Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilýä wezipä girişmek dabarasynda çykyş edip, milli ykdysadyýetiň esasy wezipelerini belledi hem-de ýurdumyzy öňdebaryjy, senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça çäreleri kesgitledi.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda uglewodorod serişdeleri çuňňur gaýtadan işleniler we önldüriler, bu serişdeler ýokary hilli benzin, polipropilen, polietilen we suwulandyrylan gaz görnüşinde uly islegden peýdalanýar.

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy pudagynda grňşy we beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam eder. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti nygtaldy, bu taslama ýurdumyza uly girdejileri getirmekdenbaşga-da, goňşy halklaryň öýlerine ýylylyk we ýagtylyk eçiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň diňe bir uglewodord serişdelerini däl-de, beýleki tebigy serişdelere hem örän baýdygy bellenildi. Türkmen topragynyň astynda Mendeleýewiň döwürleýin ulgamynda görkezilen elementleriniň ählisini diýen ýaly özünde jemleýän magdan gorlary bar. Geografiýa taýdan amatly ýerleşilmegi, awtomobil we demir ýol ulaglarynyň ýol ulgamynyň bolmagy olaryň özleşdirilmegine, gazylyp alynmagyna we gaýtadan işlenilmegine oňat mümkinçilik döredýär. Biz bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlaryň daşary bazarlara çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň ykdysady gurallaryny giňden ornaşdyrarys, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndüreris, elektron senagatyny döretmek boýunça işleri dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem elektroenergetiakanyň ösdürilmegi, täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, elektrik energiýasyny eksport etmegiň artdyrylmagy hem-de gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň höweslendirilmegi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçiligiň goldnalmagyny we ösdürilmegini, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegini baş wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir