Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Lebap Welaýaty: Senagat Merkezi, Ruhy Gymmatlyklaryň we Tebigatyň Merjen Ýadygärlikleriniň Jemlenen Ýeridir
Lebap Welaýaty: Senagat Merkezi, Ruhy Gymmatlyklaryň we Tebigatyň Merjen Ýadygärlikleriniň Jemlenen Ýeridir
Lebap Welaýaty: Senagat Merkezi, Ruhy Gymmatlyklaryň we Tebigatyň Merjen Ýadygärlikleriniň Jemlenen Ýeridir

Lebap Welaýaty: Senagat Merkezi, Ruhy Gymmatlyklaryň we Tebigatyň Merjen Ýadygärlikleriniň Jemlenen Ýeridir

Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan deňsiz-taýsyz atly ýörüş dowam edýär. Türkmen ýigitleri Türkmenistanyň gadymy topragynyň gündogar bölegi Lebap welaýatyna gadam basdylar.

Bu toprak dinozawrlaryň aýak yzlarynyň we birgeňsi daş gowaklaryň, ajaýyp jülgeleriň, şarlawuklaryň we göreni haýran edýän tebigy manzarlaryň saklanyp galan ülkesidir. Amyderýa-da bu ýeren akyp geçýär, hiç bir derýa şonuňky ýaly köp at berlen däldir. Gadymy arylar oňa Wahşu, araplar –Jeýhun (Däli derýä), rimliler- Oks, grekler –Araks diýipdirler. Käbirleri Amyderýanyň adyny Amu (Emin) sözi bilen baglanyşdyrýarlar, ol derýalar şasy many berýär.
Gadym zamanlarda bu taýy kerwen ýollarynyň geçýän ýeri bolupdyr, pajarlap ösen şäherleriň kerwensaraýlarydyr bazarlaryna çar ýandan täjirler gelip söwda edipdirler. Häzirki wagtda Lebap welaýaty iri senagat merkezine öwrüldi. Halkara ütaşyr geçýän ulag geçelgeleriniň ýolunda amatly ýerleşen Lebap Garaşsyz Bitarap Türkmenistany beýleki ýurtlar bilen baglanyşdyrýan logistik sepgitdir.

Lebap topragynda-da ýurdumyzyň beýleki ýerlerindäki ýaly gadymy galalardan, has irki kend-u-şäherlerden galan, keramatly kişileriň we ady rowaýata öwrülen şahslaryň ady bilen baglanşykly taryhy hem-de medeni ýadygärlikler kändir. Nusgawy şahyr, ynsanperwer we öz dogduk topragyny jandan söýen serkerde Seýitnazar Seýdi hem şu ülkede ýaşap geçipdir.
Alymlar Hazarek depä diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada hem iň bir üýtgeşik we özboluşly galalaryň biri diýýärler. Biziň eýýamymyzdan öňki I asyrda bina edilen bu kuwwatly gala diňe bir kiçeňräk harby bölümi ygtybarly goraman, eýsem gadym zamanlarda…oda çokunýan awestalylaryň ybadathanasy hem bolupdyr. Onuň üýtgeşik tegelek şekilli, jaýlarynyň içerki ýerleşdirilişi we arheologlaryň tapan bişen kerpiçden edilen ortasy özboluşly gün şekil halkaly zatlary-da muňa şaýatlyk edýär. Beýleki bir galanyň- Kelifiň belent diwarlary Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanşyklydyr, çünki ol öz goşuny bilen hut şu ýerden başbermez Oksdan-Jeýhundan aşypdyr. Derýanyň beýleki kenaryna geçmäge amatly ýerde düýbi tutulan Amul Orta asyrlarda Amyderýanyň orta akymyndaky iri şähere öwrülipdir. Horasandan gündogara–Mawerannahra we Hytaýa, demirgazyga–Horezme, günorta-Balha we Hindistana gidýän kerwen ýollary şonuň üstünden geipdir. Amyderýanyň keanarynda Amuldan Horezme barýanlar Daýa-hatyn kerwensaraýynda düşläpdirler.
Lebap welaýatynda Astana babanyň adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. Il arasynda:“Ol derýany ters akdyrypdyr, dünýeden gaýdan ýerinde bir gijede aramgäh bina bolupdyr“ –diýýärler. Bu kaşaň binagärlik ýadygärliginiň gadymy bölegi XII asyrda gurlup, XVII asyrda häzirki durkunda kemala gelipdir. Onuň gurluşygyna hut Mekkeden getirilen laý we suw ulanylypdyr. Rowaýata görä, olar Çarwelaýatyň (orta asyr Horasanyň bir welaýaty) hökümdary Hezret Nur oglunyň ( başga birinde Ubeýdanyň) buýrugy bilen getiripdirler. Onuň owadan gyzy Zübeýda toý tutandan kän wagt geçmänkä aradan çykypdyr, hasrata batan kakasy onuň üstüne aramgäh gurarman bolýar. Merwdendir Samarkantdan getiririlen iň ökde ussalar näçe jan edip işleselerem, taýyn bolan bina, näme üçindir, üç gezek ýykylypdyr. Ruhdan düşen Ubeýdanyň düýşüne giren Astana baba onuň suwydyr palçygy Mekkeden getirilse asyrlarboýy durar diýipdir. Ertesi ir säher bilen Ubeýda keramatly şähere kerwen ugradýar. Getirilen laýy bu ýeriniňki bilen garýarlar, suwy bolsa guýa dökýärler. Keramatly palçyk we suw garylyp gurlan aramgäh indi bäş asyr bäri seleňläp dur.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy Idris baba medresinde bilim alypdyr…

Türkmenistanyň bu gündogar sebitine ýylyň islendik paslynda gelseňem Amyderýa boýunyň gözel tebigaty özüne bendi edýär, eger işiň şowlasa goraghanalarda seýrek duşýan haýwanlardyr guşlary-da , ajaýyp ösümlikleri-de görüp bolýar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody we Naýybyň suwuklandyrylan gaz öndürýän toplumy Lebap welaýatyndaky iri senagat kärhanalarydyr. Tyrkmenistan–Hytaý transmilli gaz geçirijisi-de gözbaşyny şu ýerden alýar. Atamyrat-Ymamnazar-Akina Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi-de şu welaýatdan geçýär. „Ymamnazar“ gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak üçin iri terminal guruldy.
Lebap welaýatynda bina edilýän kaliý dökünlerini öndürýän Garlygyň dag-magdanlaryny baýlaşdyrýan kombinaty milli ykdysadyýetiň strategiki obýektidir. Ýurduň gündogar sebiti türkmen elektrik energiýasyny ozaly bilen Owganystana, geljekde Päkisyana we Täjigistana ibermek üçin kuwwatly binýatdyr. 2016-njy ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapda „Watan“ Döwlet elektrik bekedi işe girizildi.
Obalaryň, şäherçeleriň, şäher derejeli etraplaryň we etrap merkezleriniň sosial-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde 2008-2016 –njy ýylarda durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň 206-sy, şol sanda hassahanalaryň we saglyk öýleriniň 46-sy, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň 97-si, medeniýet öýleriniň 15-si, sport mekdepleriniň we binalarynyň 48-si, umumy meýdany 1 million 265 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Garabekewül etrabynyň Zelili geňeşliginde gurulýan Berkarar zaman oba-da lebaplylaryň guwanjyna öwrüldi.

Lebap welaýatynyň ykdysady kuwwatynyň güýçlendirilmegi Türkmenistanyň bu sebitini durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine çykarar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir