Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Dagyň Depesine Çykmak Taslamasy Ýylyň Esasy Sport Wakasyna Çenli Ýarym Ýylyň Galandygyny Belledi
Dagyň Depesine Çykmak Taslamasy Ýylyň Esasy Sport Wakasyna Çenli Ýarym Ýylyň Galandygyny Belledi
Dagyň Depesine Çykmak Taslamasy Ýylyň Esasy Sport Wakasyna Çenli Ýarym Ýylyň Galandygyny Belledi

Dagyň Depesine Çykmak Taslamasy Ýylyň Esasy Sport Wakasyna Çenli Ýarym Ýylyň Galandygyny Belledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan bilelikde guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň Döwlet tugy Türkmenistanyň dag gerişlerine çykarylýar.

Sport we watançylyk çäresi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanýar hem-de Aşgabatda geçiriljek giň möçberli ýaryşlary wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu ýaryşlara Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleri gatnaşar.

Taslama gatnaşyjylar eýýäm Lebap welaýatynda, Köýtendagyň Aýrybaba gerşine baryp gördüler. Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybabanyň belentligi deňiz derejesinden 3139 metre barabardyr. Ahal welaýatynda Duşakerikdagyň gerşine çykyldy, onuň beýikligi 2482 metre deňdir.

Indi “Dagyň depesine çykmak” topary Hasardagyň gerşine tarap ugrady. Ol Balkan welaýatynda Günbatar Köpetdagyň hakyky merjenidir. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bu çäräni guramaga ýardam berdi. Galyberse-de Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň işgärleri dag depesine Döwlet baýdagyny hem-de Aziadanyň nyşanyny çykarmaga gatnaşmak üçin bu watançylyk çäresine goşuldylar. Daga dyrmaşyjylaryň toparynda TDH-niň habarçysy hem bar. Ol wakanyň bolýan ýerinden habarlary iberip durýar.

Sünt we Hasar gerişleriniň ady goraghana dakyldy. Bu dag sebitinde ähli zat eliň aýasyndaky ýaly görünýär. Olaryň arasynda, deňiz derejesinden müň metr belentlikde ajaýyp Ýoldere dag deresi ýerleşýär. Ekspedisiýa gatnaşyjylar dag gerşine çykmaga taýýarlyk görüp, bu derä baryp gördüler. Dere dürli ösümliklere, hususan-da, gara tiken, wýaz hem-de söwüt agaçlaryna baýdyr. Ösümlikleriň arasyndan diňe dag çeşmesiniň ugrunda uzalyp gidýän darajyk ýodajyk arkaly ýöräp bolýar. Eýýäm aprel aýynda dere ýaşyl öwsüp başlaýar, çigildem hem-de orhideýa güllerine beslenýär, bu ýerde sülgünleriň sesini eşitmek bolýar. Häzirlikçe bolsa gülläp başlan badam agaçlary baharyň ajaýyp pursatlarynyň ýetip gelýändigini buşlaýar.

Daga çykmagyň öňýanyndaky günde duman Sünt we Hasar gerişlerini gurşap aldy, ýagyş damjalaýardy, şoňa görä-de ýörejek ýoluňy görmek kynlaşýardy. Ýöne, üstünlige ynam uludy, çünki goraghananyň işgärleri bu ýerleri özleriniň bäş barmagy ýaly bilýärler.

Ertesi Hasardagyň demirgazyk tarapyndan, müň metr bellikden dag gerşine çykylyp başlandy. Bu ýerde eýýäm bahar pasly öz hökümini ýöredýärdi, ol daş-töweregi ýaşyl otlar bilen bezedi, kerkaw agajynyň aşagynda bolsa ak jümjümeler enaýyja ösüp otyrdylar. Bu jümjümeler Köpetdagyň endemiki ösümligi bolup, Gyzyl kitaba girizildi. Ýöne, dagyň gün düşmeýän tarapynda salkyn howa saklanyp galýardy, ýaşyl otlary entek geçen ýyldan galan ýapraklaryň aşagynda çalaja saýgarmak bolýardy, aýagyň aşagynda gar hütürdeýärdi.

Bu ýerler köpsanly suw çeşmeleri bilen hem haýran galdyrýar. Dag çeşmeleriniň biri rowaýatlara beslenen Mezetli diýen ýerde duş geldi. Daga dyrmaşyjylar şol ýerde düşlediler. Dagyň çür depesine barýan ýol indi gerişleriň üstünden uzalyp gidýärdi. Howanyň bulutsyz bolmagy netijesinde bu ýerden golaýdaky daglara hem-de alyslara uzalyp gidýän dag eteklerine ajaýyp görnüş açylýardy.

Gaýalaryň, gür ösýän agaçlaryň arasyndan geçmeli bolýardy. Şol özboluşly tokaýlyklarda üçgat gülli ösümliklerden başga-da, gara tiken agaçlar hem-de itburunlar duş gelýärdi. Şol ösümlikler ýolagçylaryň öňünde böwet bolup, olaryň eşiklerine ýelmeşýärdi. Ýöne dag gerşi barha golaýlaşýardy, ol başyny mawy asmana diräp durdy.

Beýikligi 1639 metre barabar bolan Hasardag türkmen subtropigini demirgazygyň aýazly şemalyndan goraýan dag ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Bu daglaryň bolmagy netijesinde Türkmenistanyň tebigatynyň täsin künjegi jana şypaly howasy bilen tapawutlanýar. Ägirt uly daşlar Sumbar we Hojagala jülgeleriniň arasynda uzyn hatar bolup Günbatara we gündogara tarap uzalyp gidýär.

Ekspedisiýa öz maksadyna ýetýär – “Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylar dagyň çürbaşyna çykýarlar!

Şol ajaýyp pursatlar olaryň her birinde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Ekspedisiýa gatnaşyjylar Aşgabata geçiriljek taryhy ähmiýetli sport oýunlarynyň başlanmagyna ýarym ýyl galanda Aziada-2017-niň nyşanyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ýene-de bir beýiklige çykarýarlar!

Daga dyrmaşmaga gatnaşýan Sünt-Hasardag goraghanasynyň direktory Dörtguly Orazgulyýewiň belleýşi ýaly, sport bilen meşgullanmak, milli Liderimiziň hemişe görelde görkezýän sagdyn durmuş ýörelgesi tebigaty goraýyş edarasynyň işgärleriniň işinde iň ygtybarly kömekçilerdir. Çünki, olara mähriban tebigatymyzyň gözelligini we baýlygyny goramak ynanyldy. Olar tebigatymyzyň her bir künjegini bäş barmagy ýaly bilmelidir.

Daga çykmak ýene-de bir şanly wakanyň – 18-nji martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň öňüsyrasynda amala aşyryldy. Ählihalk ýowarynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we türkmenistanlylaryň ählisiniň tagallalaryny birleşdirýän bu ägirt uly ekologiýa taslamasy türkmen topragynyň gülläp ösýän künjege öwrülmegine ýardam berer. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň üstüne iri möçberili tokaý maksatnamasyny döretmäge niýetlenilen bu çäräni durmuşa geçirmekde uly jogapkärçilik ýüklenýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli özgertmeler ozaly bilen adamlar hakyndaky hem-de gün-günden gözelleşýän ene toprak baradaky alada ýugrulandyr.

Ýörişimiz dagyň günorta eňňidine tarap ugur aldy, bu ýerde ýabany alma, armyt we beýleki miweli agaçlaryň tebigy baglyklary ýerleşýär, medeni zolakda ösýän däneli ösümlikleriň maşgalasyndan bolan ekinler, iýmlik otlar ösýär. Ösümlikleriň bu görnüşleri durnukly we hasylly ekinleriň seçgisi üçin uly gymmatlyklara eýedir. Umuman, Günorta-Günbatar Köpetdagyň jülgelerinde we derelerinde ösümlikleriň bir ýarym müňe golaý görnüşi bar, özi-de olaryň ondan bir bölegi çemesi endemiki, diňe biziň ýurdumyzda ösýän, başga hiç ýerde gabat gelmeýän ösümliklerdir.

Ýolderäniň ýokarsynda ýerleşýän depäniň günorta tarapyndan kert gaýa boýunça aşaklygyna düşýäris. Jülgäniň depesinde öz keşbine buýsanýan şekilde bürgüt ganat kakýar. Sünt we Hasardag dag toplumlarynyň täsin belentlikleri iri ýyrtyjy guşuň gözelligini äşgär edýär. Bu bürgüdiň ganatlarynyň gerimi iki metrden hem geçýär.

Bu daglyk künjeklerde guşlaryň iki ýüz ellä golaý görnüşi gabat gelýär. Bu ýerde bürgütden başga-da depeçi, gabarasy uly bolmadyk, emma, awa ökde göwenek ýaly beýleki ýyrtyjy guşlar bar. Şeýle hem süýt emdirijileriň arasynda ýyrtyjylar – geçigaplaň hem-de göreniňden wehim salýan syrtlanlar bar. Häsiýetleri has asuda bolan beýleki jandarlar – dag goçy, oklykirpi bu ýeriniň özboluşly täsinlikleridir.

Ýörişe gatnaşýan goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri bu sebitiň beýleki tebigy künjekleri – Aýdere jülgesi, onda ösýän çynarlar we hoz agaçlary, ajaýyp şarlawuklaryň toplumy barada gürrüň berdiler. Meşhur Goçdemir şarlawugy hem Summar jülgesinde ýerleşýär.

Aýy daglary jülgäniň özboluşly bezegidir. Olaryň özboluşly tegelek, gyrmyzy-melewşe ýa-da ak diýen ýaly çal reňki bolup, başga planetalardaky tebigy görnüşleri ýada salýar, onuň ady hem şundan gelip çykýan bolmaly.

Sünt-Hasardag Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky dokuz goraghananyň biridir. Goraghanalar ýurdumyzyň täsin künjekleriniň goragyny üpjün edýär, munuň özi tebigy we ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygyny saklamak işinde möhümdir.

Ýurdumyzyň iň köne goraghanasy bolan Repetekde Garagumuň täsin çäkleri we sazak tokaýlary döwletiň goragy astyndadyr. Bathyz goraghanasy pisse tokaýlykly baýyrlary, ýabany toýnakly haýwanlaryň sürüleri hem-de Ýeroýylanduz çöketligi bilen täsindir. Hazar goraghanasy bolsa Hazar deňziniň aýlaglary hem-de guşlary bilen meşhurdyr. Köpetdag goraghanasy ýurdumyzyň iň uzyn dag ulgamynyň merkezi böleginiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşlerini özünde jemleýär.

Köýtendag goraghanasynyň işgärleriniň yhlas bilen goraýan dinozawrlar tekizligi, täsin gowaklar we çuňňur çöketlikler uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň iň belent dag depesi – Aýrybaba belentligi ýerleşýär, oňa “Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylar eýýäm baryp gördüler. Jeýhunyň kenaryndaky Amyderýa goraghanasynda gür tugaý tokaýlygy ýerleşýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki Gaplaňgyr goraghanasynyň tebigy künjekleri we haýwanat dünýäsi örän täsindir.

Türkmenistanyň merkeziniň golaýynda ýerleşýän “Bereketli Garagum” goraghanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça we Kararyna laýyklykda 2013-nji ýylda döredilip, ýurdumyzyň iň ýaş goraghanasy bolup durýar. Onuň işi Merkezi Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we gaýtadan dikeldilmegine, çöllük tebigy zolaklary rejeli peýdalanmak boýunça ylmy-tejribe maslahatlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň tebigy ekologiýa ulgamlarynyň, olaryň ähli görnüşleriniň diýen ýaly döwlet tarapyndan goralýandygyny aýdyp bolýar. Goralýan çäkleriň her biriniň özboluşly ylmy barlaghana bolup durýandygy, olarda tebigatyň gymmatlyklarynyň öwrenilýändigi möhümdir.

Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna uly goşant goşýar. Biziň döwletimiz ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözgüdinde gyzyklanma döredýän gymmatly tejribe toplamak bilen, Merkezi Aziýa, Hazar sebiti babatynda tebigaty goramak ulgamynda halkara başlangyçlaryny, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden oňyn teklipleri öňe sürýär.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir