Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hytaý-Türkmen Hyzmatdaşlygy
Hytaý-Türkmen Hyzmatdaşlygy
Hytaý-Türkmen Hyzmatdaşlygy

Hytaý-Türkmen Hyzmatdaşlygy

2009-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaý 160 milliard türkmen gazyny aldy we ony iň köp alýan ýurt boldy. Bu barada HHR-nyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda beýan etdi.

Ol uzynlygy 1800 kilometr bolan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dünýäde iri serhetüsti gaz geçirijisidigini ýatlady. Türkmenistan gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär, Hytaý bolsa energiýa serişdelerini iri sarp edijidir, diýip ilçi belledi.

«Häzirki wagtda kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kubmetr bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy guruldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda gaz geçirijisi ulanylmaga berlenden soň türkmen gazy Hytaýyň ýaşaýjylarynyň millionçalarsyna peýda getirdi» diýip Sun Weýdun belledi.

Hytaý diplomatynyň belleýşi ýaly, «gaz geçiriji ulgamlaryň ugurlary Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçýär. Pekiniň ilatynyň peýdalanýan gazynyň üçden birini Türkmenistan iberýär. Gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçirip gurmak göz öňünde tutulýar, onuň işe girizilmegi bilen tebigy gazyň eksportunyň möçberi artar».

Diplomatyň aýtmagyna görä, gaz babatda hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny strategiki, uzak möhletleýin, biri-biriniň üstüni ýetirýän we özara peýdaly, diňe bir iki ýurduň bähbitlerine däl, eýsem Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi geçirilýän ýurtlarda-da durnuklylygy üpjün edýän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlendirse bolar.

«Bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagy esasy maksada ýetmäge –energetika üçlüginiň — önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmäge mümkinçilik berer» diýip ilçi belledi.

Diplomatyň şeýle hem bellemegine görä, 25 ýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy ep-esli artdy. Eger ol 1992-nji ýylda ABŞ-nyň 4,5 million dollaryna barabar bolan bolsa, onda 2013-nji ýylda ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna deň boldy. Soňky 5 ýylda Hytaý Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr.

Halkara söwdasynyň haýallamagy, energiýa serişdeleri bazaryndaky dartgynlylyk we beýleki sebäplere görä, ikitaraplaýyn haryt dolanşygy soňky iki ýylda pul görnüşinde peselse-de, onuň möçberi öňküligine saklanyp galdy. Geçen ýylyň 11 aýynda haryt dolanşygy ABŞ-nyň 5,4 milliard dollaryna deň boldy.

Hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiligi bar. Taraplaryň ikisi-de ykdysadyýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Ýörite maksatnamasyny işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk onuň möhüm ugurlarynyň biri bolar. Taraplar şu ýyl birinji hytaý-türkmen ylmy-innowasion forumy geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar 21-nji Maýda Möhletinden Öň Çykyp Giden Deputatlaryň Ýerine Saýlawlary Geçirmäge Taýýarlanýar

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir