Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Kataryň Işewür Toparlary Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwaty Bilen Tanyşýarlar
Kataryň Işewür Toparlary Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwaty Bilen Tanyşýarlar
Kataryň Işewür Toparlary Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwaty Bilen Tanyşýarlar

Kataryň Işewür Toparlary Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwaty Bilen Tanyşýarlar

Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.

Garamaga girizilen meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň dokma senagatynyň artýan ekport mümkinçilikleri baradaky mesele bar. Häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň düzümindäki kärhanalaryň 70-den gowragy öz önümlerini 30-dan gowrak ýurda – Ýewropa, ABŞ-a, Kanada, Russiýa, Türkiýä we beýlekilere iberýär. Pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýokary hilli önümleriň görnüşlerini, eksportuň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Himiýa senagatyny – milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ugruny ösdürmek babatda hem Türkmenistanyň uly meýilleri bar. Ýerli çig malyň esasynda tehniki ýod, brom we brom önümlerini, kaustik soda, hlor we hlor önümlerini çykarmak boýunça önümçilikleri döretmegiň iri taslamalary durmuşa geçiriler.Şu işleriň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý duzlarynyň känlerini we beýleki mineral çig mallary gaýtadan işlemek boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygy bar.

Gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek maksady bilen, bazalt süýüminden, sement zawodyndan, aýna we aýna önümlerini, keramiki kerpiçleri, sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça kärhanalardan kompozit serişdeleri öndürjek kärhanalary döretmek maksat edinilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda elektron senagatynyň ösdürilmegine, durmuş tehnikalarynyň, oba hojalyk enjamlarynyň önümçilikleriniň ýola goýulmagyna girişildi.

Oba hojalyk pudagynyň hem eksport mümkinçilikleri ýokarlanýar — Türkmenistan bugdaýy, gök, bakja we pagta önümlerini, ösümlik ýagyny we mal iýmini eksport edýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Derman senagaty ösdürilýär, Türkmenistanda öndürilýän derman serişdeleriniň we lukmançylyk ähmiýetli önümleriň onlarça görnüşiniň ekporty ýola goýuldy. Ýerli çig malyň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda derman önümçiligini giňeltmek, buýan kökünden we beýlekilerden derman serişdelerini eksport etmek boýunça taslamalar bar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir