Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / GDA-dan Bolan Synçylar Toparynyň Ştaby Nobatdaky Habaryny Beýan Etdi
GDA-dan Bolan Synçylar Toparynyň Ştaby Nobatdaky Habaryny Beýan Etdi
GDA-dan Bolan Synçylar Toparynyň Ştaby Nobatdaky Habaryny Beýan Etdi

GDA-dan Bolan Synçylar Toparynyň Ştaby Nobatdaky Habaryny Beýan Etdi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine syn etmek işlerini dowam edýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary B.Guminskiý Aşgabat şäher saýlaw toparynyň başlygy J.Adakowa bilen duşuşdy.

Şäher saýlaw komitetiniň ýolbaşçysy B.Guminskä saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň görkezilmegi we bellige alynmagy, saýlawçylaryň sanawlary boýunça geçirilen işler, dowam edýän wagyz nesihat işleri barada jikme-jik durup geçdi.

GDA-dan bolan halkara synçylar Aşgabat şäherindäki we Ahal welaýatyndaky uçastok saýlaw toparlaryna baryp gördüler, şonda olar saýlaw uçastoklarynyň zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler, maglumat hem-de usulyýet edebiýatlary bilen üpjün edilişi, saýlawçylaryň sanawlary boýunça geçirilen işler bilen tanyşdylar.

GDA-dan gelen saýlawçylaryň toparyny düzmek işleri dowam edýär. 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky ýagdaýyna görä Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylaryň 53-siniň işlemegi üçin resminamalar berildi. Olar Azerbaýjan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA gatnaşýan döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyna hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýärler.

Topar öz işi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar berip durar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir