Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi
Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi
Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi

Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda geçirilen konsert kwartetiň ýerine ýetiren Josef Kosmynyň “Gaçan ýapraklar” eseri bilen açyldy. Suren Kýarunsyň saksofonynyň täsir ediji owaz bu saz agşamyna liriki äheň berdi.

Suren Türkmenistanda sazçylyk mekdebiniň we konserwatoriýanyň estrada bölümini tamamlady. Soňra bolsa bilim almagyny Ýerewanyň ýokary sazçylyk mekdebinde we onuň ýanyndaky aspiranturada dowam etdirdi hem-de olary tapawutly tamamlady.

Bu saksofonçynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirijiligi ony şolbada meşhurlyk gazanmagyna itergi berdi. Muňa Ýerewanda, Astanada, Bişkekde geçirilen festiwallarda we bäsleşiklerde ýeňiş gazanmagy hem şaýatlyk edýär. Bu günki gün Suren Kýarunsyň özi üçin başgarak kärde çykyş edýär – Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymy. Onuň kwartetindäki iki sany sazanda – Timur Öräýew (kakylyp çalynýan saz guraly) we Igor Şewsow (bas-gitara) – onuň okuwçylarydyr. Kwartetdäki ussat pianinoçy Wladimir Mkrtumow bilen tanyşdyrmagyň geregi hem ýok bolsa gerek: ony saz muşdaklary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem onuň daşynda hem tanaýarlar.

Konsertde Telonius Monkaň, Errol Garneriň, Antonio Karlos Žobiniň, Stiw Uanderiň, Žorž Gerşwiniň, Pol Demondyň meşhur eserleri ýaňlandy. Eserleriň şeýle saýlanyp alynmagy kwartetiň saz dünýäsine oňat düşünýändigine we diňleýjileriň göwünlerinden turmaga çalşylýandygyna şaýatlyk edýär. Maýls Dewisiň “Žan Pýer” eseriniň ýerine ýetirilmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Programmanyň jemleýji böleginde ýaňlanan türkmen folklory – “Bibijan” we “Küşt depdi”, şeýle hem “Aýgytly ädim” kinofilminden Nury Halmämmedowyň “Hüwdi” eserleri täsir galdyryjy boldy we şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Suren Kýarunsyň jaz üçin işläp taýýarlan meşhur eserleri ajaýyp owaz bolup ýaňlandy, ýöne olar milli häsiýetini ýitirmedi.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir