Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Maldarçylykda Işewürlik Taslamalarynyň Üstünlikli Durmuşa Geçirilmegi Bir Ýylyň Dowamynda Şöhlat Önümleriniň Ýurdumyza Getirilmegini 5,8 Esse Azaltmaga Mümkinçilik Berdi
Maldarçylykda Işewürlik Taslamalarynyň Üstünlikli Durmuşa Geçirilmegi Bir Ýylyň Dowamynda Şöhlat Önümleriniň Ýurdumyza Getirilmegini 5,8 Esse Azaltmaga Mümkinçilik Berdi

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy 2016-njy ýylda şöhlat önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegini 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,8 esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ilatyň ete, towuk etine, süýde, ýumurtgalara islegleri hususy haryt öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar, telekeçiler şeýle hem içerki bazary gök-miwe hem-de bakja önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýärler.

Geçen ýyl ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşardan getirilýän ýumurtgalaryň ornuny tutýan möçberde üpjün etmegi başardylar, 2015-nji ýylda daşardan 62 million sany ýumurtga getirilipdi.

2015-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna 37 sany maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi, olaryň käbirleri eýýäm ulanmaga tabşyryldy. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Mysal üçin, 1200 baş iri şahly maly idetmek üçin Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda “Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri desgany gurýarlar. Häzirki wagta çenli bu jemgyýetiň işgärleri tarapyndan ýazky iýmlik ekinleriň ekişine taýýarlyk görülýär.

Maldarçylyk toplumy sarp edijilere her ýyl 100 tonna süýt we 300 tonna et ibermäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçilikden ybarat bolar. Bu maksatlar üçin döwlet tarapyndan hususy kärhana uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 600 gektar ýer bölünip berildi, bu meýdanyň 17 gektaryny toplumyň binasy hem-de kömekçi tehniki desgalar eýelär, galan ýer bölegi ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin tapgyrlaýyn özleşdiriler.

Ruhubelent etrabynda başga bir huusy kärhana tarapyndan ýene bir maldarçylyk toplumy bina edilýär, ol ýylda 100 tonna süýt we 80 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Şeýle desgalar şu ýylyň dowamynda welaýatyň başga-da birnäçe etraplarynda bina ediler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň Deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň Hem-de Geňeşleriň Çykyp Giden Agzalarynyň Ýerine Saýlawlar Geçirildi

Ýurdumyzda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalarynyň, …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir