Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hazarýaka Ýurtlaryň Wekilleri Sebitiň Serişdelerini Oýlanyşykly Peýdalanmagyň Ugurlaryna Garadylar
Hazarýaka Ýurtlaryň Wekilleri Sebitiň Serişdelerini Oýlanyşykly Peýdalanmagyň Ugurlaryna Garadylar
Hazarýaka Ýurtlaryň Wekilleri Sebitiň Serişdelerini Oýlanyşykly Peýdalanmagyň Ugurlaryna Garadylar

Hazarýaka Ýurtlaryň Wekilleri Sebitiň Serişdelerini Oýlanyşykly Peýdalanmagyň Ugurlaryna Garadylar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty tamamlandy. Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.

Ozal habar berlişi ýaly, on günlük okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri — Daşary işler ministrliginiň, nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, deňiz ulaglary, ulgamlarynyň, serhet gullugynyň hem-de birnäçe beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Okuwlary BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda– ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynda (IOC UNESCO), BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň we Hazar ekologiýa maksatnamasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda iş tejribesi bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri alyp bardylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy Halkara ummanlar instituty bilen 2012-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. IOI-niň okuw bölüminiň direktory, UNESKO-nyň IOC-niň geňeşçisi, geografiýa ylymlarynyň doktory Ýuriý Olýuniniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bäşinji gezek geçirilýän okuwyň maksatnamasynda ykdysadyýet, ekologiýa, halkara hukugy diýen üç esasy meseläni görkezip bolar. Diňleýjiler adamzadyň umumy mirasy bolan dünýä ummanynyň Konsepsiýasy, BMG-niň Deňiz hukugy baradaky Konsepsiýasy, Halkara ummanlar institutynyň hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasynyň işleri bilen tanyşdylar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna aýratyn üns berildi.

Hazarýaka döwletleri dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, häzir olary milli meýilnamalara we maksatnamalara laýyk getirmegiň üstünde işjeň iş alyp barýarlar.

Mundan başga-da, deňiz ekoulgamlary, howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri, deňziň bioköpdürliligi, adamyň hojalyk işleriniň daşky gurşawa täsir edişine, deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişine baha bermegiň häzirki zaman usullary öwrenildi. Hazar deňziniň gurşawyny hem-de balyk gorlaryny goramak maksady bilen, nebit we gaz serişdeleri gözlenilende we ulanylanda, gämi gatnawlary düzgünleşdirilende peýdalanylýan halkara hukuk kadalaryna syn berildi.

Okuwlaryň her tapgyry amaly dersler bilen tamamlandy. Onuň barşynda diňleýjiler alan maglumatlaryny özleşdiriş derejesini, öz bilimlerini, öňde goýan wezipäni çözmekde öz garaýyşlaryny görkezmeli boldular. Amaly dersleriň biri köptaraplaýyn diplomatiýa bagyşlanyldy, gepleşikleri netijeli alyp barmagyň ugurlarynyň üstünde işlenildi. Beýleki bir dersiň barşynda halkara guramalaryndan, mysal üçin, Ählumumy ekologiýa gaznasyndan maliýeleşdirilmegini gazanmak üçin suw serişdeleri bilen baglanyşykly işewürlik taslamasyny düzmeli boldy.

Mälim bolşy ýaly, innowasion, energiýa tygşytlaýjy hem-de önümçiligiň ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryna daýanyp, “ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegi adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar, munuň özi bütin adamzadyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän umumydünýä derejesindäki ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, diňleýjiler deňiz serişdelerini hem-de kenarýaka zolaklaryny toplumlaýyn dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanyp, ýakyn 5-20 ýyl üçin Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň birnäçe möhüm ugurlaryny strategik taýdan meýilleşdirmek boýunça görnüşlerini düzmegiň nazaryýeti babatda türgenleşdiler.

Anyk aýdylanda, munuň özi nebiti we gazy gazyp almak senagaty, balykçylyk, gämi gatnawy we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlaryň ösdürilmegine degişli boldy. Degişlilikde ekologiýa ýagdaýlary, dünýä ummany, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly halkara konwensiýalar göz öňünde tutulmaly boldy.

Sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran wajyp wezipeleriň hatarynda tebigatdan oýlanyşykly peýdalanylmagy, deňziň biologik köpdürliligini we arassalygyny, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň mesgen tutan däp bolan ýerlerini saklamak, biologiki serişdelerden peýdalanmak ýaly meseleler durdy. Şu babatda öz döwründe Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň, şeýle hem abraýly halkara hyzmatdaş guramalaryň—Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň tagallalaryny birleşdiren Hazar ekologiýa maksatnamasyny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Aýratyn maslahat Hazaryň türkmen bölegine we kenar ýakasyna bagyşlanyldy. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň düzümleri hem-de geljekki ösüşleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, tanyşlyk gezelençleri guraldy, olar şeýle hem Türkmenbaşy şäherine we Hazar döwlet goraghanasyna baryp gördüler. Täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygy bilen bir wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, amala aşyrylýan deňziň kiçeňräk aýlagynda emeli adany döretmegiň taslamasy uly gyzyklanma döretdi. Meýdany 170 gektar bolan bu ada gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň hem-de guşlaryň beýleki görnüşleriniň mesgen tutjak, höwürtgelejek we gyşlajak ýerine öwrüldi. Tanyşlyk gezelenjine çykanlar deňiz aýlagynyň giňişliginde şol guşlary synlap bildiler.

Okuw maslahatynyň ahyrynda diňleýjiler birnäçe barlag tanyşdyrylyşyny taýýarladylar. Olaryň biri “Ulag geçelgelerini ösdürmegiň, Hazar sebitinde nebit we gaz geçirijilerini gurmagyň geljegi” ýaly möhüm meselä bagyşlanyldy. Bellenilişi ýaly, ulag we energetika düzümleriniň ösdürilmegi goňşy döwletler bilen bilelikde halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudyr. Gazagystan, Türkmenistan, Eýran demir ýolunyň hem-de Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň işjeň öňe ilerleýän taslamasy munuň anyk mysallarydyr.

Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda hem deňiz ýakasynda häzirki zaman howa menzilleri bina edildi, ýakynda Amyderýanyň üstünden geçýän täze awtomobil we demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga tabşyryldy, ýurumyzda ýokary tizlikli awtoulag ýollary çekilýär. Türkmenbaşy şäherinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygyndaky örän kuwwatly logistika merkezi bolan Halkara deňiz menziliniň gurluşygy doly güýjünde barýar. Umuman, bu desgalaryň ählisi ugurlary, şol sanda Hazar sebitiniň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkalary bolmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden aýdan hem-de ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge, ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen baglangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Bu teklipleriň möhümdigi we zerurdygy aýdyňdyr, çünki ulag we energetika pudaklary dünýä hojalyk aragatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga we sazlamaga gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary bolup çykyş edýär, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun tutýar.

Ikinji tanyşdyrylyş hem BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibine” degişli boldy. Oňa ilkinji gezek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin örän möhüm bolan “Durnukly ösüşiň bähbitlerine ummanlaryň, deňizleriň hem-de deňiz serişdeleriniň goralyp saklanmagy we oýlanyşykly peýdalanylmagy” ýaly Maksat girizildi. Hazarýaka ýurtlarynyň bu Maksadyň ýetilmegine goşup biljek goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar şahadatnamalaryň gowşurulyş dabarasynda çykyş edip, “Hazar bilim maksatnamasynyň” uly amaly ähmiýeti barada aýtdylar. Hazarda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirildi. Barşynda sebiti durnukly ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýan her ýyl geçirilýän okuw maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi.

Bu ýere ýygnananlar iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kenarýaka ýurtlaryň döwlet düzümleriniň wekilleriniň gatnaşyk etmekleriniň täze görnüşlerini döretmek maksatlary bilen, şeýle çäreleri geçirmek işini dowam etmek babatda bir pikirlerini aýtdylar.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir