Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Gyzgalaňly Hokkeý Döwri
Gyzgalaňly Hokkeý Döwri
Gyzgalaňly Hokkeý Döwri

Gyzgalaňly Hokkeý Döwri

Sport baradaky döwlet komitetinde Sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda bu guramanyň täze ýolbaşçylyk düzümi saýlandy.

Jora Hudaýberdiýew Merkeziň başlygy boldy. Häzirki wagtda Içeri işler ministrliginiň sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň müdiri bolup işleýän J.Hudaýberdiýewiň bu ulgamda uly iş tejribesi bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu sport toplumynyň mundan iki ýyl ozal açylandygyny belleýäis. Ondan bäri bu desgada hokkeý boýunça ençeme ýaryşlar geçirildi. Şeýle ýaryşlaryň biri bolan IIM-niň kubogy ugrundaky ýaryş golaýda tamamlandy.

Ýaryşa jemi ýedi topar gatnaşdy. Olar iki topara bölündiler. Ýaryşyň aýgytly duşuşygynda «Galkan» bilen «Şir» toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bu duşuşykda «Galkan» ýeňiş gazandy hem-de ýaryşyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň düzüminde garşydaşlarynyň derwezesine bäş gol geçiren Eziz Akmuhammedow tapawutlandy. Bu hokkeýçi ýaryşyň hem iň güýçli hüjümçisi diýlip yglan edildi.

Şeýle hem degişlilikde iň gowy goragçy hem-de iň gowy derwezeban diýlip yglan edilen «Şir» toparyndan Ilýa Weliýew hem- de Kerimli Çaryýew («Galkan») ýaryşyň guramaçylarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldular. IIM-niň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi bolan toparyň derwezebanynyň geljek aý Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek VIII gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň agzasydygyny belleýäris.

Biziň hokkeýçilerimiz şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş ederler. Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji diwizionyň «B» toparyna düşdi. Olar bu toparda Malaýziýanyň, Hytaý Makaosynyň, Indoneziýanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy toparlary bilen finala çykmak ugrunda bäsleşerler. Ikinji diwizionyň ýeňijileri indiki gyşky Aziada-da esasy toparda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Ilkinji gezek bürünç medala mynasyp bolan «Watançy» topary ýylyň başynda janköýerlerini begendirdi. Toparyň şeýle uly üstünlik gazanmagy onuň düzüminde çykyş etmäge tejribeli oýunçylaryň birnäçesiniň gelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynda 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň we 16-ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabadyň birinji çempionaty geçýär. Ýaryşyň ahyrky netijeleri şu ýylyň baharynda belli bolar.

Geçen dynç günlerinde nobatdaky tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň arasynda çagalar toparynda «Şir» bilen «Oguzhanyň» arasynda geçen duşuşyk örän gyzykly boldy. Duşuşykda yzly-yzyna üç gezek tapawutlanan hüjümçi Hamid Wahydowyň ussatlygy netijesinde «Şir» garşydaşyny 4:3 hasabynda ýeňdi.

«Şir» indi 9 utuk toplap, ýaryşda öňde barýan, 12 utuk toplan «Oguzhanyň» yzyndan ýetmäge golaýlady. Üçünji orunda «Bürgüt» barýar.

Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda 14 utuk toplan «Şir» ýaryş tertipnamasynyň öňüni çekýär. «Galkan» 12 utuk bilen ikinji, 11 utukly «Oguzhan» bolsa üçünji orunda barýarlar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir