Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Kataryň Paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny Geçirmegiň Konsepsiýasy Görkezildi
Kataryň Paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny Geçirmegiň Konsepsiýasy Görkezildi
Kataryň Paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny Geçirmegiň Konsepsiýasy Görkezildi

Kataryň Paýtagtynda Aşgabat Aziadasyny Geçirmegiň Konsepsiýasy Görkezildi

Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda möhüm bolup durýar diýlip, Dohada ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynda bellenildi.

Bu ýerde Oýunlary geçirmegiň konsepsiýasy görkezildi. Şol Oýunlar Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda iri çäre bolup,ol kontinental ýaryşlaryň çäklerinden çykar—oňa ilkinji gezek diňe Aziýa ýurtlaryndan däl-de, eýsem, Okeaniýa ýurtlaryndan toparlar gatnaşarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Ozalky Oýunlarda sportuň diňe 12 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilip, olara dünýäniň 43 ýurdundan türgenler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen maksatnamasyna türkmen milli göreşi hem-de atçylyk sportunyň meşhur görnüşi—konkur giren Aziada-2017-de dünýä döwletleriniň 62-sinden türgenler bäsleşerler.

Türkmen tarapynyň wekilleri bu ýere ýygnananlary türkmen paýtagtynda bina edilen we Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk iri Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşdyrdylar. Ähli ýaryşlar desgalaryň 30-a golaýynyň meýdançalarynda geçiriler.

Aziada gatnaşmak üçin Aşgabada gelmegine garaşylýan myhmanlaryň umumy sany türgenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini we beýlekileri goşmak bilen 8 müňden gowraga barabardyr.Oýunlara hyzmat etmäge 8 müňden gowrak meýletinçi gatnaşdyrylar.

Sport toplumynyň binýadynda eýýäm ýaryşlaryň birnäçesi, şol sanda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika we jiu-jitsu boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Garaşylyşy ýaly, aprel aýynda synag ýaryşlarynyň ýene-de üçüsi geçiriler, olaryň ikisi agyr atletika we boks boýunça Aziýa çempionatlary bolar.

Öz nobatynda türkmen wekiliýeti Katarda 2022-nji ýylda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görülişiniň barşy, stadionlaryň hem-de beýleki düzümleýin desgalaryň, şol sanda ulag desgalarynyň gurluşygy bilen tanyşdyryldy.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-ä ibermek, miras we taýýarlyk görmek baradaky Ýokary komitetiň taslamalar boýunça menejeri Muhammed Almulah V Aziýa oýunlary türkmen döwletine dünýäniň sport ulgamynda halkara derejeli uly möçberli sport ýaryşlaryny gurap bilýän ýurt hökmünde mynasyp orun tutmaga hem mümkinçilik berjekdigini belledi. Şu babatda Katar Döwletiniň Aziýada-2017-ni guramaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saýlawlara Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ozal çykyp gidenleriň ornuna Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlara gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir