Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Dostlugyň, Wepalylygyň Hem-de Ruhubelentligiň Tumary
Dostlugyň, Wepalylygyň Hem-de Ruhubelentligiň Tumary
Dostlugyň, Wepalylygyň Hem-de Ruhubelentligiň Tumary

Dostlugyň, Wepalylygyň Hem-de Ruhubelentligiň Tumary

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň çäginde, Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň zähmetkeşler topary bilen bolan duşuşygynda Aziada—2017 barada hem aýdyldy. Hususan-da, oýunlaryň resmi nyşanlary barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, olarda türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklary we gadymy taryhy, baý medeniýeti hem-de özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynda ahalteke bedewiniň hem-de alabaý itiniň şekillendirilendigi tötänden däldir, çünki olar milli baýlygymyz, gadymy döwürlerden bäri we häzirki güne çenli milletimiziň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda türkmenleriň wepaly ýoldaşlary hem-de dostlary bolup durýar.

Hemmeleriň söýýän alabaýy oýunlaryň tumary hökmünde seçilip alyndy. Bu tohuma mahsus bolan alamatlary özünde jemleýän şadyýan güjüjek milli lybasda we sport lybasynda şekillendirildi.

Türkmenler dogabitdi seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň, awçy tazy itiniň täsin tohumlaryny ýetişdirdiler hem-de olarda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, olary biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, haýwanlary ösdürip ýetişdirmegiň däplerini hem ýitirmän saklamagy başardylar. Galyberse-de, hünärmenler alabaýy beýleki tohumlaryň täsirine sezewar bolmadyk hem-de özüniň gadymy genotipini eldegrilmesiz ýagdaýda saklap galan ýeke-täk tohum hasaplaýarlar.
Türkmenler özleriniň ýetişdiren haýwanlaryna, şol sanda alabaýa mähir bilen garaýarlar. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly görünse-de, bu tohumy ýakyndan tanaýan her bir adam onuň daşky keşbiniň aňyrsynda ýagşylygy gaýtaryp bilýän mährem ýüreginiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Bu uly it çagalara mähirli garaýar, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilikleri berýär we şoňa görä-de, hakyky maşgala agzasyna öwrülýär.

It idetmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň biriniň kitabynda şeýle waka beýan edilýär – ol özüniň körpeje gyzyny alabaý bilen gezelenç etmäge ugradýar. Biraz wagt geçenden soň, ol bu uly köpegiň naýynjar sesini eşidýär.

Şeýle kuwwatly alabaýy naýynjar çyňsamaga kim mejbur edip bildikä? – diýip, it idediji öz ýanyndan pikirlenýär we äpişgeden seredip, özüniň körpeje gyzynyň ite öýkünip, emedekläp barşyna ägirt uly alabaýyň aşaky dodagyna berk ýapyşandygyna haýran galmak bilen syn edýär.

Beýleki itleriň özüne şeýle jebir ýetirýän adama gahar-gazap bilen garajakdygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Ýöne, haýbatly alabaý körpe çaganyň maşgalanyň agzasydygyna oňat düşünip, naýynjar çyňsamak hem-de eýesini hoşamaýlyk bilen kömege çagyryp oňaýdy.

Owadandepede bolan duşuşyk mahalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýyň örän akylly itdigini belledi. Ol öz çägini sak gorap, oňa nätanyş adamyň bökdençsiz aralaşmagyna ýol bermeýär. Eger-de, alabaý özüniň eýesiniň kimdir biri bilen dostlarça gürrüňdeş bolup duranyny görse, ol şol adamy hemişelik ýadynda saklap galýar. Indiki gezek alabaý şol adamy gaharly hyrlamak bilen däl-de, çasly üýrmek bilen garşylap, eýesine onuň tanşynyň gelendigini duýdurýar.

Hut şonuň üçin hem alabaýy söýýärler hem-de oňa hakyky dost hökmünde sarpa goýýarlar. Duşmanlaryna gazaply daraýan, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alan ähli zatlary – öýüni, garyndaşlaryny, tanyşlaryny, esasysy bolsa, çagalary buýsanç bilen goraýar. Türkmen çopanlary muny oňat bilýärler.
Bu täsin it türkmenleriň durmuşynda nireden peýda boldy? Ol eýesiniň dostlary üçin myhmansöýerdir, duşmanlary üçin bolsa haýbatlydyr.

Uly itleriň mesgen tutan ýerleri Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynda ýerleşen Jeýtunda biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet itiň galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuň özi bolsa 6 müň ýyl mundan ozal türkmenleriň uly gulluk itlerini ýetişdirendigine şaýatlyk edýär.

Meşhur arheolog W.I.Sarianidi köpýyllyk ylmy-barlaglaryň barşynda Marguşda biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklardaky ýaly itleriň ýörite jaýlanan ýerleriniň köpsanlysynyň dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelmeýändigi baradaky netijä geldi. Alabaýlaryň jaýlanan ýerleri hatda Goňruň patyşa mazarynda hem ýüze çykaryldy. Şeýle mazarlaryň üsti başga ýerlerde-de açyldy. Marguşda, ýöne onuň Ajyguýy diýen başga bir oturymly ýerinde Ligabuýe Ylmy-barlag merkeziniň ekspedisiýasy (Wenesiýa, Italiýa) biziň ýurdumyzda professor G.Rossi-Osmidiň ýolbaşçylygynda işläp, arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda iri tohumly itleriň galyndylaryny tapdy. Polşanyň Adam Miskewiç adyndaky uniwersitetiniň radiokarbon barlaghanasynda geçirilen örän takyk seljermäniň esasynda bu galyndylaryň biziň eýýamymyzdan ozalky 2400—2220-nji ýyllara degişli bolandygy anyklanyldy.

Galyndylary tapylan alabaýlar uly hormat-sarpa bilen jaýlanypdyr—olary söweşlerde wepat bolan esgerleriň golaýynda ýerleşdiripdirler. Alymlar bu gaýduwsyz söweş itleri adamlar bilen bilelikde Watanyň mukaddes çäklerini gorapdyr diýen netijä geldiler. Şoňa görä-de, olar hakyky gahrymanlar hökmünde jaýlanypdyr.

Marguş Gadymy Müsür, Hytaý, Hindistan we Mesopotamiýa bilen birlikde dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri, protozoroastrizmiň – dünýädäki ilkinji diniň dörän ýeri bolupdyr. Ýokarda ady agzalyp geçilen, XX asyryň beýik arheology W.I.Sarianidi dünýäniň beýleki dinleriniň ýekejesinde-de, zoroastrizmdäki ýaly, itiň şeýle uly hormat-sarpa eýe bolmandygyny belleýär. Bu diniň keramatly kitaby bolan Awestada adamyň dört aýakly dosty barada örän köp ýakymly sözler aýdylýar. Awesta edebiýatyna laýyklykda, it zemin derejesinde ynsandan soň ikinji orunda durýar. Alabaýlaryň Gadymy Marguşyň patyşa mazarlarynda jaýlanmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Günorta Türkmenistanda ýüze çykarylan arheologiki tapyndylardan çen tutsaň, has soňky döwürde hem, ýagny dört müň ýyl mundan ozal Altyndepede uly gulluk itleriniň ýaşandygyna göz ýetirmek bolýar. Olar örän çydamly bolupdyr, jöwzaly we aýazly howa-da olara tär etmändir. Bu gaýduwsyz itler azyksyz hem-de suwsuz uzak wagtlap oňňut etmegi hem-de alys ýollary sökmegi başarypdyr.

Alymlar alabaýlaryň terrakotdan şekiljiklerini diňe gadymy obalarda däl-de, eýsem, antiki eýýamyň we orta asyrlaryň uly şäherleriniň ýerleşen ýerlerinde hem ýüze çykardylar. Mysal üçin, Mary welaýatynyň Gäwürgalanyň harabalagynda ýüze çykarylan tapyndylar biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna gabat gelýär. Şeýle hem şol ýerde biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli gabyň bölegi tapyldy, ol sallanyp duran gulaklary, örän uly agzy we ýygyrt atan maňlaýy bolan daýaw iti ýadyňa salýar.

Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda—häzir Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirilen arheologik barlaglaryň barşynda tapylan ritonyň ýüzünde hem daýaw alabaýyň şekilini görmek bolýar. Nusaý itleri örän güýçli we gaýduwsyz bolup, ýapyşan ýerini goparypdyrlar. Rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, öz eýesini goramak üçin ýolbarsyň bogazyna ýapyşan alabaýy ýyrtyjy ölenden soň hem aýryp bilmändirler.

Käbir hünärmenleriň çaklamasyna görä, dünýäniň beýleki sebitlerinde duş gelýän daýaw itler hut biziň ülkämizden ýaýrapdyrlar. Olar baradaky ýatlamalar Hytaý çeşmelerinde duş gelýär, olarda aýdylyşyna görä, biziň eýýamymyzdan ozalky 1121-nji ýylda şeýle iti Orta Aziýadan bolan hökümdarlaryň biri Hytaý imperatoryna sowgat beripdir.

Ähli aýdylanlar alabaýyň ata-babalarymyzyň durmuşynda eýe bolan ýokary derejesi barada birmeňzeş netijä gelmäge mümkinçilik berýär.
… Şondan bäri köp wagt geçdi. Şol gaýduwsyz itleriň söweşjeň häsiýetini taplan ýörişler, uruşlar, ýowuz söweşler geçmişde galdy. Emma alabaýyň häsiýetiniň aýratyn alamatlary – wepalylyk, mertebelilik, batyrgaýlyk, özüne bolan ynam ýaly häsiýetleri saklanyp galdy. Tejribeli it idedijileriň aýdyşyna görä, bu ajaýyp itleri ösdürip ýetişdirmekde güýç ulanmak arkaly temmi çärelerine ýol bermek bolmaýar, ilki bilen onuň hormatyny gazanmak gerek, şonda ol seniň hakyky dostuňa öwrülýär.

Asyrlaryň dowamynda geçirilen seçgi işleri şol häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etdi. Bu tohumdan bolan itiň birnäçe atlandyrylyşy bar. Ony türkmen alabaýy, Orta Aziýa goýun iti, türkmen awçy iti diýip atlandyrýarlar. Hünärmenleriň esasly çak edişi ýaly, dünýäde iň gadymy tohuma degişli bolan bu itiň keşbi häzirki döwre çenli üýtgemän geldi.

Şeýlelikde, alabaý Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi tumaryna öwrüldi. Çünki ol hemişe wepaly dost we gaýduwsyz goragçy bolup, onuň bilen özüňi howpsuz duýmak bolýar. Halk arasynda aýdylýan rowaýatlarda ol ýeňşe bolan egsilmez erk-islegi, güýç-kuwwaty we hoşniýetli ruhy baýlygy alamatlandyrýar. Bir söz bilen aýdylanda—sport joşguny bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde biz onda çäksiz wepalylygy görýäris. Hut ynam we dostluk esasy düşünjeler bolup, olar Aziada—2017-niň nyşanlarynyň biri hökmünde bu keşbiň döredilmegine gönükdirildi.

Alabaýyň milli lybasda we sport egin-eşiklerinde şekillendirilmegi hem bu keşbe ynsan häsiýetini çaýýar. Adaty bolmadyk ýaşyl reňkdäki öwüşgin bolsa, oňa ertekidäki gahrymanyň keşbini berýär.

Paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň barşynda baýramçylyk, myhmansöýerlik, mähirlilik we dostluk ýagdaýyny döretmekde, olary gowy duýgular bilen beslemekde bu mähirli jandara aýratyn orun degişli bolup durýar.

Alabaýy we bedewi Aziadanyň dürli öwüşginli keşbinde hem görmek bolýar. Ol öz owadan görnüşi bilen bezeg şaý-sepini ýadyňa salýar, mahlasy, geçmişden geljege tarap ymtylýan ýaly bolup dur. Türkmen laçynynyň ganaty güýç alýan hereketi ýatladyp, onuň şekili tutuş kompozisiýany jemleýär.
Halkara bileleşigine Aziada—2017-niň nyşany bilen tanyşlyk garaşýar. Ol uly mahabat – habar beriş işlerini öz içine alýan çäreler bilen bilelikde badalga alar. Onuň esasy wezipesi Aşgabatda geçiriljek Oýunlara ünsi çekmek hem-de hoşniýetli erk-islegiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň täze mertebesini döretmek bolup durýar.

Beýleki ugurlarda—syýahatçylyk, medeniýet, bilim ýaly ugurlarda hem wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe bolýar. Bu çäreler watançylyk duýgusyny, bedenterbiýe-sport we meýletinçilik hereketini ösdürmäge, milli mirasyň dowam etmegine gönükdirilendir. Şeýle iri çäreleriň biri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan 500 günlük atly ýörüş bolup, ol Aziadanyň açylýan güni Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda jemlener.

Hemmeler telereportažlar we gazet makalalary arkaly bu ýörüşiň barşyna syn edýärler. Ol ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ajaýyp ýerlerini gurşap alýar. Şeýlelikde, biz tutuş dünýä öz ýurdumyzy, onuň meşhur taryhy we medeni ýadygärliklerini, tebigatyny açyp görkezýäris, milli däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrýarys. Elbetde, biziň buýsanjymyz we şan-şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimizi wasp edýäris.

Pellehana bagyny kesip geçýän atyň kellesiniň şekili Oýunlaryň resmi nyşanynda öz beýanyny tapýar. Bedew—bu diňe Aziýa oýunlarynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň, häzirki döwrümiziň ajaýyp nyşany bolup durýar. Şonuň üçin biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Aşgabat—2017” taslamasyny amala aşyrmakda ägirt uly tagallalaryny nazara almak bilen, bu Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary—biziň ýurdumyz üçin möhüm şanly waka bolup, ol döredijilik pikiriniň ösmegi üçin hem mümkinçilik döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň sowallaryna jogap berende aýtdy. Şonda döwlet Baştutanymyz giňden ýaýbaňlandyrylan mahabat—habar beriş möwsümi hem Oýunlaryň ugurdaş nyşanlary boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilik döredýär diýip belledi.
Olar diňe gözel tebigatymyzyň tazy ýa-da laçyn ýaly nusgalary däl-de, eýsem, türkmeniň medeni durmuşynyň aýrylmaz nyşanlary, mysal üçin, dutar, gyjak, şeýle hem milli lybaslarymyzyň we ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerimiziň alamatlary bolup durýar. Indi nobat suratkeşleriň, dizaýnerleriň, bezeg-amaly-haşam sungat ussatlarynyň hem-de dürli görnüşli sowgatlyk önümleri, bukletleri, fotoalbomlary we beýlekileri taýýarlaýjylara ýetdi.

Aziadanyň köpsanly myhmanlarynyň Oýunlaryň tumaryna öwrülen alabaýyň keşbine guwanyp, myhmansöýer we mähirli türkmen halkynyň ýaşaýan ajaýyp ýurdunyň ak mermerli paýtagtynda geçiren ýatdan çykmajak günleri barada ýadygärlik hökmünde onuň şekili ýerleşdirilen sowgatlyklary öz ýanlary bilen alyp gitmäge uly isleg bildirjekdigine uly ynam döredýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Türkmenistan Fotosuratlary 48

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir