Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy
Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy
Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmekeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.

Ýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlara M.Gurbanowyň terjimehalynyň esasy döwürleri barada gürrüň berip, onuň oba hojalyk ulgamynda uly tejribesiniň bardygyny, iş başarjaňlygyny hem-de her bir işe jogapkärli çemeleşýändigini, eziz Watanymyzyň bähbitlerine hyzmat etmäge çalyşýandygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi. Ol ýurdumyzda başy başlanan hem-de ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdirilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Geljekde amala aşyryljak özgertmelere laýyklykda, energetika pudagy mundan beýläk-de ösdüriler we döwrebaplaşdyrylar. Türkmen energiýa serişdelerini ýerlemegiň bazarlaryny giňeltmäge geljekde hem uly ähmiýet berler.

Şunuň bilen baglylykda, täze döwrebap senagat kärhanalarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň, ulag kommunikasiýalarynyň gurluşygy uly ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet mundan beýläk hem bilim, ylym we medeniýet, ulag hem-de gurluşyk pudaklaryny ösdürmäge, bank işini kämilleşdirmäge uly üns berer.

Dalaşgär obasenagat syýasatynyň esasy wezipesiniň azyk bolçulygyny döretmekden, daýhan birleşiklerini artdyrmagyň we goldamagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişini durnukly artdyrmakdan, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmekden hem-de tutuş obasenagat toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtaýar.

Daşary syýasat işi barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da belende galdyrmak ýoluny dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Özara gyzyklan bildirilen söhbetdeşligiň barşynda dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň saglygy goraýyş ulgamyny, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, medeniýeti, şypahana-sagaldyş düzümini ösdürmäge degişli käbir ugurlaryny düşündirdi.

M.Gurbanow ýygnananlara üns berip diňländikleri üçin hoşallyk bildirip, ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli güýç-gaýratyny hem-de ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir