Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Harytlar Barada Umumy Habarnama – Türkmenistan
Harytlar Barada Umumy Habarnama - Türkmenistan
Harytlar Barada Umumy Habarnama - Türkmenistan

Harytlar Barada Umumy Habarnama – Türkmenistan

TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY

NEBIT WE GAZ TOPLUMY

HARYTLAR BARADA UMUMY MAGLUMAT

Maliýeleşdirme ýagdaýy: Istisna’a, enjamyň satuwyny maliýeleşdirme nomeri.

Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çykdajylarynyň öwezini dolmak maksady bilen Yslam ösüş bankyndan 700 million amerikan dollaryny almak barada arza berdi we hökümet şol serişdeleriň bir bölegini şu taslamanyň dowamynda almak meýilleşdirilýän harytlaryň, işleriň, degişli maslahat beriş we beýleki hyzmatlaryň töleglerini tölemek üçin peýdalanmagy meýilleşdirýär.

Taslama öz içine şulary alar: umumy uzynlygy 214 km bolan turba materiallaryny satyn almak (56’’ diametrli polat turbalar, turba rezbeleri üçin ölçeýjiler, materiallary daşamak), kömekçi enjamlary satyn almak we oturtmak, gaz kompressor bekedi (taslamak we dizaýn, zawod enjamlaryny satyn almak we oturtmak, gurluşyk işleri, enjamlary ulanyşa girizmek we enjamlara ideg etmek boýunça maksatnamalary bermek), taslamany durmuşa geçirmek boýunça maslahat beriş işleri, maliýe audity.

Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän komponentleriň satyn alynmagy halkara söwda bäsleşiklerini geçirmek arkaly durmuşa geçiriler. Taslamany durmuşa geçirmekde gözegçilik etmek boýunça maslahatçyny saýlamak halkara konsalting firmalarynyň çäklendirilen sanawy boýunça hiliň we özüne düşýän gymmatyň analizi esasynda saýlanylar. Taslamanyň maliýe audity boýunça maslahatçyny saýlamak ýerli firmalaryň çäklendirilen sanawynyň çäklerinde az çykdajy usuly esasynda saýlanylar.

Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän şertnamalary baglanyşmak Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän harytlary we işleri satyn almagyň Esasy ýörelgelerinde görkezilen usullar arkaly amala aşyrylar we ol ýokaryky ýörelgelerde görkezilen söwda geleşiklerine gatnaşýan ähli kanuny taraplar üçin açykdyr. Maslahat beriş hyzmatlary Yslam ösüş banky tarapyndan durmuşa geçirilýän maliýeleşdirmekligiň çäklerinde maslahatçylary peýdalanmagyň Esasy ýörelgelerine laýyklykda saýlanyp alnar.

Yslam ösüş bankynyň halkara bäsdeşlik söwda geleşikleriniň çäklerinde göz öňünde tutulan şertnamalar, şeýle hem maslahat beriş hyzmatlary we maliýe audity hyzmatlaryny bermek boýunça göz öňünde tutulan şertnamalar boýunça ýörite habarnamalar 06.03.2017 ýylda Yslam ösüş bankynyň web saýtynda www.isdb.org, Asharq Al Awsat we ýerli «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň nebit we gaz toplumynyň resmi web-saýtynda (www.oilgas.gov.tm) neşir ediler.

Halkara bäsdeşlik söwdalaryny geçirmekligiň dowamynda potratçylary we haryt satyjylary barlamak gazkompressor stansiýasyny taslamak, gurmak we satyn almak boýunça şertnamany baglanyşmak üçin zerur bolar.

Meňzeş Täzelikler

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

Siziň oglyňyz ýa-da gyzyňyz daşary ýurtda okaýarmy? Siz olar barada binjalyk bolýarsyňyzmy? Siz olara pul …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir