Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hepdäniň Wakalary
Hepdäniň Wakalary
Hepdäniň Wakalary

Hepdäniň Wakalary

Hepdäniň wakalary: döwletimiziň we jemgyýetimiziň bitewüligi — üstünligiň baş şerti.

Ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyklaryň biri bolan halkara-hukuk derejesini alamatlandyrýan Bitaraplygyň 21 ýyllygynyň giňden we dabaraly bellenilmegi geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Şanly baýramçylyk mynasybetli ähli ýerlerde dabaralar guraldy. Paýtagtymyz bolsa onuň merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Özüniň saýlap alan ösüş ýoluny BMG-niň ýurdumyza beren derejesini durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we milli, sebitara hem-de yklymara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletimiz halklaryň ýakynlaşmagyna, özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynlaşyp gelýän saýlawlary bolan möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme taýýarlyk işleri başlandy. Saýlawlar 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler. Şu günler ýaýbaňlandyrylan möhüm möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetini gadymy demokratik ýörelgeler esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň esasy bolan giň bäsdeşlik bolup durýar.

Demokratik partiýanyň 14-nji dekabrda geçirilen maslahatynda ýokary döwlet wezipesine Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hödürlemek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew, Agrar partiýasyndan Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow görkezildi.

Häzirki döwürde jemgyýetimiziň öňünde garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urmagyndaky möhüm şerti döretmäge ukyply syýasy erki bolan, dünýädäki ýagdaýa çuňňur düşünýän, türkmen halkynyň bähbitlerine laýyk gelýän çözgüdi kabul etmegi başarýan şahsyýeti döwlet Baştutanynyň wezipesine hödürlemek ýaly möhüm wezipe durýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Torhilda Meri Wiwia Ebbott-Uattdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, innowasion tehnologiýa we ynsanperwerlik ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalary tassyklandy. Nebitgaz pudagyndaky, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Köpýyllyk netijeli gatnaşyklary we ony ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri belläp, diplomat şeýle gatnaşyklaryň iki ýurduň islegleri, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ösdürilýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesindäki jenap Kristian Bergerden we Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Edrian Makdeýdan ynanç hatlary kabul edildi.

Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiň nobatdaky mejlisinde özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň geljekki ugurlary, mümkinçilikleri, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim ugurlary ýaly möhüm pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki wajyp taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem ABŞ-nyň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde “Jeneral Elektrik”, “Keýs Nýu Holland”. “Jon Dir” we beýleki firmalar öz mümkinçilikleriň we tekliplerini hödürlediler. Duşuşygyň jemleri boýunça 2017-nji ýylda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň hereketler meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 16-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň möçberini we eksportyny, himiýa senagatynyň senagat kuwwatyny artdyrmak, demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda Türkmenistanyň neşir önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly meseleler mejlisiň gün tertibine girizildi.

2017-nji ýylda alymlyk derejesini almak üçin aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul etmek üçin dalaşgärleriň sanyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi. Ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagynda duran bazarlaryň birnäçesini Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň hususylaşdyrmagynyň, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň, täze- 2017-nji ýyly garşylamak boýunça baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz birnäçe Kararlara, şol sanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasynyň çäginde ýodlaşdyrylan azyk duzunyň we tehniki duzuň önümçiligi boýunça önümhananyň gurluşygy, Oba we suw hojalyk ministrligi üçin täze tehnikalary satyn almak baradaky resminamalara gol çekdi.

Milli telewideniýäniň işine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Döwlet komitetiniň düzüminde aragatnaşyk gullugyny döretmegiň ýa-da Aragatnaşyk ministrliginiň degişli işi alyp barmagy hakynda şertnama baglaşmagyň möhümdigini belledi.

Paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli şäherlerini we obalaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi, öňdebaryjy tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belleýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň ähli sebitlerinde senagat, ulag-aragatnaşyk , medeni durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagy, döwrebap düzümi bolan şäherleriň we obalaryň kemala gelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen hepdede ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda birbada 3 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Täze desga döwlet Baştutanymyzyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky Parahat-7 kiçi etrapçasynda “Berk teker” we “Ak tab” hususy kärhanalaryň bina etmeginde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi aşgabatly maşgalalaryň 300-den gowragy üçin baýramçylyk sowgady boldy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” awiakärhanasynyň “Boeing-737-800” täze uçary Aşgabat—Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy uçuşyny ýerine ýetirdi. Ikitaraplaýyn türkmen-rus ylalaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen yzygiderli howa gatnawynyň ýola goýulmagy dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsiniň döredilmegine, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Özüniň 25 ýyllygyny bellän Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň milli demokratik ýörelgelerine, halkymyzyň durmuşy we ruhy- ahlak garaýşyna esaslanýan, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän döwrebap hereketleriň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu şanly waka mynasybetli geçirilen maslahatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň geljekki işiniň umumy strategiýasy kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň Demokratik partiýanyň agzalaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, halkymyzyň agzybirligi we bitewiligi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň berkligi biziň gazanýan üstünliklerimiziň we ýeten derejelerimiziň çeşmesi bolup durýar.

Geljek üçin meýilnamalara degip geçmek bilen, maslahata gatnaşyjylar ýaşlary watansöýüjilik we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, ýaş nesilleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählumumy özgertmeler maksatnamasyna işjeň gatnaşmaga giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ornuny nygtadylar.

Geçen hepdede ýurdumyzyň medeni durmuşynda baý wakalar boldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda her ýylda geçirilýän däp bolan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler tapgyryny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Filipp Kirkorow açdy. Ýyldyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän konsertler tapgyryna türkmen estradaçylary hem gatnaşdylar. Ol Türkiýäniň belli aýdymçysy we kineaktýory Mustafa Sandalyň, Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary bilen dowam etdi. Russiýanyň belli estrada aýdymçysy Ýolka özüniň sungaty bilen türkmenistanlylara hezil berdi.

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda milli ösüşiň örän giň gerimleri bilen dünýäde bellidir. Ösüşler parahatçylygyň we rowaçlygyň beýik maksatlarynyň bähbidine ýola goýulýan netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli giňeldilmegi bilen utgaşýar. Döwletimiziň sport ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi bu ugruň ýokary görkezijilerini alamatlandyrýar.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungaty toplumynda 8-12-nji dekabr aralygynda jiu-jitsu boýunça geçirilen Aziýa çempionaty 2016-njy ýylyň halkara synag ýaryşlarynyň jemini jemledi. Ol Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň ýokary hilini tassyk etdi. Mundan başga-da, bu bäsleşik türkmen türgenleri üçin Aziada—2017-ä taýýarlygyň möhüm tapgyryny emele getirdi we milli ýygyndynyň deslapky düzümini kesgitlemäge mümkinçilik döretdi.

Geçirilen ýaryşlarda umumy toparlaýyn hasapda ýeňiji bolanlary we baýrak eýelerini hormatlamak dabarasy ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirildi. Türgenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde futzal, söweş sungaty boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty ýurdumyzyň milli ýygyndy düzümine seretmäge mümkinçilik berdi. Şonda futzal boýunça Aşgabadyň çempiony, Jemagat hojalygy ministrliginiň “Bagtyýarlyk” toparyndan 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahal” topary ilkinji gezek çempion diýen derejä mynasyp boldy.

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemi jemlendi. 2016-njy ýylyň ýeňijilerini kesgitlän soňky bäşinji tapgyrda Saglyk ýolunyň gündogar böleginde, paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan “Türkmenistan” Tederadio merkezine çenli ylgaw geçirildi. Onuň umumy uzynlygy 18 kilometr bolup, ýaryşyň başlanýan ýerinden pellehana çenli 1320 metr belentligi geçmeli boldy. Şonda möwsümiň barşynda ýokary netijeleri gazanan aşgabatlylar hormat münberine çykdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň barşynda durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen birlikde, giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde Watanymyzyň keşbi hemmetaraplaýyn özgerýär. Türkmenistanyň ösüşi, halkymyzyň rahat, abadan durmuşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oýlanyşykly we pähimli syýasatyň netijesinde hasyl boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen ýagty geljege barýan Watanymyzyň barha artýan halkara abraýyna, şaýat bolmak her bir türkmenistanly üçin egsilmez bagtdyr.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir