Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri
Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri
Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri

Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri

Hökümet edaralarynyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar
„Tegelek stoluň“ mejlisine Mejlisiň deputatlary, adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýasynyň iş toparynyň agzalary, Türkmenistanda ýerleşýän BMG-nyň edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. „Tegelek stol“ Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň we raýatlyk jemgyýetleriniň netijeli hyzmatdaşlygynyň başyny tutdy.

2016-2020-nji ýyllara Türkmenistanda Adam hukuklary babatda hereketiň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guran çäresi 2030-njy ýyla çenli döwürde Ähliumumy gün tertibinde bellenilen maksatlara ýetmekde raýat jemgyýetiniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Adam hukuklaryny üpjün etmäge we goramaga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan jemgyýetçilik birleşikleriniň mümkinçiliklerini ösdürmäge we berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

„Tegelek stoluň“ işi belli bir meselä bagyşlanan mejlis görnüşinde guraldy, olaryň barşynda jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň hukuk çäkleri, sosial we ykdysady ösüşiň faktory hökmünde raýatlyk jemgyýetiň eýeleýän orny we mümkinçiligi, milli jemgyýetçilik birleşikleriniň mümkinçiliklerini ösdürmekde BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň tejribesi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

„Ýeňme“, „Maşgala“, „Ynanç Wepa“, „Agama“, „Keýik Okara“ jemgyýetçilik birleşikleriniň, Maýyplary goldamak merkeziniň, Aýallar birleşmesiniň we beýleki guramalaryň wekilleri Durnukly ösüş maksatlary jähtde ilaty sosial taýdan goldamaga gönükdirilen alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdiler. Öz gezeginde hökümet edaralarynyň wekilleri raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy iňjeýleşdirmegi niýet edinýändiklerini aýtdylar.

„Tegelek stoluň“ işiniň jemini jemläp, oňa gatnaşanlar geçirilen söhbetdeşligiň netijeli bolanlygyny nygtadylar, ony yzygiderli geçirmeldigini bellediler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir