Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy
Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy
Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy

Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy

2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «GEO Traveller» halkara žurnalynyň ýörite neşiri çap çykdy.

Žurnalyň birinji sahypalary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti wesipesine saýlanmagy mynasybetli dabaraly çärede sözlän sözi bilen başlanýar.

Şeýle-hem žurnalda, şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýmagyna 25 ýyl dolýandygy mynasybetli hem-de türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda okgunly ösüşi barada giňişleýin makala ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtda «GEO Traveller» žurnalynda, Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça milli we halkara derjesinde alnyp barylýan işler, ýangyç energetikasyny ygtybarly peýdalanmak boýunça soraglar şeýle-hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde eýeleýän orny barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ugry barada aýtmak bilen, şol bir wagtda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi mynasybetli 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak energiýa howpsuzlygy, ygtybarlylygy hem-de üstaşyr energiýa geçirijileriniň deňhukuklyga we adalatlylyga esaslanmagy ýaly meselelere aýratyn makala bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sport syýasaty esasynda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli şeýle-hem ägirt uly halkara sport çäresi bolan 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada aýtmak bilen, bu oýunlaryň Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterjekdigi, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirjekdigi, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň artmagyna oňyn täsiri , şeýle-hem sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmekde uly orny eýelejekdigi barada žurnalda ýörite makala ýerleşdirilipdir.

Meňzeş Täzelikler

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Taýýarlyk Görmek Baradaky Ýerine Ýetiriji Komitet Dabaralary Dünýä Derejesinde Geçirmek Boýunça Hyzmatdaşyny Yglan Etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet dünýä ýüzünde giňden tanalýan “Balich Worldwide …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir