Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Eseriniň Tanyşdyryş Dabarasy Geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Eseriniň Tanyşdyryş Dabarasy Geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Eseriniň Tanyşdyryş Dabarasy Geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Eseriniň Tanyşdyryş Dabarasy Geçirildi

Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary harby okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de harby gullukçylaryna kitabyň nusgasyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, bu kitaby köp sanda neşir etmegi we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümine ýetirmegi tabşyrdy.

Tanyşdyryş dabarasynyň öň ýanynda Merkezi serkerdeler öýüniň eýwanynda kitap sergisi guraldy, onda döwlet Baştutanymyzyň ylmy işleri, ylmy-populýar neşirleri hem-de edebi işleri görkezildi. “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitap serginiň görnükli ýerinde goýuldy.

Milli Liderimiziň galamyndan çykan nobatdaky eserde Türkmenistanyň häzirki zaman Ýaragly Güýçleriniň alyp barýan işlerine ylmy taýdan harby-taryhy seljerme berilýär. Onda awtoryň milli ýörelgeler baradaky düýpli garaýyşlary, getirilen atalar sözlerinde, nakyllarda we pähimlerde bu ugra degişli halk pähimleriniň toplumy beýan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Watany goramaga degişli borçlar barada pikir ýöredip, eseriniň ilkinji bölümlerinde milli ruhy-taryhy tejribä ýüzlenýär. Bu tejribe türkmenleriň harby sungatynda hem-de watançylyk dünýägaraýşynyň kemala getirilmeginde beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz milli däp-dessurlarymyzyň çeşmelerini, oňa binýat bolup hyzmat eden beýleki şertleri giňden seljermek bilen, ene toprak bilen tebigy-genetika baglanyşygyň we toparlaýyn ruhuň esasy pursatlaryny belleýär. Şunda ata-babalarymyz beýleki halklar bilen aragatnaşykda ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly usullar bilen çözmäge çalşypdyrlar, muňa milletimiziň taryhynda mysallar az däldir, ýazuw çeşmelerinde we köpsanly halk rowaýatlarynda şeýle ýagdaýlar barada aýdylýar.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Watanymyzyň özygtyýarlylygyny alan pursatynda döredilen Milli Ýaragly Güýçlerimiziň ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri hem-de goranyş häsiýetli kuwwaty goşuna öwrülip, gahrymançylyklara beslenen harby ýörelgeleri esasynda döwlet berkararlygy bilen bilelikde ösendigini hem-de kämilleşendigini nygtadylar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabyndan baý anyk maglumatlary mysal hökmünde getirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çuňňur manysynyň neşirde çeper we düşnükli görnüşde açylyp görkezilýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler milli Liderimiziň Watan goragçylary barada edýän uly aladasyny belläp geçdiler—geçen çärýek asyryň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady hem-de söweşjeň ukyby ýokarlandy we harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär.

Milli Liderimiz Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň harby howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň döwletimiziň alyp barýan işiniň möhüm ugrudygyny ýazýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygyna duýdansyz geçirilen barlaglaryň olaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyna hem-de harby gullukçylaryň ussatlyk derejesine şaýatlyk edendigini buýsanç bilen belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň birnäçe bölümleri gaýduwsyz atly esgerlerimize bagyşlananýar. Harby gullukçylaryň çykyşlarynda türkmen atly ýigitleriniň şöhratly ahal-teke bedewlerine goýýan belent sarpasy nygtaldy. Awtoryň behişdi bedewlere – asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepadar hemrasyna bolan tolgundyryjy we belent sarpasyny äşgär açyp görkezýän adalgalar ünsi özüne özüne çekýär. Bu tolgundyryjy, ruhlandyryjy beýan ediş usuly ajaýyp bedewleriň täsin gözelligini beýan edýän dürli fotosuratlar arkaly has-da uly täsire eýe bolýar.

Täze neşir milli Liderimiziň täzeçil özgertmeler taglymlarynyň, alyp barýan syýasatynyň oňyn we ynsanperwer ugrunyň çuňlugyny äşgär edýär. Tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň syýasaty, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmek boýunça oňyn işleri netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Çykyş edenler kitabyň ägirt uly watançylyk hem-de täsirli terbiýeçilik ähmiýetini, onuň ýaş harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň syýasy aňýetini ösdürmek, işjeň raýatlyk ornuny pugtalandyrmak we söweşjeň ruhuny belende götermek işinde uly ornunyň boljakdygyny bellediler.

Neşir 13 bölümi hem-de taryhy resminamalaryň sanawyny öz içine alýar.

Kitap ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir, olar milli Liderimiziň baştutanlygynda harby işi guramak boýunça geçirilýän özgertmeleriň üstünlige beslenýändigi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň barha artýandygy, döwletimiziň, harby gullukçylarynyň mynasyp durmuşy, okamagy, zähmet çekmegi we ýaşamagy üçin iň gowy şertleri döredýändigi barada aýdyň düşünje berýär.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Seprkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň howpsuzlygynyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň goragynda gaýduwsyz we ygtybarly durup, hemişe howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Meňzeş Täzelikler

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

MasterCard we Visa Kartlary – Talyplar Üçin

Siziň oglyňyz ýa-da gyzyňyz daşary ýurtda okaýarmy? Siz olar barada binjalyk bolýarsyňyzmy? Siz olara pul …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir