Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy
Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy
Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Jumanazar Annaýew Balkan Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Türkmenbaşyda Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet baştutany wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni- sport merkezinde boldy. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Ynanylan wekil J.Annaýewi oňat guramaçylyk ukyplary bolan, ak ýürekli we sowatly hünärmen, dalaşgärlige mynasyp adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan edip, D.Annaýew eger-de özüniň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegine aýratyn üns beriljekdigini belläp geçdi. Oba hojalygynda ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw hem-de ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, telekeçiligi we ilatyň zerur önümlere bolan islegini öz önümçiligimiziň hasabyna kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge niýetlenen beýleki ulgamlaýyn çäreleri goldamak ýaly ugurlara aýratyn üns berler.

Nebitgaz pudagynda täze geljegi uly känleri özleşdirmek üçin ep-esli maýa goýumlary zerur bolup durýar. Energiýa serişdelerini eksport etmek hem özüniň aýratyn ähmiýetini saklar. Derwaýys meseleleriň hatarynda dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ulag we aragatnaşygy, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek bar.

Duşuşygyň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Olar Balkan welaýatyny, nebit-himiýa senagatyny we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň anyk meýilnamalary bilen gyzyklandylar.

Meňzeş Täzelikler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirler. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir