Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Geologiýa Muzeýi Türkmenistanyň Ýerasty Baýlyklary Bilen Tanyşdyrýar
Geologiýa Muzeýi Türkmenistanyň Ýerasty Baýlyklary Bilen Tanyşdyrýar
Geologiýa Muzeýi Türkmenistanyň Ýerasty Baýlyklary Bilen Tanyşdyrýar

Geologiýa Muzeýi Türkmenistanyň Ýerasty Baýlyklary Bilen Tanyşdyrýar

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň Ylmy-önümçilik toplumynyň binasynda ýerleşýän 600 inedördül metri eýeleýän sergide dürli dag magdanlarynyň nusgalarynyň 2000-den gowragy bar. Munuň özi türkmen geologlarynyň birnäçe nesliniň toplanlarynyň birje bölegidir. Muzeý eksponatlary hasaba almak, tertibe salmak we saklamak, şeýle hem okuw-bilim sapaklaryny geçmek üçin zerur tehniki serişdeler bilen üpjün edilipdir.

Türkmenistanda gadymy paleozoý eýýamyndan galan gatlaklardaky bazaltdyr granit känleri köpdür. Olar binalaryň içki we daşky bezeginde giňden ulanylýar, galyndylarydyr owuntyklary demir we gara ýollaryň düşeginde peýdalanylýar . Selestin nebit-gaz burawlananda toýun ergini agraldyjy hökmünde zerurdyr. Bazalt süýüminiň üýtgeşik sypatlary ýangyn söndürijileriň ýörüte eşiginiň gyzgyna durnuklylygy, beton gurnamalaryň berkligi üçin peýdalanylýar.

Diwarlyklaryň birinde dürli çuňluklardan gazylyp alnan duz kernleri bar. Olaryň reňkleriniň tapawutlanmagynyň sebäbi, bu daş duzunyň kemala gelýän gatlarlaryna baglylygy bilen düşündirilýär, eger golaýynda mis elementleri bolsa, ýaşylymtyl, demir bolsa, mele reňk häsiýetli bolýar. Lukmançylykda, gurluşykda zerur gips bilen bir ýerräkde binalaryň içerki bezeginde ulanylýan angidrit ýaly bezeg daşy gabat gelýär. Limon reňkli kükürt dokma we gön senagatynda gerekli bolup, ol Gowurdak-Köýtendag sebitlerinde giňden ýaýrandyr.

Paleontologlaryň:paleobiolaglaryň, paleozoologlaryň we paleobotanikleriň tagallasy bilen ol ýa-da beýleki peýdaly magdanlaryň haçan kemala gelenligi ýüze çykarylýar. Geologik nusgalarda gabat gelýän gadymy jandarlaryň galyndysy boýunça olar bu gatlagyň haýsy döwre degşlidigini we magdanyň ýaşyny, şeýle hem alymlaryň pikirine görä, ýura we hek eýýamynyň gadymy ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik galyndylaryndan kemala gelen olardaky suwuk uglewodorodlaryň ýaşyny kesgitleýärler.

Türkmenistanyň ýerlerinde hek, mergel, kalsit we barit känleri hek eýýamyna degişlidir. Bentonit toýun çakyr taýýarlamak we olary agartmak, şeýle hem yssa durnukly kerpiç guýmak üçin ulanýarlar. Neogeniň düzüindäki balykgulaklar binalaryň içerki we daşky bezeginde ulanylsa, doňan nebit-ozokerit lukmançylyk we himiýa senagaty üçin zerurdyr.

Köýtendagdaky gowaklardan alynýan mermer oniks ýaly gymmatly daşyň senagat taýdan alnyşy bes edildi, ençeme kilometrlik gowaklar ulgamy ekologlaryň, geologlaryň we karstologlaryň gözegçiligine geçdi, olar bu tebigy ýadygärlikleriň howasyny we çyglylygyny ölçemek üçin wagtal-wagtal olaryň içine girýärler.

Bu ýerde kükürt, daş duzy, gips, kwars gumdaşlar, granitler, bentonitler, kaolin, keramzit nusgalary bar. Olar sement, farfor, syrça we aýna önümçiliginde ulanylýar. Öýjükli nebit-gazly gatlaklaryndan alynýan kernler, suwuk uglewodorodlary özüne siňdiren dolomit ýa-da nebit ýataklarynyň golaýyndaky öýjjüklere ýygnan tebigy gaz has-da uly gyzyklanma döredýär. Ýeriň üstünde hem konkresiýalar ýaly üýtgeşik zatlar gabat gelýär. Çelekende we Boýadagda duşýan geň-enaýy gatan gumdaş heýkeller haýran edýär.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir