Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet saparynyň barşynda Dohoda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra kataryň Emiri bilen Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Al Şakab” belli atçylyk-sport toplumynyň işiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutany dünýä belli atçylyk sport toplumy bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimize ýörite ýataklary bolan athanalary, dürli ölçegdäki manežleri, konkur we atlary gezdirmek üçin açyk meýdançalar, tomaşa münberleri, ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen bölümleri, atlara ýokary derejeli ideg edilýän otaglary bolan atçylyk-sport toplumynyň düzümine girýän her bir desganyň gurluşy we ähmiýetli aýratynlyklaryny synlady.

Şeýle hem bedewlere aýratyn gadyr goýýan we tejribeli çapyksuwar döwlet Baştutanymyz katar hünärmenleriniň atlary taýýarlamak hem-de seýislemek bilen baglanyşykly usullary we ýörelgeleri bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan tohumçylyk-seçgi işleri we at çapmagyň syrlarynyň öwredilişi bilen gyzyklandy.

Ýapyk manežde milli Liderimize has saýlama bedewler görkezildi. Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş türkmen halkynyň adyndan Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň Türkmenistana sapary mahalynda katar halkyna sowgat beren ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykaryldy.

Meledag atly ajaýyp bedew buýsançly başyny dik tutup, meýdança çykdy. Ol özüne berlen tälimleri birkemsiz ýerine ýetirip, ýerleý uçýan guş mysaly çeýeligini görkezdi.

Ahalteke bedewiniň yzysüre meýdança ýagty reňki bolan arap atlary çykaryldy. Arap atlary hem gözelligini, bedewlere mahsus birsyhly ýörişini görkezdiler. Bu ýerde ajaýyp atlaryň görkeziliş çäresiniň ahyrynda meýdança Aziýa atly dor bedew çykaryldy. Bu bedew 2006-njy ýylda Doha şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu bedewde 50 müň tomaşaçy orunlyk “Halifa” stadionyna oýunlaryň alawy getirildi.

Soňra arap bedewleriniň gatnaşmagynda konkur boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan bedewler görkezildi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir