Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşoguzda Maýyp Adamlar Üçin Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Badalga Berildi
Daşoguzda Maýyp Adamlar Üçin Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Badalga Berildi
Daşoguzda Maýyp Adamlar Üçin Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Badalga Berildi

Daşoguzda Maýyp Adamlar Üçin Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Badalga Berildi

Daşoguz şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin dabaraly ýagdaýda ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.

Baýramçylyk ruhunda geçen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy we deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy, türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

4 gatly 48 öýden ybarat täze binada geljek ýaşaýjylaryň amatly durmuşy üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr, ol “Daşoguzdemirbetonönümleri” kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň günorta-günbatar böleginde, Görogly köçesiniň ugrunda gurlar. Bu künjekde okuw-terbiýeçilik sagaldyş toplumynyň täze binasy ýerleşýär, gök zolak döredildi, beýleki täze häzirkizaman köp öýli jaýlaryň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar, olaryň düzümine ýaşaýyş-durmuş üçin zerur desgalar hem girer.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda maýyp adamlar hem-de durmuş goldawyna mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin mugt ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda ýakynda kabul eden Karary ilatyň durmuş goraglylygynyň, her bir raýat hakyndaky aladanyň häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň hem-de bu syýasatyň durnukly häsiýete eýediginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Dürli umumydöwlet maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem ilatyň durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça iri möçberli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde her ýyl ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçe inedördül metri gurulýar, olar häzirkizaman talaplaryna we dünýä ülňülerine gabat gelýär, täze saglygy goraýyş, bilim edaralary, stadionlar, sport mekdepleri we medeniýet öýleri, ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar demirgazyk welaýatyň ajaýyp binagärlik keşbine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndylaryny oklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň bagtyýar durmuşa üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berýändigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir