Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Eýranyň Işewür Toparlary Türkmenistan Bilen Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Gyzyklanmalaryny Beýan Etdiler
Eýranyň Işewür Toparlary Türkmenistan Bilen Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Gyzyklanmalaryny Beýan Etdiler

Eýranyň Işewür Toparlary Türkmenistan Bilen Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Gyzyklanmalaryny Beýan Etdiler

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýän ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň söwda, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Nobatdaky Aşgabat sergisinde Eýranyň durli senagat merkezlerinden bolan öňdebaryjy iri kompaniýalaryň—döwrebap tehnikalary we enjamlary, şol sanda nebitgaz, oba hojalygy, lukmançylyk pudaklary üçin enjamlary, gurluşyk serişdelerini we himiýa önümlerini, metal önümlerini, awtoulaglary hem-de durmuşda ulanylýan harytlary, azyk önümlerini we beýleki zatlary öndürýän kompaniýalaryň 40-dan gowragy tanyşdyrdylar. Olar türkmen bazarynyň önümleriň hiline bildirýän talaplaryna kybap gelýär.

Serginiň işiniň barşynda geçirilen tanyşdyrmalara işjeň gatnaşanlaryň hatarynda öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlar bolup, olar ýurdumyz bilen özara gatnaşyklaryň uly oňyn tejribesini topladylar. Olaryň hatarynda «Petroleum Equipment Industries Company», «Iran Spiral Co.», «Mashhad Baking Industries Co.», «Vala Polymer Co.», «Nick Mahzar», «Khoshnam khorasan», «Sane Mashhad Ispadana Co. Ltd» kompaniýalary we beýlekiler bar. Şeýle hem sergide Eýranyň “IKCO” kysymly awtoulaglary Eýranda ýygnalýan “Peugeot” awtoulaglary görkezildi.

Eýran halkynyň özboluşly amaly sungatynyň önümleri, özboluşly sowgatlyklar serginiň milli öwüşgünini artdyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işgärleriniň hem-de olaryň Eýran Yslam Respublikasyndan bolan kärdeşleriniň işewür hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen üç günlük serginiň çäklerinde Sergiler merkeziniň meýdançalarynda türkmen we eýran önüm öndürijileriniň, bilermen-ykdysadçylarynyň, marketing boýunça hünärmenleriň, söwda boýunça telekeçileriň köpsanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi.

Serginiň işiniň çäklerinde guralan türkmen-eýran işewürler maslahaty hem Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge bildirilýän islegini aýdyň görkezdi. Oňa taraplaryň hünärmenleri, menejerleri, bazary seljerijiler gatnaşdylar.

Forumda işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze teklipler beýan edildi, geljegi uly taslamalara seredildi. Olar ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlary, şeýle hem türkmen bazaryna çykmaga we bu ýerde öz önümlerini ýerlemäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalar tarapyndan hödürlendi.

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar onda görkezilen myhmansöýerlik hem-de forumy ýokary derejede geçirmäge berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir