Baş Sahypa / TEHNOLOGİÝA

TEHNOLOGİÝA

Türkmenistanyň gündelik tehnologiýa habarlary web saýtymyzda

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Microsoft Kompaniýasy - Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny hem-de durmuş ulgamlaryny informatizasiýalaşdyrmak ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy wezipelerini kesgitläp, halkara hyzmatdaşlygy we bu ulgamda daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň hem-de guramalarynyň tejribesini peýdalanmagy ilkinji orna çykarýar. Dünýäniň iň iri maglumat tehnologiýalary korporasiýalarynyň biri bolan “Microsoftyň” Türkmenistanda resmi wekilhanasyny açmak barada 2015-nji ýylyň …

Dowamy »

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň müşderileriniň sany köpelýär, şeýle hem ýokary tehnologiýaly süýümli-optika ugurlary arkaly guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Şu ýyl welaýatlaryň barylmagy kyn we alysdaky ýerlerinde ýaşaýan ilaty maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmagyň derejesi görnetin ýokarlanar. Aragatnaşyk ministrligi …

Dowamy »

Türkmen Hemrasy Owganystana Öz Telegepleşiklerini Alyp Görkezmäge Mümkinçilik Berýär

Türkmen Hemrasy Owganystana Öz Telegepleşiklerini Alyp Görkezmäge Mümkinçilik Berýär

Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyň “TürkmenÄlem52oE” hemrasy diňe bir biziň ýurdumyzyň çäklerindäki däl, eýsem, Orta Aziýanyň beýleki döwletleriniň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýewropanyň döwletleriniň ulanyjylaryna köp görnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyň birnäçesini, şol sanda sanly teleradiogepleşiklerini, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem52oE”-niň hemra transponderleriniň ýokary …

Dowamy »

Türkmen Senagaty Durmuş Tehnikalarynyň Çykarylmagyny Özleşdirýär: Ýurdumyzyň Tozan Sorujylary we Elektrik Demojaklary Peýda Bolar

Türkmen Senagaty Durmuş Tehnikalarynyň Çykarylmagyny Özleşdirýär: Ýurdumyzyň Tozan Sorujylary we Elektrik Demojaklary Peýda Bolar

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi tarapyndan bu ugurda zerur işleriň amala aşyrylýar. Durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň –gaz we elektrik ojaklarynyň, elektrik demojaklarynyň, elektrik gyzdyryjylaryň, tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, “Hojalyk harytlary” atly hojalyk jemgyýeti döredildi. “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen …

Dowamy »

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmançylyk jemgyýetçiliginiň wekilleri, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebine degişli bu düzümleriň ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Oba Hojalyk Önümlerini Öndürijiler Hakynda)

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýyllyk 1 göterim we 5 göterim bilen ýeňillikli karzlar berler. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol …

Dowamy »

Aşgabatda Özbegistanda Öndürilen Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Tanyşdyrylyşy Boldy

Aşgabatda Özbegistanda Öndürilen Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Tanyşdyrylyşy Boldy

Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikalarynyň “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistandan wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde maşyngurluşyk, hyzmatlar we degişli kärhanalaryň wekilleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk önümçiliginiň, Ahal welaýatynyň daýhan birleşiginiň işgärleri, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we Agrar partiýanyň …

Dowamy »

Aziada-2017-niň Aragatnaşyk Hyzmaty Teleýaýlymlarda Görkezmegiň we Internet-Aragatnaşygynyň Ýokary Hilini Üpjün Eder

Aziada-2017-niň Aragatnaşyk Hyzmaty Teleýaýlymlarda Görkezmegiň we Internet-Aragatnaşygynyň Ýokary Hilini Üpjün Eder

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar. Türkmen telewideniýesi tarapyndan …

Dowamy »

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

Altyn Asyr Oba Ýerlerinde Ykjam Aragatnaşygyň Hilini Gowulandyrmak Maksady Bilen 2G we 3G Ülüňli Beketleriň Ýenede 100-sini Oturdar

Ýurdumyzyň öýjükli “Altyn Asyr” aragatnaşyk ulgamynyň belgileriniň sany artdyrylýar. Eger-de, 2007-nji ýylda bu ulgamdan peýdalanýanlaryň sany 35 müňe deň bolanlygyndan, häzirki wagta çenli olaryň sany 5 milliona ýetdi. Diňe geçen ýylyň dowamynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 430 müň artdy, Internete peýdalanyjylaryň 198 müňden gowragy birikdirildi. Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk …

Dowamy »

Aşgabatda Uz-Daewoo Kysymly Ulaglaryň Dowamy Bolan Täze Kysymly Ravon Awtomobilleriniň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Aşgabatda Uz-Daewoo Kysymly Ulaglaryň Dowamy Bolan Täze Kysymly Ravon Awtomobilleriniň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Paýtagtymyzda Uz-Daewoo kysymly ulaglaryň dowamy bolan täze kysymly Ravon awtomobilleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre “UzAwtoSanoat” paýdarlar kompaniýasy we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistan” döwlet söwda merkezi bilen bilelikdäki döredilen “Turkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guraldy. Oňa dürli kysymly awtomobilleri öndürýän zawodlaryň birnäçesiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýeňil awtomobilleri …

Dowamy »