Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Watan Goragçylary!
Hormatly Watan Goragçylary!
Hormatly Watan Goragçylary!

Hormatly Watan Goragçylary!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplara

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bu baýram döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň, çäksiz hormatynyň we olar hakda edýän aladasynyň nyşanydyr. Siziň harby borjuňyzy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we lebzihalallyk ýaly asylly häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Eziz Watanymyzyň wepaly ogullary!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň hem-de Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda biz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerine söweşjeň baýdaklary dabaraly ýagdaýda gowşurdyk. Baýdak — ýeňşiň buşlukçysydyr. Ony götermek we goramak belent wezipedir. Bu söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy bilen söweşjeň baýdaga mynasyp bolan harby bölümleriň abraýy, şöhraty hem-de Watanyň öňündäki mukaddes borjy beýgeldi. Ähli döwürlerde-de goşunyň buýsanjy hasaplanýan söweşjeň baýdaga tagzym edilýär. Onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy ýerine ýetirilýär.

Eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy goramakda, döwlet Garaşsyzlygymyzy berkitmekde, döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmekde gowşurylan söweşjeň baýdaklar siziň söweşjeň ruhuňyzy has-da belende göterer.

Mukaddes Watanymyzyň merdana harby gullukçylary!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby kuwwatynyň we gaýduwsyz Watan goragçylarynyň harby taýýarlygynyň gözden geçirilişine öwrülen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadam bilen geçip, siz döwlet Garaşsyzlygymyzy goramaga hemişe taýýardygyňyzy, türkmen goşunynyň harby ussatlygynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we harby sungatyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama we harby borja wepalylygyňyz hem-de ak ýürekliligiňiz bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.

Berkarar döwletimiziň edermen gerçekleri!

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady Türkmenistanyň milli bähbitleriniň we harby howpsuzlygynyň kepillendirilen goragyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanan täze Harby doktrinamyz dünýäniň hiç bir döwletiniň garşysyna gönükdirilen däldir. Harby doktrinamyzda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, goňşy döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, hiç bir döwletiň içerki işlerine gatyşmazlyk, meseleleri çözmekde güýç ulanmazlyk ýaly asylly ýörelgeleri, däpleri özboluşly beýan edilendir. Biziň döwlet syýasatymyz halkymyzyň erkanalygyny, bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Watan goragçylary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda kemala gelen harby däp-dessurlaryny we harby sungatyny dowam edip, kämilleşdirip, ýokary söweşjeň ukyba eýe bolan goranyş häsiýetli goşuna öwrüldi. Onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda milli harby hünärmenleriň täze nesli kemala geldi. Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyryldy.

Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge aýratyn üns berer.

Merdana Watan goragçylary!

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda siziň öňüňizde möhüm we jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, bu Oýunlaryň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir