Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşary Ýurt Raýatlarynyň Iş Rugsatnamasy
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Daşary Ýurt Raýatlarynyň Iş Rugsatnamasy

Daşary ýurt raýatlary zähmet gatnaşyklary babatda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hukuklardan peýdalanýar we deň borçlary çekýär.

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işçiler ýa-da gullukçylar hökmünde işläp ýa-da başga bir zähmet işi bilen meşgullanyp bilerler.

Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmalydyr.

Daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnamalary resmileşdirmegiň, bermegiň, olary bermekden ýüz döndermegiň, ýatyrmagyň, olaryň möhletini uzaltmagyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran karary bilen tassyklanan Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistana zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen gelýän daşary ýurt raýatlary olaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmaga bolan hukugyny görkezmek bilen iş berijä berlen iş rugsatnamalary esasynda işlemäge haklydyr.

Türkmenistanda işlemäge rugsatnama almak boýunça talap edilmeýän adamlaryň sanawy

Türkmenistanda işlemäge rugsatnama almak boýunça talap şu aşakdaky adamlar babatynda bildirilmeýär:

i. Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen şahsyýetini tassyklaýan resminamalary bolan raýatlygy bolmadyk adamlar;

i. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenilen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri;

i. Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda döredilen ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň daşary ýurtly işgärleri hem-de halkara ynsanperwer we haýyr-sahawat guramalarynyň resmi wekilleri;

i. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary (žurnalistleri);

i. Türkmenistanyň çäklerinde resmi taýdan bellige alnan dini guramalaryň daşary ýurtly dini işgärleri;
mugallymçylyk, ylmy we medeni-aň-bilim işlerini amala aşyrmak, şol sanda Türkmenistanyň bilim edaralarynda gysga ýa-da belli bir möhletleýin okuw sapaklary we maslahatlary geçirmek üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp çagyran daşary ýurt raýatlary;

i. Maliýe, audit we beýleki barlaglary, gulluk gepleşiklerini geçirmek, şertnamalary baglaşmak, bilermen hökmünde bir aýa çenli möhlet bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary;
enjamlary gurnamak, abatlamak we tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin bir aýa çenli möhlet bilen

i. Türkmenistana gelýän daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplarynyň işgärleri;
edara görnüşli taraplaryň (olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda zähmet gatnaşyklarynda durmaýan esaslandyryjylar, paýdarlar, ýolbaşçylar we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplarynyň dolandyryş düzümine girýän daşary ýurt raýatlary;

i. Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça okaýan we okuwdan boş wagtlarynda hem-de dynç alyş döwründe şol edaralarda işleýän daşary ýurtly talyplar;
şertli iş kesilen daşary ýurt raýatlary;

i. Daşary ýurt döwletleriniň halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň

i. Ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar;

i. Türkmenistanda gaçybatalga berlen adamlar;

i. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bosgun diýlip ykrar edilen adamlar;

i. Bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen ýüz tutan webosgun statusynyň berilmegi hakyndaky

i. Towakganamanyň hasaba alnandygy barada wagtlaýyn şahadatnama alan adamlar;

i. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alan adamlar;

i. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda işe çekmegiň başga tertibi kesgitlenilen daşary ýurt raýatlary.

Iş rugsatnamalary bermegiň tertibi

Daşary ýurt raýatlaryna iş rugsatnamalary resmileşdirmek üçin iş beriji tarapyndan ýüztutma we oňa goşulan resminamalar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna berilýär.

Ýüztutmalara iş berijiniň ygtyýarly edilen wezipeli adamy tarapyndan gol çekilýär.

Ýüztutmalar we olara goşulýan resminamalar kabul edilen gününden başlap 30 senenama gününiň dowamynda seredilmäge degişlidir. Bu möhlet zerur halatlarda 45 senenama gününe çenli uzaldylyp bilner.

Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagy üçin iş berijiden işe çekilýän daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanda işlän her aýy üçin 25 (ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde töleg alynýar. Iş beriji Türkmenistanyň döwlet edaralary, kärhanalary we guramalary bolan ýagdaýynda, olaryň pudagy ösdürmek maksady bilen daşary ýurt işçi güýjüni çeken halatlarynda daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanda işlän her aýy üçin 50 manat möçberinde ýa-da şoňa barabar möçberdäki erkin ýorgünli daşary ýurt pulunda töleg alynýar.

Daşary ýurt raýatlaryna iş rugsatnamasyny bermekden, onuň möhletini uzaltmakdan hem-de daşary ýurt raýatyny bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmekden ýüz döndermek hakyndaky çözgüt kabul edilenden soň 5 iş gününiň dowamynda iş berijä ýazmaça görnüşde habar berilýär.

Iş rugsatnamasy 1 (bir) ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

Iş beriji tarapyndan işe çagyrylan daşary ýurt raýaty diňe iş rugsatnamasynda görkezilen hünär boýunça işe çekilýär.

Iş rugsatnamasy ýitirilen halatynda iş beriji Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna haýal etmän ýitirmegiň sebäplerini görkezip, iş rugsatnamasynyň öwezliginiň berilmegi hakynda arza bilen ýüz tutmaga borçludyr.

Iş rugsatnamasynyň hakykatdan hem berlendigi we ýitirilendigi tassyklanandan soň 5 iş gününiň dowamynda iş rugsatnamasynyň öwezligi resmileşdirilip berilýär.

Iş rugsatnamasynyň möhletiniň uzaldylmagy

Iş rugsatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna bellenen görnüşdäki ýüztutma we oňa goşulýan resminamalar iş rugsatnamasynyň möhletiniň tamamlanmagyna iki aý galanda berilmelidir.

Iş rugsatnamasy 1 (bir) ýyla çenli möhlet bilen uzaldylyp bilner.

Iş rugsatnamasynyň hereketiniň togtadylmagy we onuň ýatyrylmagy

Iş  rugsatnamasy şu aşakdaky esaslar boýunça ýatyrylyp bilner:

Iş beriji ýa-da işe çagyrylan daşary ýurt raýaty tarapyndan iş rugsatnamasyny hereketini togtatmak hakyndaky çözgütde bellenen möhletiň dowamynda ýol berlen bozulmalar düzedilmedik halatynda;

Iş beriji ýa-da işe çagyrylan daşary ýurt raýaty tarapyndan adamlaryň ölmegi ýa-da olaryň saglygyna zelel ýetmegi bilen bagly howpuň döremegine sebäp bolýan ýagdaýlara ýol berlen halatynda (iş berijä duýduryş bermezden);

Iş beriji tarapyndan iş rugsatnamasy alnandan soň 30 senenama gününiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna işe çagyrylan daşary ýurt raýatynda adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasy) ýokdugy barada Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan tassyklanan resminamalar, şeýle hem işe çagyrylan daşary ýurt raýaty Türkmenistana geleninden soň onuň bilen iş berijiniň arasynda baglaşylan zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň nusgasy berilmedik halatynda.

Iş rugsatnamasy ýatyrylan halatynda öň tölenilen töleg yzyna gaýtarylmaýar.

Iş rugsatnamasynyň ýatyrylandygy barada iş berijä 5 iş gününiň dowamynda habar berilýär.

Işe çagyrylan daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanyň çäklerinde işlemeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy, şeýle hem iş beriji bilen işe çagyrylan daşary ýurt raýatynyň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamasy bilen kesgitlenýär.

Iş beriji bilen işe çagyrylan daşary ýurt raýatynyň arasynda baglaşylan zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamasynda şular göz öňünde tutulmaly:

iş beriji we işe çagyrylan daşary ýurtly işgär hakyndaky esasy maglumatlar;
şertnamanyň mazmuny, onuň hereket edýän möhleti;
zähmet hakynyň tölemegiň, iş wagtynyň hem-de dynç alşyň şertleri;

janyny, saglygyny önümçilikde betbagtçylyk hadysalary babatda ätiýaçlandyrmagyň şertleri;

taraplaryň borçnamalary ýerine ýetirmegi we jogapkärçiligi;

zähmet jedellerini çözmegiň usullary.

Taraplar şertnamada beýleki şertleri hem göz öňünde tutup bilerler.

Iş rugsatnamasyny bermekden,  onuň möhletini uzaltmakdan hem-de daşary ýurt raýatyny bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmekden ýüz döndermek üçin esaslar

Iş rugsatnamasyny bermekden,  onuň möhletini uzaltmakdan hem-de daşary ýurt raýatyny bir iş berijiden beýleki iş berijä geçirmekden ýüz döndermek üçin şu aşakdakylar esas bolup biler:

daşary ýurt raýatyna wizany bermekden ýüz döndermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça;

Türkmenistanda işlemek üçin çagyrylýan daşary ýurt raýatlarynyň sany bellenen möçberden geçýän bolsa;
daşary ýurt raýaty ýerine ýetirilmegi ýokary hünäri, hünär taýýarlygyny ýa-da ýörite bilimleri talap etmeýän işe çagyrylýan bolsa;

iş beriji daşary ýurt raýatyny öz Tertipnamasynda göz öňünde tutulmadyk iş bilen meşgullanmak üçin çagyrýan bolsa;

iş beriji işe çagyrylan daşary ýurt raýaty bilen baglaşan zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamalary esasynda öz borçlaryny ýerine ýetirmeýän bolsa;

daşary ýurt raýaty babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenen tertipde onuň Türkmenistanda bolmagynyň islenilmezligi baradaky çözgüt kabul edilen bolsa;

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

Iş berijiniň borçlary 

Iş beriji:

Türkmenistanyň içerki zähmet bazarynda boş iş ýerleri boýunça işe çekmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan dalaşgärleri gözlemäge;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine bar bolan boş iş ýerleri barada habar bermäge;

daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny, Türkmenistanda bolmagynyň tertibini berjaý etmegini üpjün etmäge hem-de şol borçlary ýerine ýetirmek barada öz ýüz tutmalarynda ýazmaça bellik etmäge;

daşary ýurt raýatlarynyň wagtynda hasaba alynmagy we Türkmenistanda bolmagyň, zähmet işini amala aşyrmagyň, ýurduň çäklerinde hereket etmegiň, ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäklerinden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge;

işe çagyrylan daşary ýurt raýatynyň iş beriji bilen baglaşan zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň şertlerini bozanlygy barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
işe çagyrylan daşary ýurt raýatynyň onuň işleýän ýerini özbaşdak taşlap gitmegi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;

işe çagyrylan daşary ýurt raýaty bilen zähmet ýa-da raýat hukuk şertnamasyny möhletinden öň ýatyran halatynda 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;

işe çagyrylan daşary ýurt raýatyny Türkmenistanyň çäginden administratiw tertipde çykarmak bilen baglanyşykly çykdajylary şol daşary ýurt raýaty tölemedik halatynda, şol çykdajylary tölemäge;
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary berjaý etmäge borçludyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir