Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Gruziýa we Türkmenistan Türkmen Nebitini Üstaşyr Geçirmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekdi
Gruziýa we Türkmenistan Türkmen Nebitini Üstaşyr Geçirmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekdi
Gruziýa we Türkmenistan Türkmen Nebitini Üstaşyr Geçirmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekdi

Gruziýa we Türkmenistan Türkmen Nebitini Üstaşyr Geçirmek Baradaky Ylalaşyga Gol Çekdi

Gruziýa we Türkmenistan türkmen nebitini üstaşyr geçirmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Gruziýanyň demir ýol geçelgesinden üstaşyr geçiriler, diýip «Gruziýanyň demir ýoly» kompaniýasynyň «Jorjiýa tranzit» şahamçasynyň direktory Dawid Çiradze we «Kaspian Tranzitiň» baş direktory Rati Gwamberiýa metbugat maslahatynda aýtdy.

Ylalaşyk iki ýurduň arasynda üç ýyllyk möhlet bilen baglaşyldy. Degişlilikde, Gruziýanyň çäklerinden 4,5 mln tonna ýük üstaşyr geçiriler.

2007-2008-nji ýyllarda Türkmenistandan Gruziýanyň çäklerinden 200 000 tonna nebit geçirilýärdi. 2008-nji ýylyň awgustyndaky wakalardan soň bu ýüküň ugry üýtgedilip, Mahaçkalanyň we Noworossiýsk portunyň üsti bilen amala aşyrylýardy. 2013-nji ýyldan başlap «Gruziýanyň demir ýolunyň» ýolbaşçylary hökümet agzalarynyň gönüden-göni gatnaşmagynda türkmen nebitiniň we nebit önümleriniň üstaşyr geçirmeleriniň öz demir ýol geçelgelerine gaýdyp gelmegi boýunça işjeň gepleşikler geçirdiler. Türkmen ýükleri 7 ýyldan soň ýene-de öňki ýoly bilen geçip başlady. Ilkinji synag tapgyry 2015-nji ýylda geçirildi, diýip «Бизнес Грузия» saýty habar berýär.

Meňzeş Täzelikler

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

Siziň oglyňyz ýa-da gyzyňyz daşary ýurtda okaýarmy? Siz olar barada binjalyk bolýarsyňyzmy? Siz olara pul …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir