Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Meksika Medeniýetleriň Köpdürliligi Atly Sergi Açyldy
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Meksika Medeniýetleriň Köpdürliligi Atly Sergi Açyldy
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Meksika Medeniýetleriň Köpdürliligi Atly Sergi Açyldy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Meksika Medeniýetleriň Köpdürliligi Atly Sergi Açyldy

Türkmeistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan fotosuratlar sergisiniň açylyş dabarasyna Türkmistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň wekileri, suratkeşler we höwesjeň fotosuratçylar, Türkmen Dölet Çepergilik akademiýasynyň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.

Serginiň guramaçylary-Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny meksikalylaryň köpdürli däp-dessurlary, bu ýurduň taryhyndan we medeniýetinden gyzykly pursatlar bilen tanyşdyrdylar.

Gözel dag we ösümlik manzarlary, 8-12 asyrlarda bina edilen hasaplanýan Kukulkan piramidasy, şeýle hem Müsürdäki Heopsyň piramidasyna meňzeş gadymy piramida şekilindäki ybadathananyň münberi, gadymdan bäri gowy saklanyp galan binagärlikler, geň-enaýy ýerasty köl–bularyň bary taryhy taýdan ähmiýetliligi we gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran edýär.

Gözel binagärlikleriň biri-de barokko ýörelgesinde bina edilen binalar toplumyndan ybarat erkekler ybadathanasydyr. Bu ýerdäki botanika bagynda sebit ösýän ösümlikleriň baý görnüşleri bar.

Ýene bir gözel ýerleriň biri Werakrus ştatyndaky keramatly Huan de Ulua ybadathanasy Meksikanyň ispanlara bakna bolan döwrüne degişlidir, ol 1566-njy ýylda gurlup başlanýar.

19 aasyrda Meksikada ýetimler we pes eklençliler saklanýan Kabanýas edarasy gurlupdyr, ol ÝuNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizilendir. Otaglaryň diwarlary meksikan sungatynyň ajap nusgalary- suratlar çekilip bezelipdir. Şuratlary tanymal nakgaş Hose Klemente ýaş nakgaşlar bilen bilelikde çekipdir.

Gök agawaly atyzlaryň suraty-da örän üýtgeşikdir. Bu ösümlik paýtagtmyzda-da gögerýär. Halisko ştatynda agawa 16 asyrdan bäri ösdürilip gelýär. Ol spirt önümçiliginde ulanylýar. 2 müň ýyldan bäri bu ösümlik içgileri we matalary öndürmekde ulanylýar.

„Wolador“ dessury tansy bol hasylyllyk kulty bilen baglanşyklydyr. Täze çapylan aaçlardan bina edilen beýikligi 18-den 40 metre çenli belentlikdäki meýdançada deprekçiler, fleýtaýçylar ansamblynyň sazy bilen Güne bagyşlanan aýdym aýdylýar. Däp tamamlanandan soň meýdança uzyn demir tanaplar bilen baglanan sazandalar ondan aşak bökenlerinde aýlawdan pyrlanyp gaýdýarlar. Munuň özi göreni haýran edýän tomaşadyr. Meksikalylar medeni mirasa aýawly garaýarlar we milli özboluşlylygyny saklap galypdyrlar.

Syratlaryň birinde Oahaka ştatynda her ýylyň iýulynda geçirilýän „Galagetsa“ festiwalynyň dürli röwüşli,ýiti we şadyýan pursaty görkezilýär. „Galagetsa“ sözi „sowgatlar we myhmansöýerlk alşygy“ many berýär. Surat meksikalylaryň göwnaçyk, zähmetsöýer we myhmansöýer halkdygyna şaýatlyk edýär.

Sergi bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Köpugurly fotosergi Meksikanyň baý medeniýeti, taryjy we däpleri bilen tanyşdyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir