Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy
Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy
Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy

Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan.

1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.

2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.

3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.

4. Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar.
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar. Görkezilen raýatlara pasportlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda resmileşdirilýär hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen gowşurylýar. Olar Türkmenistanyň çäginde bolýan döwründe pasporty resmileşdirmek üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutup bilerler.

5. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär.
Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmandyr.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ahli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar.

6. Pasport 5 (bäş) ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.
Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.

7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.

8. Pasportlar şu halatlarda çalşyrylýar:

i. hereket ediş möhleti tamamlananda;
i. şahsy maglumatlary üýtgände;
i. ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;
i. ulanmaga ýaramsyz bolanda;
i. wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlanda;
i. raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände.

Zerur bolan halatlarda pasportlar möhleti tamamlanmazdan öň hem çalşylyp bilner.

9. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar:

i. pasport çalşyrylanda;
i. Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;
i. pasportyň eýesi aradan çykanda;

Tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda;

Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär.

Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.

Gerekli resminamalaryň sanawy

1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
2. 30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat (suratyň arka tarapy ak reňkde);
3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy (16 ýaşyna ýeten raýatlar üçin);
4. Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň dogluş hakynda şahadatnamasy hem-de dogluş hakynda nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
5. Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda 1 aý möhlet bilen delilhaty (Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlaryndan delilhaty talap edilmeýär);
6. Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
7. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy hem-de nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
8. Harby bilet we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden kepilnama (harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy);
9. Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň rugsat haty (hereket edýän möhleti 6 aý);
10. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
11. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-eneleriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary we olaryň nusgalary;
12. 16 ýaşyna ýetmedik çagalara Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty resmileşdirilende, aýratyn halatlarda, aşakdaky resminamalar talap edilip bilner:

Çaganyň atasy hakyndaky maglumatlar çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynda çaganyň enesiniň arzasy esasynda görkezilen halatynda, RÝNÝ edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen 27-nji görnüşdäki kepilnama;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri aradan çykan halatynda, aradan çykan ata-enäniň ölüm hakynda şahadatnamasy we ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almak baradaky 1-nji görnüşindäki arzasynyň nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri nam-nyşansyz gidendigi diýlip yglan edilen halatynda, şahsyň nam- nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri ata-enelik hukugyndan mahrum edilen halatynda, ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukugyndan mahrum edilendigi barada resminama;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri raýatlygy bolmadyk adam bolan halatynda, çaganyň ata-enesiniň biriniň raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri tussag edilen halatynda, tussag edilendigini tassyklaýan resminama we pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri Türkmenistanyň çäklerinden hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt döwletine giden halatynda, pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;

Çaganyň ata-enesiniň nikasy bozulan halatynda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we ata-enesiniň beýlekisiniň pasportynyň nusgasy.

13. 16-ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň nusgasy (nusgalary), şol resminamalar bar bolan halatynda;

14. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekilliginiň hukugyny (kanunylygyny) tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
15. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň pasporty we onuň nusgasy;
16. Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
17. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda:

Türkmenistanyň çäklerinde: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen kepilnama, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnama ýa-da onuň nusgasy;

18. Pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň barmak yzynyň (yzlarynyň) alynmagyna, şeýle hem onuň goluny çekmäge päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny güwä geçýän degişli resminama ýa-da lukmançylyk delilhatlary;

19. Daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) raýatynyň pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy, şol resminamalar bar bolan halatynda;

20. Zerur halatlarda beýleki resminamalar hem talap edilip bilner.

Bellik: Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna laýyklykda arzaçy tarapyndan haýsydyr bir resminama berilmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda onuň arzasy we oňa goşulan beýleki resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň rugsady boýunça kabul edilip bilner.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir