Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky Karbamid Zawodynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurulýan kärhananyň esasy bölümlerini gözden geçirdi, taslamanyň buýrujysynyň we potratçysynyň wekilleri bilen duşuşdy, desganyň maliýeleşdirilişi, enjamlary getirmegiň hem-de gurluşyk işleriniň möhletleriniň berjaý edilişi, geljekde karbamid dökünlerini eksporta ibermek meseleleri bilen gyzyklandy.

Eýýäm häzirki wagtda öňdabaryjy kompaniýalar täze kärhanalarda öndüriljek karbamid dökünlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Garabogazdaky zawodda öndüriljek karbamid dökünlerini Türkmenbaşy şäheriniň döwrebaplaşdyrylýan deňiz portunyň üsti bilen dünýäniň köp ýurtlaryny ibermek üçin oňyn mümkinçiligiň açylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem kärhananyň guluşykçylary we hünärmenleri bilen duşuşdy.

Ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygyna 2014-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Onuň gurluşygyny 2018-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak bellenildi. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň barşynda bu taslamany durmuşa geçirmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

“Mitsubishi Corporation” we “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon krmpaniýalary kärhananyň önümçilik bölümlerini iň täze tehnika bilen üpjün edýärler, “Gap Inşaat” kompaniýasy bolsa esasy inženerçilik hyzmatlary bilen bir hatarda gurluşyk işlerini, zerur materiallary getirmek, gurnamak hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýarlar.

Zawod toplumyny gurmak üçin 60 gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ammiak, karbamid bölümleri, suwuk ammiak we karbamid ammarlary, suw arassalaýjy enjam, gazturbinaly elektrogenerator, deňiz suwuny akdyrýan ulgam, önümleri gaplamak we ýüklemek boýunça bölüm we beýlekiler ýerleşdiriler.

Eýýäm häzirki wagtda gazhimiýa toplumynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş inženerleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan hünärmenler, şeýle hem bu ýerde täze önümçiligiň özleşdirilmeginde ýokary derejeli işgärler, häzirkizaman bilimlerini hem-de başarnyklary ele alan işçiler bar. Kärhanada 900-e golaý täze iş orunlary dörediler. Taslam boýunça durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini, şol sanda 3 müň 500 amada niýetlenen ýaşaýyş toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Geljekde bu ýerde ähli drmuş düzümleri, mekdep, çagalar bagy we beýlekiler bolan tutuş şäherjik emele geler.

Kärhana üçin tebigy gaz başlangyç çig mal bolar, Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu bolsa azot dök2ünleriniň,hususan-da karbamidiň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklaryň gurulmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Zawodyň taslamasy düzülende ekologiýa abadançylygynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi.

Örän baý çig mal serişdelerine eýe bolmagy Türkmenistanyň iň iri ýod, brom hem-de beýleki himiýa önümleriniň köp görnüşlerini öndüriji döwletleriň hatarynda orun almaga, içerki sarp edijiler hem-de eksport üçin zerur möçberlerde mineral dökünleriň ähli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn geljekde pudagyň ýene bir iri desgasy – kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlykdaky dag – magdan baýlaşdyryjy kombinaty ulanmaga berler.
*****

Döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärlerden milli synçylar bellige alyndy

14.01.2017 Prezident saýlawlary-2017

Möhüm jemgyýetçilik – syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärlerden milli synçylar hasaba alyndy, olar saýlawyň geçişine syny amala aşyrarlar.

Saýlaw toparlarynda olara şahadatnamalar gowşuryldy. Häzirki wagta çenli ýurt boýunça synçylaryň 3223-si hasaba alynydy.

Olaryň 610-sy ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, 336-sy Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 407-si Agrar partiýanyň, 687-si Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 279-sy Zenanlar birleşiginiň, 509-sy Ýaşlar guramasynyň, 321-si raýatlaryň teklipçi toparlarynyň, 74-si bolsa Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň wekilleridir.

Synçylar üçin okuw sapaklary geçiriler. Okuwlar synçylara milli saýlaw kanunçylygynda, has takygy, täze Saýlaw kodeksinde bar bolan üýtgetmeler, özleriniň wezipe-borçlary we öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçlik berer.

Umumy kabul edilen halkara tejribesine laýyklykda, synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň açylýan pursatlaryna, ses bermegiň öňüsyrasynda saýlaw uçastoklarynda bolup, onuň barşyna, sesleriň sanalyşyna, şeýle hem saýlaw uçastoklary boýunça netijeleriň kesgitlenmegine hem-de umumy netijeleriň jemlenmegine gatnaşyp bilýärler.

Mundan başga-da, olar saýlaw möwsüminiň guramaçylyk derejesine, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň erkinliginiň, saýlaw işleriniň demokratik esasda alnyp barlyşyna baha bererler.

Meňzeş Täzelikler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir