brent Kysymly Nebitiň Bahalarynyň Aşaklamagy Haýallady

ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklarynyň artmagy barada Amerikanyň nebit institutynyň (API) berýän maglumatlary netijesinde geçen ýylyň 30-njy noýabryndan bäri iň aşak derejä düşen Brent kysymly nebitiň bahalary pese düşmegini az-kem haýallatdy, diýip Ria Nowosti 22-nji martyň söwda geleşiklerine salgylanyp habar berýär. 15:54 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň maýdaky …

Dowamy »

Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan garalyp geçilen esasy mesele Aziýa oýunlarynyň nyşanlary, birinji nobatda bolsa oýunlaryň esasy keşbi Wepaly atly alabaý iti boldy. Şeýle hem Wepaly bäsleşikleriň geçiriljek sport görnüşleriniň 21-sinde hem şekillendirilipdir. Milli Liderimiziň teklibi boýunça bu şekiller köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň jemgyýetçiligiň tanyş bolmagy hem-de ara alyp maslahatlaşmagy üçin …

Dowamy »

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary 3:1 Hytaýyň Taýpeý topary

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary 3:1 Hytaýyň Taýpeý topary

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Hytaýyň Taýpeý toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu bäsleşik 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji aýlawynyň çäklerinde geçirildi. Türkmen türgenleri “E” toparda çykyş edýärler. Onda Bahreýniň we Singapuryň futbolçy toparlary bar. Onda birinji we ikinji orna düşen …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy »

Bagtly Maşgala Karzy

Bagtly Maşgala Karzy

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Bagtly maşgala” atly ýeňillikli karzyny berýär. Mundan beýläk ýaş maşgalalar öz öýlerini bezemek, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin örän amatly şertlerde Bagtly maşgala karzyny alyp bilerler. Bagtly maşgala karzyny …

Dowamy »