Baş Sahypa / DURMUŞ / Gyş Möwsümine Taýýarlyk
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlarynda güýz-gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça işler dowam edýär.

Gyş Möwsümine Taýýarlyk

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ilatly nokatlarynda güýz-gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça işler dowam edýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işgärleri ilaty gaz bilen üznüksiz hem-de howpsuz üpjün temek boýunça, şeýle hem degişli düzümleri ýyladyş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri ýokary depginde alyp barýarlar.

— Ýurdumyzyň çäginde durmuş we halk hojalyk ähmiýeti bolan dürli basyşly gaz geçirijileri hereket edýär. Birleşigimize degişli bolan welaýat, etrap hojalyk gaz düzümleriniň ählisinde ýörite meýilnama düzülýär we şoňa laýyklykda gaz geçirijilerde düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär – diýip «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň direktory Döwran Çişiýew belleýär.

Şeýle hem güýz-gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde birleşige degişli bolan gaz paýlaýjy düzümleriň ählisinde tehniki hyzmata gözegçilik ýokarlanýar we zerur bolanda köne enjamlary täzesine çalyşmak işleri möwsümleýin geçirilýär.

Mundan başga-da, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň ygtyýarynda duran gaz geçirijileriň ählisinde zeper ýeten turbalary abatlamak ýa-da olary çalyşmak işlerine gözegçilik ýokary derejede saklanýar.

Meňzeş Täzelikler

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Gurnalan Sergi Milli Nakgaşlyk Mekdebiniň Dürli Wekilleriniň Işleri Bilen Tanyşdyrýar

Bahar baýramy bolan Nowruz ýaşlygyň, gözelligiň, haýyrly özgertmeleriň,ýagşy umytlaryň özara baglanşygydyr. Şu baýrama bagyşlanan sergidäki …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir