Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

Bahar baýramy bolan Nowruz ýaşlygyň, gözelligiň, haýyrly özgertmeleriň,ýagşy umytlaryň özara baglanşygydyr. Şu baýrama bagyşlanan sergidäki işlere syn edýän adamda hut şeýle duýgylar döreýär.

Ondaky iň şowly işleriň biri hem tanymal nakgaş Stanilaw Babikowyň „Pökgi oýny“ atly eseridir. Bu ussadyň suratlaryna mahsus açyk reňkler ussatlarda-da, sungat muşdaklarynda-da gyzyklanma döredýär. Awtor oýna gyzygan inçe bil, owadan we şadyýan gyzlary şekillendiripdir. Bu olaryň Bahary-ýagşy umytlara beslenen döwür. Olaryň ýanyp duran gözleri gyzlaryň bagtyýarlygyny, ýaşaýşa aşyklygyny görkezýär.

Serginiň gurmaçylary geçen ýylyň 60-njy ýyllaryna gabat gelen türkmen žiwopisindäki açyk reňkleri halaýanlardan bolarly. Bahara bagyşlanan sergide olar şu ugurdan ýene iki işi goýupdyrlar. Mämmet Mämmedowyň „Aşgabat bahary“ eseri üýtgeşik reňk –benewşe reňkde çekilenligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Baga gezelenje çykan gyzyňky ýaly gülüp duran goçak owadan gözler diňe maşşuk zenanda bolup biler.

Durdy Baýramowyň „Ýüpek gurçygyna tut kesýän gyzlar“ eserindäki zenanlar gujur-gaýratdan doly.

Türkmen žiwopisiniň ussatlary bilen bir hatarda Çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyndaky talyplar işleri-de bar.Olaryň arasynda Jeren Umarowanyň „Şatlyk“ we Bahar Gylyçgulyýewanyň „Gülälekler“ diýen batikleri bar. Olaryň birinjisinde-iki sany garlawaç nar agaçlarynyň üstünden uçup barýar.Işleriň beýlekisinde Bahar Köpetdagyň eteginde meýdana bezeg berip oturan bägülleriň gözelligini ýüpek sapaklary çitip, ussatlarça beýan etmegiň hötdesinden gelipdir.

Tomaşaçylar Manana Işangulyýewanyň „Balerina“ atly eseriniň ýanynda-da köp eglenýärler. Ol öz gahrymanyny sahnada däl-de, şowly çykyşyndan soň nepislik bilen sahna aýakgabyny çykarýan pursady şekillendiripdir. Akwarel usulynda nepis ak-gülgüne reňklerde çekilen eseriň aňyrky böleginiň gutarylmadyk sudur şekil tilsiminde berilmegi eseriň ýeňilden inçeligini görkezýär. Manananyň asly Gruziýadan, ol Türkmenistana özbluşly tilsim-usuly ele alan ussat hökmünde geldi.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir