Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Aşgabatda Hazarýaka Döwletleriniň Ygtyýarly Wekillerini Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşýarlar
Aşgabatda Hazarýaka Döwletleriniň Ygtyýarly Wekillerini Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşýarlar
Aşgabatda Hazarýaka Döwletleriniň Ygtyýarly Wekillerini Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşýarlar

Aşgabatda Hazarýaka Döwletleriniň Ygtyýarly Wekillerini Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşýarlar

Türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi öz işine başlady.

Iki günlük mejlis Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Hazar sebiti ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda we ösüş guramasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet minitsrliginiň wekilleri we beýlekiler bar.

Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň taýýarlan Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň taslamasy özara bähbitli halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň IV sammitinde bu resminamany işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy we beýleki anyk teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň hem-de Hazar sebitiniň eýe bolan ägirt uly tebigy serişdeler, energetika, senagat, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň yzygiderli tarapdary hökmünde çykyş edýändigini bellemek gerek, bu sebit Ýewraziýanyň okgunly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biridir.

Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri eýýäm häzirki wagtda ägirt uly görkezijiler bilen ölçenilýär, emma köpugurly kuwwatlyklary hasaba almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy ynam bilen aýdyp bolar. Bularyň ählisi Hazar sebitiniň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň ýokarlandyrmagyna, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna doly goşulyşmagyna ýardam berýär.

Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda biziň ýurdumyz parahat söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, milli we umumy bähbitleri, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy hasaba almak esasynda syýasaty amala aşyrýar. Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda işjeň orny eýelemek bilen, parahatçylygy we durnuklylygy, Hazar sebitiniň döwletleriniň netijeli giň hyzmatdaşlygyny, köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklar bilen jebisleşen halklaryň arasyndaky dostluk we özara ynamy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar meseleleriniň dürli ugurlaryna, şol sanda Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmek meseleleri babatda anyk başlangyçlary hem munuň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça möhüm halkara resminamalary işlenip taýýarlanyldy, olaryň hatarynda Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyk we Hazar deňzinde Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk bar. Türkmen tarapy şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň gutarnykly işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berdi. Bu Ylalaşygy taýýarlamak işleri Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça Utgaşdyryjy komitete başlyklyk eden döwründe tamamlandy.

Häzirki wagtda hazarýaka döwletleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň we Hazar deňziniň howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirýän iki teswirnamanyň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu Ylalaşyklara 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň batutanlarynyň III Sammitinde gol çekildi. Işlenip taýýarlanylýan resminamalar goňşy ýurtlaryň ygtyýarly edaralarynyň biologiýa serişdeleriniň bikanun alynmagyna garşy göreş we deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmeginiň hukuk binýadyny döreder.

Bilermenleriň şu gezekki duşuşygynyň barşynda, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik esasda hereket edýän Hazar Ykdysady forumyny döretmek baradaky başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerledilmegine aýratyn üns berler, bu düzüm hazarýaka ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikler meýdançasy bolmak bilen, dunýä işewürleri, iri halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berer.

Ertir Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi öz işini dowam eder.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

Türkmenistanda Ählumumy Energetika Howpsuzlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC – 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir